Germaniýa Federatiw Respublikasynyň raýatlaryny Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda
Magtymguly Pyragy Ýer ýüzüniň halklaryna belent ruhly, sagdyn ahlakly, çuň many-mazmunly ajaýyp şygyrlary miras galdyran akyldar şahyrdyr. Häzirki döwürde bütin adamzat türkmen halkynyň beýik oglunyň hatyrasyny belentde tutup, söz ussadynyň şygyrlaryndan egsilmez ylham, ruhy güýç-kuwwat alýar. Magtymguly Pyragynyň ynsanperwerligiň, watansöýüjiligiň, ruhubelentligiň we agzybirligiň mukamy bolup ýaňlanýan ajaýyp goşgulary her bir ynsanyň köňül nagşydyr, ýürek buýsanjydyr. Şoňa görä-de, nusgawy şahyryň şygryýet dünýäsine diňe bir türkmen halky däl, eýsem, Ýer ýüzüniň beýleki milletleri hem uly hormat goýýar. Bu ugurda Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki halkara we sebit guramalarynyň, Türkmenistan bilen dostlukly döwletleriň, beýik ynsanperwer şahyryň ajaýyp şygyrlarynyň muşdaklarynyň Magtymguly Pyragynyň döredijiligini halkara derejede giňden wagyz etmekde bitiren işleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.