Garagum sährasy – gymmatlyklar hazynasy

9 Aprel 2024
1026

Ümmülmez Garagum sährasy diňe bir ösümlik hem-de haýwanat dünýäsine baý bolman, eýsem, taryhy-arheologiýa ýadygärliklere, syýahatçylyk ýerlere hem baýdyr. Aýratyn hem, «Bereketli Garagum» döwlet tebigy goraghanasy tutýan meýdany, tebigy gözelligi, şeýle hem syýahatçylar, zyýaratçylar üçin zyýarat edilýän ýerleriniň köpdügi bilen tapawutlanýar. Biz hem şolaryň käbiri bilen okyjylarymyzy tanyşdyrmagy müwessa bildik.

Minara galasy — Merkezi Garagumda Minara çäkli goraghanasynyň çäginde, Minara guýusynyň ýanynda ýerleşýär. Antik döwründen galan bu arheologiýa ýadygärligi dörtburç görnüşde bolup, diwarlarynyň ölçegi her tarapdan 40 metre ýetýär. Minaranyň derwezesi hem-de gala girelgesi günorta tarapynda ýerleşýär. Onuň demirgazyk-günbatar burçunda taraplary 11x11 metr bolan, goranmak üçin niýetlenen kiçi gala hem gurlupdyr. Galanyň ortasynda diametri 4,5 metr we beýikligi 7 metr bolan diň bar. Gala adyny minarasyndan alypdyr. Galanyň günorta tarapynda gonamçylyk ýerleşýär. Bu gala gadymy Gürgenjiň serhedinde goranyş desgasy bolup hyzmat edipdir. Х — ХII asyrlarda ony düýpli abatlap, kerwensaraýa öwrüpdirler. Giçki orta asyrlarda Hywa hanlary galany üýtgedipdirler.

Oguljeren NURYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň «Bereketli Garagum» döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy bölüminiň başlygy, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.