Bildirişler

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky lotda görkezilen harytlary satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Lot № 34 — Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi üçin lukmançylyk enjamlarynyň ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak. Bäsleşik boýunça teklipler şu habaryň çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) günüň dowamynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň binasynda kabul edilýär.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky lotda görkezilen harytlary satyn almak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär

Lot № 33 — «Lukmançylyk enjamlary» önümçilik birleşigine saglygy goraýyş edaralary üçin lukmançylyk krowat toplumlaryny (krowat, matras, tumboçka) satyn almak. Bäsleşik boýunça teklipler şu habaryň çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) günüň dowamynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň binasynda kabul edilýär.

«Eni Türkmenistan Limited» kompaniýasy № 10115811 gyzgyn kesiş üçin TDW enjamyny zerur serişdeleri hem-de sowuk turba kesijileri bilen bilelikde üpjün etmek boýunça deslapky islegi öwrenmek üçin bäsleşik yglan edýär

Ähli gyzyklanma bildirýän kompaniýalar bäsleşige gatnaşmaga resmi çakylygy almak üçin arzalaryny şertnamalar we üpjünçilik bölümine (elektron salgysy: Bahar.Nuryyeva@eni.com we Gulnara.Tayjanova@eni.com) ibermelidirler. Arzalar şu ýylyň 10-njy sentýabryna, sagat 17:00-a çenli kabul edilýär.

Harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça bäsleşik

1. LOT № 118. Baýramaly etrabynyň ýerlerini suwarmak üçin Tahyrbaý kanalynyň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak maksady bilen, gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.

«Eni Türkmenistan Limited» kompaniýasy № 10117432 — belgili şahsy gorag serişdeleri bilen üpjün etmek boýunça deslapky islegi öwrenmek üçin bäsleşik yglan edýär

Ähli gyzyklanma bildirýän kompaniýalar bäsleşige gatnaşmaga resmi çakylygy almak üçin arzalaryny şertnamalar we üpjünçilik bölümine (elektron salgysy: Toyly.Geldinazarov@eni.com we Gulnara.Tayjanova@eni.com) ibermelidirler. Arzalar şu ýylyň 6-njy sentýabryna, sagat 17:00-a çenli kabul edilýär.

Harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça bäsleşik

1. LOT № 227. Köpetdag etrap Ýaşaýyş jaý ulanyş trestine degişli ýaşaýyş jaýlaryny düýpli abatlamak üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.

Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik banky Daşoguz welaýat şahamçasynyň binasynda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek we goşmaça binalary gurmak boýunça bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmaga degişli ygtyýarnamasy bolan eýeçiligiň dürli görnüşindäki kärhanalar we guramalar çagyrylýar. Isleg bildirýänler tekliplerini bildirişiň çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) senenama gününden gijä galman, şu salgy boýunça berip bilerler: Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň 121-nji jaýy.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky lotda görkezilen harytlary satyn almak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär

Lot № 32 — «Lukmançylyk enjamlary» önümçilik birleşigine saglygy goraýyş edaralarynyň lukmançylyk enjamlary üçin ätiýaçlyk şaýlary satyn almak. Bäsleşik boýunça teklipler şu habaryň çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) günüň dowamynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň binasynda kabul edilýär.

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguz welaýaty boýunça müdirliginiň edara binasyny gurmak boýunça bäsleşik yglan edýär

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär. Haýyşnamalar we teklipler 2024-nji ýylyň 19-njy sentýabryna çenli kabul edilýär.

Harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça bäsleşik

1. LOT № 369. Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň garamagyndaky 39-njy, 67-nji orta mekdepleriň, 6-njy, 24-nji, 31-nji, 40-njy, 125-nji, 177-nji, 178-nji, 186-njy çagalar baglarynyň daşky yşyklandyryş hem-de elektrik ulgamlarynyň abatlaýyş işleri üçin harytlary we enjamlary satyn almak.