Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana Birleşen Arap Emirlikleriniň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky köpugurly gatnaşyklaryň netijeliligi bilen tapawutlanýandygyny aýdyp, onuň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi.