Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

18 Dekabr 2023

72

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 28 ýyllygy mynasybetli köp sanly gutlag hatlarynyň, telegrammalaryň gelip gowuşmagy dowam edýär. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary öz hatlarynda Türkmenistanyň BMG-niň degişli Kararnamalary bilen iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň döwletara gatnaşyklarda, aýratyn-da, halkara parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedigini belleýärler. Gutlaglary iberenler hormatly Prezidentimizi şanly baýram bilen gutlap, berk jan saglyk, uzak we bagtyýar ömür, egsilmez güýç-kuwwat, Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan köpugurly işlerinde täze üstünlikleri arzuw edýärler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy medeniýet ulgamynyň işgärleriniň adyndan M.Mämmedowa, A.Şamyradow, A.Aşyrow, A.Hudaýberdiýew, M.Gazakbaýew gutladylar.

Beýleki bildirişler