“Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky öz müşderileri üçin täze bank önümi bolan Internet bankingi hödürleýär

30 Iýun 2020

552

Internet banking bank önümini birikdirmek arkaly Siz banka barmazdan, öz kompýutertleriňiziň we mobil enjamlaryňyzyň üsti bilen aşakdaky hyzmatlardan peýdalanyp bilersiňiz:

— müşderiniň öz hasaplarynyň arasynda pul serişdelerini geçirmek;
— bankyň müşderilerine, şeýle hem beýleki banklaryň müşderilerine tölegleri geçirmek;
— adatça köp ulanylýan töleg tabşyryklarynyň görnüşleriniň nusgasyny hem-de şol nusgalaryň esasynda täze töleg tabşyryklaryny döretmek;
— işleşýän taraplaryňyzyň atlarynyň, salgylarynyň, hasaplarynyň we ş.m. maglumatnamasyny ýöretmek;
— müşderiniň öz hasaplary boýunça galyndylaryny we hereketlerini görmek we çap etmek;
— karzlaryň we depozitleriň töleg tertibini görmek;
— bank tarapyndan iberilýän habarnamalary almak;
— bank bilen habarlaşmak, sorag-jogap almak;
— daşary ýurt pullarynyň hümmetini görmek.

Beýleki bildirişler