HABARLAR

Bäsleşigiň jemi jemlenildi

Ýakynda ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň arasynda «Bagy-bossanlyga we gülzarlyga beslenen iň gowy çagalar bagy» atly bäsleşigiň jemi jemlenildi. Bäsleşigiň maksady hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek syýasatyny durmuşa geçirmek, daşky gurşawy goramak boýunça alnyp barylýan işlere ýaş nesliň işjeň gatnaşmagyny gazanmak, olarda daş-töweregimizi gurşap alýan tebigata söýgini terbiýelemek hem-de ýaş nesliň ekologiýa medeniýetini ösdürmek bolup durýar. Bäsleşigiň Düzgünnamasyna laýyklykda, umumybilim berýän mekdepleri we çagalar baglary bilim edarasynda bagy-bossanlyga degişli işiň ýola goýluşy; bilim edarasynyň howlusynda, daş-töwereginde, oýun meýdançalarynda arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilişi; bilim edarasynyň howlusynda, daş-töwereginde miweli we saýaly baglaryň, bezeg ösümlikleriniň we gülleriniň ösdürilip ýetişdirilişi hem-de olara ideg edilişi; mekdep okuwçylarynda ekologiýa medeniýetini kemala getirmek boýunça geçirilýän çäreler, çagalar baglarynyň körpeleri, mekdep okuwçylary, pedagogik, hyzmat ediş işgärleri bilen daşky gurşawy goramak we baýlaşdyrmak boýunça geçirilýän işler; bilim edaralarynda döredilen «Tebigat» burçunyň bezelişi; mekdep okuwçylarynyň, olaryň ata-eneleriniň gatnaşmagynda bilim edarasyny

Netijeli işler üstünlige hemradyr

Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän ekologiýa syýasatynyň baş maksadydyr. Şu nukdaýnazardan, ýylda iki gezek — ýaz we güýz pasyllarynda ýurdumyzda agaç nahallaryny köpçülikleýin ekmek asylly däbe öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen geçirilýän bu ekologiýa çäresine dürli ýaşdaky ildeşlerimiz bilen birlikde, ýaşlar hem işjeň gatnaşýarlar. Şonuň netijesinde paýtagtymyz Aşgabadyň daş-töweregi, ýurdumyzyň sebitleri, döwrebap binalaryň, şol sanda bilim ojaklarynyň töweregi bagy-bossanlyga bürelýär, ajaýyp tebigy gözellige eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesillere döwrebap bilim-terbiýe bermek boýunça öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli çözülmegi olara zerur zähmet endiklerini öwretmek, zähmet terbiýesini bermek bilen berk baglanyşyklydyr. Ýaş nesilleriň zähmet terbiýesi ekologiýa terbiýesi bilen utgaşykly alnyp barlanda has-da oňyn netije gazanylýar, sazlaşykly ösýän ýaş nesiller kemala getirilýär.

Bilim işgärleriniň iş tejribesinden

Başlangyç synplarda okamak endiklerini kemala getirmek Okuwçylarda okamak endikleri, harplary ýazmak ukyby başlangyç synplardan başlanýar. Munuň üçin başlangyç synplarda ene dili sapagynda elipbiýi has çuňňur öwretmeli. Bu işde okuw kitabyndan hem-de interaktiw tagtanyň hyzmatyndan peýdalanmak döwrüň talabydyr. Şeýle hem dürli gyzyklandyryjy oýunlary, harplara degişli goşgulary aýtdyrmak bolar. Okatmagyň öňdebaryjy usullaryny iş ýüzünde peýdalanmak bilen çagalarda başlangyç bilimi kemala getirmek bolar. Şunda çagalaryň bilimini, başarnygyny artdyrmak, kämilleşdirmek baş maksatlardyr.

Labyzly okuwyň ähmiýeti

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ak mekdeplerde ýaşlara bilim bermek üçin doly mümkinçilikler bar. Mugallymlar sapaklarynda işjeň usullardan, multimedia serişdelerinden, okuw-görkezme esbaplaryndan yzygiderli peýdalanýarlar. Bu bolsa sapagyň hiliniň ýokarlanmagyna, ýaşlaryň bilim derejeleriniň artmagyna, olaryň gözýetimleriniň giňemegine oňyn täsir edýär. Türkmen halkynyň baý we gadymy edebi mirasy bar. Halkymyzyň geçmişiniň medeni we umumy durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan bu ruhy baýlygymyz ylmy taýdan öwrenilende, birnäçe gyzykly we täsirli maglumatlaryň, başdan geçirmeleriň üstünden barýarys.

Kämilligiň röwşen ýoly

Bilim işgärleri Fransiýada saparda boldular

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň professor-mugallymlary we hünärmenleri «Emeli aň» tehnologiýalaryny, maglumat howpsuzlygyny ýakyndan öwrenmek hem-de olaryň okuw-usuly, ylmy-barlag işlerine ornaşdyrylyşy bilen ýakyndan tanyşmak maksady bilen Fransiýa Respublikasynda iş saparynda boldular. Iş sapary döwründe bu baýry ýokary okuw mekdebiniň wekilleri Pariž şäherindäki Sorbonn uniwersitetine, Amerikan işewürlik ýokary okuw mekdebine, Pariž şäher uniwersitetine baryp, nazary we amaly bilimiň guralyşy, okuw işine «Emeli aňyň» ornaşdyrylyşy, inženerçilik we fizika ugurlary boýunça 3D modelirleme, robototehnika ulgamlary üçin ulanylýan ýörite programmalary okuw işine ornaşdyrmakda täze, döwrebap tehniki serişdeleriň mümkinçilikleri bilen tanyş boldular. Bu ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlary we hünärmenleri bilen adamzadyň kämil paýhasynyň we tehnologiýalar babatda soňky gazananlarynyň önümi bolan «Emeli aň» tehnologiýalary bilen işleýän onlaýn okuw modelleri arkaly talyplaryň ukybyna görä okuw programmalaryny düzmegiň, okuw ulgamyny dolandyrmagyň döwrebap usullary barada özara pikir alyşdylar.

Dil bilmek – döwrüň talaby

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda döwlet we jemgyýetçilik gurluşyny, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny, şol sanda milli bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça giň möçberli işler yzygiderli durmuşa geçirilýär, ýaş nesliň döwrüň talaplaryna laýyklykda bilim almagy, hünär we ylym öwrenmegi, beden taýdan sagdyn bolmagy, edep-terbiýeli, ata Watana, il-güne, merdana ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin giň möçberli möhüm özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” üstünlikli durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek, milli we dünýä tejribesiniň öňdebaryjy usullary esasynda okuw-tejribelik işlerini ýokarlandyrmak we bilime, ylma höwesli ýaşlary goldamak bilen baglanyşykly özgertmeler üstünlikli alnyp barylýar. Bu özgertmeler dünýä halklary bilen dost-doganlygy üpjün edýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaşlaryň ylymly-bilimli bolmaklaryna aýratyn üns berilýär. Şunda dünýäniň ylmy edebiýatyndan pe

Daşoguzda sürüjiler üçin täze mekdep işläp başlar

Hazirki wagtda Daşoguzda täze sürüjilik mekdebini ulanylmaga bermek üçin taýýarlyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Mekdep binasy «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň buýurmasy bilen Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz «Demirbetonönümleri» zawodynyň gurluşyk bölüminiň hünärmenleri tarapyndan guruldy. Oguz han köçesinde ýerleşýän täze binanyň umumy meýdany üç ýarym gektardan gowrak.

Dil öwrenmegiň innowasion usullary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bilim we ylym ulgamynda düýpli özgerişlikler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda okatmagyň iň kämil usullary, döwrebap ugurlary durmuşa geçirilýär, sanly ulgamyň mümkinçilikleri ornaşdyrylýar. Şonuň üçin hem sapakda kompýuter enjamlary, multimedia tehnologiýalary giňden peýdalanylýar. Munuň özi usulyýetiň döwrebap görnüşi bolmak bilen bir hatarda, okuwçylaryň okamaga, öwrenmäge bolan gyzyklanmasyny artdyrýar. Netijede, okuwçylar bilimleri tiz özleşdirip guralýan sapaklara oňat düşünýärler. Daşary ýurt dilleri okadylanda okuwçylaryň gyzyklanmasyny artdyrmak, olaryň iňlis diline bolan söz baýlygyny gazanmak mugallymlaryň baş maksadydyr. Häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz halkara giňişliginde mynasyp orny eýeläp, dünýä ýurtlary bilen deňhukukly, dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde netijeli işleri alyp barýar. Şu nukdaýnazardan, daşary ýurt dillerini kämil bilýän ýaşlary taýýarlamak zerur bolup durýar. Häzirki wagtda sapaklarda multimedia tagtalar, kompýuterler işjeň ulanylýar. Bu işleriň çagalar baglaryndan başlap, orta mekdeplerde has-da çuňlaşdyrylyp amala aşyrylmagy ýaşlaryň daşary ýurt dilleri

Çagalaryň sesi — bagtyň mukamy

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary merkezinde ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 4 — 11-nji synplarynda okaýan okuwçylaryň arasynda geçirilen «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň sylaglanyş dabarasy boldy. Bäsleşigi Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Güneş» žurnalynyň redaksiýasy Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýeti hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde gurady. Oňa ýurdumyzyň welaýatlaryndan we Aşgabat hem-de Arkadag şäherlerinden mekdep okuwçylary gatnaşdy.