Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

13 Iýul 2024

42

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna gallaçy daýhanlarymyzyň gazanan uly zähmet ýeňşi mynasybetli köp sanly gutlag hatlary we telegrammalar gelip gowuşýar. Olar Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler.

Hatlarda bu zähmet ýeňşiniň döwlet Baştutanymyzyň azyk bolçulygyny üpjün etmek, ýurdumyzda öndürilýän bugdaý hasyly bilen içerki bazaryň zerurlyklaryny doly kanagatlandyrmagyň hasabyna azyk garaşsyzlygyny gazanmak babatda öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidigi bellenilýär. Hatlary iberenler hormatly Prezidentimizi türkmen ekerançylarynyň bu ajaýyp üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlaýarlar we berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edýärler.

Beýleki bildirişler