«Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy» şygary bilen geçirilýän «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly döredijilik bäsleşigi

27 Iýun 2020

686

Hormatly Prezidentimiziň saýasynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ýeten belent sepgitlerini bütin dünýäde dabaralandyrmak, hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen bilelikde döredijilik toparlarynyň arasynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ähmiýetini beýan edýän filmleri we wideorolikleri döretmek boýunça «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.

Bäsleşik 2020-nji ýylyň iýun — noýabr aýlarynda bäsleşige niýetläp filmleri we wideorolikleri taýýarlajak döredijilik toparlarynyň arasynda geçirilýär.

Beýleki bildirişler