Bildirişler

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky lotda görkezilen harytlary satyn almak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär

Lot № 40 — Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine lukmançylyk maksatly sarp ediş serişdelerini satyn almak. Bäsleşik boýunça teklipler şu habaryň çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) günüň dowamynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň binasynda kabul edilýär.

Harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça bäsleşik

1. LOT № 487. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetine okuw otaglary üçin dürli mebelleri satyn almak.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky lotda görkezilen harytlary satyn almak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär

Lot №39 — Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Stomatologiýa okuw-önümçilik merkezine derman serişdelerini, lukmançylyk enjamlaryny we sarp ediş serişdelerini satyn almak. Bäsleşik boýunça teklipler şu habaryň çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) günüň dowamynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň binasynda kabul edilýär.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky dokma toplumy boýunça ozal yglan edilen halkara bäsleşigiň möhletini uzaldýar

Bäsleşige gatnaşmak üçin bellenen tertipde tilsimat enjamlaryny getirip gurnamakda tejribesi bolan ýerli we daşary ýurt kompaniýalary çagyrylýar. Gatnaşmak isleýänler Aşgabat şäheriniň Garaşsyzlyk şaýoly, 96-njy jaý salgysyna bäsleşige gatnaşmak üçin gatnaşyjynyň doly adyny, onuň hukuk derejesini, hasaba alnan ýurduny we rekwizitlerini görkezmek bilen, bäsleşik resminamalaryny almaly.

Türkmenistanyň Döwlet ösüş banky 2024-nji ýylyň maliýe netijeleri boýunça halkara standartlara laýyklykda düzülen maliýe hasabatynyň daşarky auditor barlagyny geçirmek boýunça halkara bäsleşik yglan edýär

Degişli ygtyýarnamasy bolan, eýeçiligiň dürli görnüşindäki kärhanalar we guramalar, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalary bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar. Isleg bildirýänler bäsleşik tekliplerini şu habaryň çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda aşakdaky salga iberip bilerler: Aşgabat şäheriniň A.Nyýazow şaýolunyň 143-nji jaýy.

Harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça bäsleşik

1. LOT № 488. Ahal, Daşoguz, Lebap welaýatlarynyň ýollary üçin ýol belgilerini satyn almak.

Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky 2024-nji ýylyň maliýe netijeleri boýunça maliýe hasabatlarynyň halkara derejesine laýyklykda, daşarky auditor barlagyny geçirmek maksady bilen, halkara bäsleşik yglan edýär

Degişli ygtyýarnamasy bolan, eýeçiligiň dürli görnüşindäki kärhanalar we guramalar, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalary bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar. Isleg bildirýänler bäsleşik tekliplerini şu bildirişiň çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda aşakdaky salga iberip bilerler: Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň 79-njy jaýy.

Türkmenistanyň «Senagat» paýdarlar täjirçilik banky 2024-nji ýylyň maliýe netijeleri boýunça halkara standartlara laýyklykda düzülen maliýe hasabatynyň daşarky auditor barlagyny geçirmek boýunça halkara bäsleşik yglan edýär

Degişli ygtyýarnamasy bolan, eýeçiligiň dürli görnüşindäki kärhanalar we guramalar, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalary bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar. Isleg bildirýänler bäsleşik tekliplerini şu bildirişiň çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda aşakdaky salga iberip bilerler: Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň 129-njy jaýy.

Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik banky 2024-nji ýylyň maliýe netijeleri boýunça halkara standartlara laýyklykda düzülen maliýe hasabatynyň daşarky auditor barlagyny geçirmek boýunça halkara bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmaga degişli ygtyýarnamasy bolan, eýeçiligiň dürli görnüşindäki kärhanalar we guramalar, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalary çagyrylýar. Isleg bildirýänleriň bäsleşik teklipleri şu bildirişiň çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda aşakdaky salgy boýunça kabul edilýär: Aşgabat şäheriniň Magtymguly şaýolunyň 111/2-nji jaýy.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky lotlarda görkezilen harytlary satyn almak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär

Lot №1 — Halkara talaplara laýyk gelýän derman serişdelerini satyn almak. Lot №2 — Halkara talaplara laýyk gelýän lukmançylyk harytlaryny we reagentleri satyn almak.