Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlag hatlarynyň we telegrammalaryň gelip gowuşmagy dowam edýär. Hatlarda Garaşsyzlyk baýramynyň ata-babalarymyzyň erkin, gülläp ösýän döwlet gurmak baradaky arzuwlarynyň hasyl bolmagynyň, türkmen halkynyň agzybirliginiň, jebisliginiň nyşany hökmünde ýurdumyzyň täze taryhyna ebedi girendigi aýdylýar. Döwlet Baştutanymyzy Garaşsyzlygyň 33 ýyllygy bilen döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, kärhanalaryň, guramalaryň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň, daşary döwletleriň raýatlary gutlaýarlar hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmagyň, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine ähli başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw edýärler.
Hormatly Prezidentimize Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň işgärleriniň adyndan M.Çakyýew, G.Akmämmedow, A.Atamyradow, B.Annaýew, H.Hudaýgulyýew, D.Saburow gutlag hatlaryny iberdiler.