Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

3 Iýun 2024

102

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp sanly gutlag hatlary we telegrammalar gelip gowuşýar. Hatlarda ýurdumyzyň teklibi boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnama laýyklykda, her ýylyň 3-nji iýunynda bellenilýän Bütindünýä welosiped gününiň dostlugy we parahatçylygy, sportuň, ynsanperwerligiň beýik taglymlaryny, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini alamatlandyrýandygy nygtalýar. 3-nji iýun milli senenamamyza şanly baýram hökmünde girdi. Bu baýramçylyk mynasybetli geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we medeni çäreler Türkmenistanyň sagdynlygyň, ruhubelentligiň ýurdy hökmünde abraýyny has-da belende galdyrýar. Döwlet hem-de jemgyýetçilik işgärleri, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hormatly Prezidentimizi bu şanly baýram bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, ata Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan köpugurly işlerinde täze üstünlikleri arzuw edýärler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa mähirli gutlaglaryny iberdi.

Beýleki bildirişler