Döwrebap desgalar halkyň hyzmatynda

18 Mart 2024
1122

Milli ykdysadyýetiň düzüminde paýy barha artyp, daşary ýurtlardan getirilýän we eksporta niýetlenen önümleri öndürmekde, ilata ýokary derejeli hyzmatlary ýola goýmakda uly tejribe toplan işewür düzümleriň 29 müňden gowragyny özünde jemleýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy özboluşly baýramçylyk ruhuna beslendi.

17-nji martda paýtagtymyzyň Magtymguly şaýolunyň ugrunda dabaraly ýagdaýda açylan işewürlik merkezli we ýerasty awtoduralgaly «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezi ak mermerli Aşgabadyň häzirki zaman binagärlik toplumynyň üstüni ýetirýär. Umumy meýdany 4,7 gektara deň bolan çäkde ýerleşýän döwrebap toplum birnäçe köpugurly desgasy, merkezde ýerleşýän üç gatly binasy bilen bitewi binagärlik sazlaşygyny özünde jemleýär. 55 müň 377 inedördül metr meýdany bolan söwda-dynç alyş merkeziniň düzümine köp sanly desgalar, şol sanda harytlaryň we hyzmatlaryň dürli görnüşlerini hödürleýän supermarket girýär. Söwda merkeziniň köp sanly dükanlaryndaky haryt bolçulygyny synlap, soňky ýyllarda hususy telekeçiligiň önümçilik kuwwatlyklarynyň has-da ýokarlanandygyna, telekeçilik düzümleriniň döwrebap tehnologiýalar arkaly senagat taýdan ýokary derejelere ýetendigine göz ýetirmek bolýar. Dükanlardan başga-da, toplumyň düzüminde oýun meýdançalary, kinozallar, oýun awtomatly çagalar dynç alyş şäherjigi, restoran, kafe, toý mekany we beýlekiler bar.

«Watan».