Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi halkara bäsleşigi gaýtadan yglan edýär

17 Oktýabr 2024

55

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň buýurmagynda Aşgabat — Gökdepe demirgazyk sowma awtomobil ýolunyň 47-nji kilometrinde ýerleşýän sil-suw akabasynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsini, şeýle hem 47,5-nji kilometrinde ýerleşýän demir ýoluň üstünden geçýän awtomobil köprüleriniň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça halkara bäsleşigi gaýtadan yglan edýär

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Beýleki bildirişler