Bildirişler

Onuň Alyhezreti, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe

Hormatly Şawkat Miromonowiç! Gadyrly doganym!

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

«Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny hem-de Bitaraplygyny berkitmekde, daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmekde, syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki gatnaşyklaryny ösdürmekde, döwlet bähbitlerini goramakda, ýaş hünärmenleri taýýarlamakda gazanan uly üstünliklerini hem-de diplomatik gullukda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal, göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle-de Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli, karar edýärin:

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň diplomatik işgärlerine

Hormatly Türkmenistanyň diplomatik işgärleri! Sizi Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly şygary astynda geçýän 2024-nji ýylda Watanymyzyň halkara abraýyny we oňyn täsirini güýçlendirmek üçin döwletimiziň diplomatik gullugynyň işgärleriniň öňünde goýlan belent wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmek ugrunda yhlas bilen zähmet çekjekdigiňize ynanýaryn.

Türkmenistanyň Prezidenti Litwa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Litwa Respublikasynyň Prezidenti Gitanas Nauseda we ýurduň ähli halkyna Litwa döwletiniň dikeldilen güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Gitanas Nauseda tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Litwa Respublikasynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

N.O.Allanazarow hakynda «Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, karar edýärin:

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň Prezidenti Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Aleksandr Stubba Finlýandiýa Respublikasynyň Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu mümkinçilikden peýdalanyp, Finlýandiýa Respublikasynyň saýlanan Prezidenti Aleksandr Stubba berk jan saglyk, bagtyýarlyk we uly üstünlikleri, Finlýandiýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýa Respublikasynyň Prezidentini Döwlet güni bilen gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Serbiýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Wuçiçe we ýurduň ähli halkyna Serbiýa Respublikasynyň milli baýramy — Döwlet güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Aleksandr Wuçiçe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Serbiýa Respublikasynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.

Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Myrat Sapardurdyýewiç Arabowy “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy wezipesinden boşatmak hakynda “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň 2024-nji ýylyň 12-nji fewralynda çykaran 1-nji karary tassyklanyldy. * * *

Resmi habarlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjyndan binýat bolan Arkadag şäheri “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda gurlan, ýaşamak üçin iň döwrebap amatlyklar döredilen sebitde deňi-taýy bolmadyk şäherdir. Arkadag şäherini mundan beýläk-de kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak, hususan-da, emeli aň, geljegiň ykdysadyýeti, bilim, şäherleşme, saglygy goraýyş ulgamlarynda täzeçil çemeleşmeleri bu şähere ornaşdyrmak babatda özara tejribe alyşmak, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygyň meselelerini maslahatlaşmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýeti 2024-nji ýylyň 11 — 14-nji fewraly aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý we Abu-Dabi şäherlerinde gulluk iş saparynda bolar.