Gorgandepe, Öredepe, Ýolbarslydere...

9 Aprel 2024
1393

Taryhyň gatlarynda türkmen, türk, gök oguz, gyrgyz, gazak, özbek, tatar, alpan, azerbaýjan, garagalpak, uýgur, gumuk, garaçaý, bulgar, nogaý, tywa, kabardi, ýakut, hakas, altaý, başgyrt ýaly dünýäniň türki dilli halklary adamzat medeniýetiniň, siwilizasiýasynyň kemala gelmegine, ösmegine mynasyp goşantlaryny goşupdyrlar. Bu ugurdan iş alyp barýan alymlar türki dilli halklaryň gelip çykyşynyň oguz-türkmen kabylasyndan bolup, soňy bilen daşky täsirler esasynda gün-güzeranlary üçin aýratyn halka öwrülendigi hakynda ýazýarlar. Etnograf, edebiýatçy, arheolog alymlaryň belleýşi ýaly, biziň eýýamymyzdan ozalky dört müň ýyllyk taryhyň jümmüşinden gözbaş alýan, hersi özboluşly, ýeňil bolmadyk ýollary özbaşdak ýa-da egin-egne berip geçen bu halklar barada kän zatlar ýazyp, il-ulsa ýetirip bolardy... Emma biz häzirlikçe goňşy ýurtlaryň birinde kowçum bolup ýaşaýan arkadaşlarymyz hakynda bilenlerimizi okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Täjigistanyň Wagyş derýasynyň sag kenarynda, gadymy Etbaş obasynyň günbatarynda Türkmen atly polkunyň harby mekdebi hökmünde döwrüniň ýaşlaryna harby tälim beren mekany Gyzylgala ýerleşýär. Atly polkuň serkerdesi, asly daşoguzly türkmen Mährem Sapaýewiň başa-baş göreş, nyşana çenäp ok atmak we beýleki söweş tilsimleri boýunça diýseň ussat harby ýolbaşçy bolandygy hakynda maglumatlar bar. Şol döwürde Pelwerdiň Mergenli obasynyň kethudasy bolan Nazar aksakgalyň üçünji ogly Ýoldaş Nazarow hem Gyzylgalada terbiýelenenleriň biri bolup, tä 1948-nji ýylda serhet gullugynyň polkownigi harby çini bilen hormatly dynç alşa çykýança asudalygyň goragynda gulluk edýär. Ol hormatly dynç alşa çykansoň hem gol gowşuryp oturman, Dusty (ozalky Ýylyköl) etrabynyň «Lebap» daýhan birleşiginiň başlygy wezipesinde işläp, ömrüniň soňky günlerine çenli halka hyzmat edýär.

Abdylhalyk JUMADOW,
«Türkmenistanyň senagaty» žurnalynyň redaktory.