Bildirişler

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine ýurduň birnäçe welaýatlarynda bolup geçen giň gerimli suw joşgunlary netijesinde köp sanly adam pidalary, şikes ýetmeleri hem-de uly möçberli weýrançylyklar zerarly gynanç hatyny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalygynda alnyp barylýan özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň ýerden ýokary hasyl öndürmek ugrunda alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de «Welaýatlar boýunça 2020-nji ýylda güýzlük ýeralmany, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerini ekmek hem-de olaryň bol hasylyny öndürmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 29-njy maýynda çykaran 1772-nji Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine 14 müň tonna güýzlük ýeralmanyň tohumyny satyn almak barada Russiýa Federasiýasynyň «ВEЯ ИHBECT» jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. (TDH).

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy, Size berk jan saglyk, ruhubelentlik, egsilmez güýç-gaýrat, Türkmenistanyň halkynyň mundan beýläk-de okgunly durmuş-ykdysady ösüş ýoly bilen ynamly gitmegi baradaky arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Goý, täze batyrgaý taslamalaryň her biri ony durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleri açsyn, ýanyňyzda hemişe öňde goýlan maksatlara ýetmegiň bähbidine ýadawsyz zähmet çekmäge taýýar ygtybarly egindeşleriňiz bolsun!

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag we aragatnaşyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi babatda öňe süren başlangyçlaryny we anyk tekliplerini durmuşa geçirmek hem-de ondan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, ulag we aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Pudagara topar döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. (TDH).

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz! Sizi doglan günüňiz bilen gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadançylyk, geljekki başlangyçlaryňyzda ähli gowulyklary arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito hem-de Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abä Ýaponiýanyň günorta sebitinde bolup geçen giň gerimli suw joşguny we süýşgünler netijesinde köp sanly adam pidalary, şikes ýetmeleri hem-de uly möçberli weýrançylyklar zerarly gynanç hatlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz halkyň, Hökümetiň, şeýle hem öz adyndan şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny, «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek, ilatyň saglygyny berkitmek we ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça geçirilýän işleri has-da güýçlendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Baş dermanhana birleşigine wirusa garşy derman serişdeleriniň zerur bolan möçberini satyn almak barada Russiýa Federasiýasynyň derman serişdelerini öndüriji kärhanalary bilen şertnamalary bellenen tertipde baglaşmaga ygtyýar berildi. (TDH).

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Toýly Alladurdyýewiç Ataýewi Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmaly. Türkmenistanyň PrezidentiGurbanguly Berdimuhamedow.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Röwşen Orazmyradowiç Işanow Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi. (TDH).

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy ibermek meniň üçin uly şatlyk we mertebe bolup durýar. Siziň Alyhezretiňize dostluk, hormat goýmak, şeýle hem berk jan saglyk, bagt we uly üstünlik baradaky arzuwlarymy kabul ediň!