Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň milli köklere daýanýan medeniýetini we sungatyny täze belentliklere götermek, teatrlarda goýulýan oýunlaryň hilini we täsirliligini ýokarlandyrmak, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly toýuny giňden dabaralandyrmak, Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde beýan edilýän türkmeniň beýik gahrymançylygyny, watansöýüjiligini, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, ajaýyp döwrümizde gazanylýan beýik zähmet üstünliklerini wasp edýän täze sahna eserleriniň döredilmegini gazanmak hem-de dramaturglary höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi döredijilik bäsleşigini geçirýär. Bäsleşige islendik ýaşdaky we kärdäki dramaturglar gatnaşyp bilerler. Gatnaşyjylar eseriniň ýanyna özi (işleýän ýa-da okaýan ýeri, wezipesi, öý salgysy, telefony) barada maglumatlary goşmaly.
Hödürlenen eserleriň iň gowusyny saýlap-seçip almak üçin eminler topary döredilýär. Bäsleşik teatr sungatynyň şu aşakdaky görnüşleri boýunça geçirilýär: