Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna ýurdumyzyň baş baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli köp sanly hatlaryň we telegrammalaryň gelmegi dowam edýär. Döwlet hem-de jemgyýetçilik işgärleri, diplomatlar, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, kärhanalaryň hem-de guramalaryň ýolbaşçylary öz hatlarynda milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ägirt uly özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny we örän uly üstünlikleriň gazanylandygyny nygtaýarlar. Türkmenistany dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryna çykarmak baradaky döwlet syýasatynyň netijesinde Watanymyzyň ykdysady kuwwaty yzygiderli pugtalanýar, halkymyzyň hal-ýagdaýy ýokarlanýar.
Hatlary iberenler döwlet Baştutanymyzy baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutlaýarlar hem-de milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, mähriban Watanymyzy gülledip ösdürmegiň bähbidine ägirt uly meýilnamalaryň we maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edýärler.