Bildirişler

Resmi habarlar

Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, goranmak ukybyny berkitmäge, çäk bitewüligini goramaga, howpsuzlygy, jemgyýetçilik we hukuk tertibini, kanunylygy üpjün etmäge goşan uly şahsy goşantlary, gulluk borçlaryny göreldeli ýerine ýetirendigi, söweşjeň taýýarlykda ýokary görkezijileri gazanandygy üçin hem-de berkarar Watanymyza, merdana halkymyza köp ýyllaryň dowamynda birkemsiz gulluk edendiklerini, çeken halal we göreldeli zähmetini, döwletiň we jemgyýetiň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, döwlet, jemgyýetçilik işinde gazanan uly üstünliklerini nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň hem-de işgärleriniň bir topary Türkmenistanyň medallary bilen sylaglanyldy. * * *

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa Hormatly jenap Prezident!

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda uly zähmet üstünlikleri bilen garşylanýan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň içeri we daşary syýasatyny ösdürmekde alyp barýan döwletli işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, diplomatlar öz hatlarynda döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edýärler. Şeýle hem milli buýsanjymyzy artdyrýan döredijilik, watançylyk, ynsanperwerlik ýörelgeleri esasynda Türkmenistanyň bedew bady bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly gadam urýandygy bellenilýär. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda Watanymyzy kuwwatly döwlete öwürmäge gönükdirilen maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa Hormatly Prezident, gadyrly doganym!

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, Kosmos işi boýunça “Roskosmos” döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparlarynyň serkerdesi Oleg Kononenkonyň gutlagy

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy!

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

I.I.Kuzmine «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ady dakmak hakynda Türkmenistanyň giň möçberli milli maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge, ýurdumyzyň oba hojalygyny ulgamlaýyn hem-de ylmy esasda ösdürmäge, däne we galla ekinleriniň tohumçylygyny we seleksiýasyny önümçilige ornaşdyrmaga, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga, häzirki zaman usullaryny ulanmak arkaly bugdaýyň täze görnüşlerini döretmäge, ýetişdirmäge, synagdan geçirmäge we bol hasyl alynmagyny üpjün etmäge, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşan uly şahsy goşandyny, şeýle hem ýokary hünär ussatlygyny, uzak ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly we tutanýerli zähmetini nazara alyp, karar edýärin:

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

A.S.Nurmuhammedowa «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ady dakmak hakynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň we merdana halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlaryny, türkmen medeniýetiniň, sungatynyň häzirki belent derejelere ýetmeginde gazanan ajaýyp üstünliklerini, ata Watanymyzy, mähriban halkymyzy belentden wasp etmek bilen, milli medeniýetimizi, milli aýdym-saz, tans sungatymyzy milli ruhda ösdürmäge hem-de dünýä ýaýmaga goşan uly şahsy goşandyny, halypa-şägirtlik ýoluny mynasyp dowam etdirip, zehinli ýaşlarymyzy ýetişdirmekde bitiren giň gerimli işlerini, şeýle hem uzak ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly we döredijilikli zähmetini nazara alyp, karar edýärin:

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

S.Babaýewe «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ady dakmak hakynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň we merdana halkymyzyň öňünde köp ýyllaryň dowamynda bitiren aýratyn görnükli hyzmatlaryny, Gündogaryň beýik akyldary hem-de nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligini döredendigini, halypa-şägirtlik ýoluny mynasyp dowam etdirip, ýaş heýkeltaraşlary terbiýelemekde bitiren giň gerimli işlerini, şekillendiriş sungatynda özboluşly mekdebi kemala getirendigini, ýurdumyzyň heýkeltaraşlyk sungatyny ösdürmäge goşan uly şahsy goşandyny, şeýle hem uzak ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly we döredijilikli zähmetini nazara alyp, karar edýärin: