Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli gutlag hatlarynyň gelmegi dowam edýär. Gutlag hatlarynda we telegrammalarda milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda belent sepgitlere ýetilendigi, oňyn Bitaraplygyň mizemez ýörelgelerine esaslanýan parahatçylyk dörediji daşary syýasatda uly üstünlikleriň gazanylandygy nygtalýar.
Hatlary iberenler hormatly Prezidentimizi şanly sene bilen mähirli gutlaýarlar hem-de milli Liderimize tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, ata Watanymyzyň we türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine ähli başlangyçlarynda täze üstünlikleri arzuw edýärler.