Meş­hur päl­wan

29 Mart 2024
1019

2017-nji ýy­lyň 16-njy ap­re­lin­de Gök­de­pe et­ra­by­nyň Ahal ge­ňeş­li­gi­niň Til­ki oba­syn­da An­na­ne­pe­sow­la­ryň luk­man­lar ne­be­re­sin­den bo­lan Oraz­ne­pes aga­nyň kör­pe og­ly Dur­dy­ne­pe­siň dur­muş to­ýu­na gat­naş­mak mi­ýes­ser et­di. Toý da­ba­ra­sy­nyň do­wam edip du­ran pur­sa­dy uly gö­reş tu­tul­jak­dy­gy ha­bar be­ril­di. Mä­re­ke ýu­waş-ýu­waş­dan şol ýe­re ta­rap süýş­di. Gö­reş meý­dan­ça­sy­na çä­ge en­di­gan dü­şe­lip, onuň gap böw­rün­de toý eýe­si­niň päl­wan­la­ra ni­ýet­län mal­la­ryn­dan baş­ga-da, beý­le­ki baý­rak­lar mün­ber bo­lup dur­dy. Tiz wagt­dan tut­lu­şyk­la­ra emin­lik et­mek we­zi­pe­si­ni alyp bar­jak öz döw­rü­niň meş­hur päl­wan­la­ry­ny yg­lan edip baş­la­dy­lar. Il­ki öz gö­reş sun­ga­ty bi­len uly yz go­ýan Mu­ham­met­ber­di te­le­ke päl­wa­nyň ady ag­za­lyp, ol toý tut­lu­şyk­la­ry­nyň baş emi­ni bol­dy. Me­niň ony il­kin­ji ge­zek gör­şüm­di. Mu­ňa ga­ra­maz­dan, ony syn­la­nyň­da uzyn boý­ly, bug­daý reňk ýa­şu­ly­nyň ýaş­lyk döw­rün­de päl­wan­çy­lyk bi­len meş­gul­la­nan­dy­gy­ny aň­mak bol­ýar­dy.

...1956-njy ýy­lyň 25-nji de­kab­ryn­da Gök­de­pe et­ra­by­nyň Ta­gan Baý­ram­dur­dy­ýew ge­ňeş­li­gi­niň çä­gin­dä­ki, Bal­kan päl­wa­nyň, Eş­şek päl­wa­nyň, Gel­di Po­şo päl­wa­nyň we beý­le­ki­le­riň dog­duk oba­sy bo­lan ga­dy­my Gök­de­pe oba­syn­da bü­tin öm­rü­ni ha­lal­ly­ga bes­le­nen ço­pan­çy­lyk kä­ri­ne ba­gyş­lan Aşyr­ly Kö­mek og­lu­nyň we öý ho­ja­lyk­çy Çäç Kö­me­ko­wa­nyň döw­let­li maş­ga­la­syn­da og­lan bä­be­jik dün­ýä in­ýär. Og­lan­jy­gyň gu­lak­la­ry­na azan-ka­mat aýt­dy­ryp, oňa Mu­ham­met­ber­di di­ýip at dak­ýar­lar.

Ça­ry­my­rat GA­RA­HA­NOW,
Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň weterany, polisiýanyň ätiýaçdaky podpolkownigi.