Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, türkmen halkynyň gadymdan gelýän goňşuçylyk gatnaşyklaryna we ynsanperwerlik däp-dessurlaryna eýerip hem-de Türkmenistan tarapyndan Owganystan Yslam Respublikasyna 2020 — 2022-nji ýyllarda ynsanperwerlik kömegini bermek boýunça Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramy mynasybetli goňşy Owganystan Yslam Respublikasynyň halkyna ynsanperwerlik kömegini bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, Dokma senagaty ministrligine hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri, azyk, dokma we hojalyk önümlerini ynsanperwerlik kömegi hökmünde Owganystan Yslam Respublikasyna muzdsuz bermek tabşyryldy.
Degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary ynsanperwerlik kömegi hökmünde beriljek degişli derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri, azyk, dokma we hojalyk önümlerini taýýarlamakda, olary ibermekde hem-de guramaçylykly gowşurmakda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine ýardam bermäge borçly edildi.