Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rustemowany 70 ýaş toýy bilen tüýs ýürekden gutlady.
“Siz ata Watanymyza köp ýyllap yhlas bilen, tutanýerli hyzmat etdiňiz. Uzak ýyllaryň dowamynda halal zähmet çekip, ýurdumyzyň gülläp ösmegi, dünýäniň ösen, öňdebaryjy döwletleriniň hataryna goşulmagy, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alnyp barylýan tutumly işlere mynasyp goşant goşduňyz. Ussat diplomat hökmünde Garaşsyz döwletimiziň dünýä ýurtlary bilen özara bähbitli, netijeli hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ilerletmäge çalyşdyňyz. Bitarap Türkmenistanyň Ýer ýüzündäki abraý-mertebesini ýokarlandyrmakda netijeli işleri amala aşyrdyňyz. Haýsy wezipede işleseňiz-de, mähriban Watanymyza, eziz halkymyza wepaly hyzmat etmegiň ajaýyp nusgasyny görkezdiňiz.