Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

1 Oktýabr 2024

46

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlag hatlarynyň gelip gowuşmagy dowam edýär. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, diplomatlar öz hatlarynda döredijilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän Türkmenistanyň ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly gadam urýandygyny belleýärler. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda Watanymyzyň kuwwatly döwlete öwrülmegine gönükdirilen giň möçberli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hatlary iberenler döwlet Baştutanymyzy şanly baýram bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edýärler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Mämmedow, Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi A.Begliýew, döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy M.Babaýew, “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy G.Agajanow, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy G.Garlyýew, Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Adalatçy Ý.Gurbannazarowa, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň başlygy M.Açilowa, Ylymlar akademiýasynyň prezidenti A.Aşirow, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň başlygy G.Hanberdiýewa mähirli gutlaglaryny iberdiler.

Beýleki bildirişler