HABARLAR

Bilim ojaklarymyz ― iň gowularyň hatarynda

Etrabymyzdaky bilim we terbiýeçilik edaralary Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan yglan edilen «Bagy-bossanlyga we gülzarlyga beslenen iň gowy çagalar bagy» hem-de «Bagy-bossanlyga we gülzarlyga beslenen iň gowy mekdep» atly bäsleşikleriň ýeňijileri boldular. Ýakynda ministrligiň mejlisler zalynda ýeňijiler, şonuň ýaly-da köp ýyllaryň dowamynda bilim ulgamynda çeken döredijilikli zähmetleri, bilim işini häzirki zamanyň ösen talaplary esasynda ýokary derejede guramakda, okuwçylara berilýän bilimiň mazmunyny has-da baýlaşdyrmakda, hilini ýokarlandyrmakda bitiren aýratyn hyzmatlary üçin işine ussat halypalar, göreldeli işleýän mugallymlar sylaglanyldy.

Robot taslamalarynyň bäsleşigi

Ýakynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Innowasiýa ylmy-okuw merkeziniň guramagynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan yglan edilen ýaşlaryň arasynda robot tehnologiýasy boýunça bäsleşik geçirildi. Oňa Diýarymyz boýunça ýaşlaryň 272-si gatnaşyp, olaryň 181-si mekdep okuwçylaryndan, 91-si orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryndan ybarat. Bäsleşigiň çäklerinde ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň, bilim merkezleriniň hem-de robot tehnologiýasy we emeli aň tehnologiýasynyň üsti bilen bilim bermegiň aýratynlyklaryny, ösüş ugurlaryny açyp görkezýän sergi hem guraldy. Sergide birnäçe ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň, «Imdat elektronika», «Gyrat», «Milli ulgam», «Dana», «Päk nesil» ýaly bilim merkezleriniň bu ugurdaky mümkinçilikleri we taslamalary, şeýle hem Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň okuwçylarynyň taýýarlan robotlary tanyşdyryldy. Degişli meýilnama laýyklykda, ýaryşlar «Sumo robotlaryň bäsleşigi», «Labirint bäsleşigi», «Topar taslamalarynyň bäsleşigi» hem-de «Ak ýerde gara çyzyklar boýunça hereket edýän robotlaryň bäsleşigi» diýen ugurlar boýunça geçirildi. Oňa gatnaşyjylaryň geçen ýylkylardan has arta

Ýaşlarda ekologik bilimi ösdürip

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda ekologiýa dersi boýunça III Açyk halkara internet olimpiadasy geçirildi. Oňa daşary ýurtlaryň 70-e golaý ýokary okuw mekdebinden hem-de ýurdumyzdan jemi 500 talyp gatnaşdy. Olimpiadanyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylar, ilki bilen, bu ýerde ýaş alymlaryň we talyplaryň taýýarlan ylmy-taslama işleri bilen tanyşdylar. Dabarada çykyşlara giň orun berildi. Olarda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde daşky gurşawy goramak we ekologik abadançylygy pugtalandyrmak babatda alnyp barylýan işler dünýä nusgalyk bolup, ýurdumyzyň bu ugurda halkara giňişlikde öňe sürýän başlangyçlary umumadamzat ähmiýetlidir. Şunda ekologiýa syýasatyny ýaş nesilleriň arasynda giňden wagyz etmek, olaryň ekologik bilimlerini we endiklerini kämilleşdirmek maksady bilen, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýän halkara internet ekologiýa olimpiadasynyň möhüm ähmiýeti nygtaldy.

Kämillik menzilleri

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan özüniň ösüşinde, geçirýän özgertmelerinde ylma-bilime aýratyn ähmiýet berýär. Bu barada Gahryman Arkadagymyz: «Iň gymmatly miras terbiýedir, terbiýe bolsa ylym, bilimdir» diýip, «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda belläp geçýär. Ylym-bilim pudagy döwletimizde ileri tutulýan ugur hökmünde kesgitlenýär. Häzirki döwürde sanly bilim ulgamyna geçmek çalt depginler bilen alnyp barylýar. Bilimiň sanlylaşdyrylmagy okuw işiniň ilerlemegine şert döretdi. Ýurtda bilimi dünýä ülňülerine laýyk ýola goýmaga köpugurly mümkinçilikler kemala getirildi.

Ýaş nesliň aladasy ilkinji orunda

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň geljegi barada uly alada edilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan mekdeplerdir dynç alyş we sagaldyş merkezleri ýaş nesillere hyzmat edýär. Döwrebaplaşdyrylan bilim ulgamy nesillerimiziň bilimli bolmagyna, olaryň geljekde durmuşda öz orunlaryny tapmagyna ýakyndan ýardam berýär. Ýaş nesil baradaky alada maşgaladan, çagalar bagyndan başlanýar. Perzentleriň ata-eneden görelde almagy olaryň geljekde edep-terbiýeli bolup ýetişmeginiň esasy şertidir. Çünki çaganyň maşgalada alan terbiýesiniň, görüm-göreldesiniň, durmuş endikleriniň, kemala gelýän dünýägaraýşynyň onuň geljekki durmuşynda uly orny bardyr. Ene-ata, terbiýeçä, mugallyma terbiýe meselesinde köp zat baglydyr. Körpeleriň maksada okgunly, başarnykly şahsyýet bolup kemala gelmeginde milli oýunlaryň üsti bilen berilýän terbiýäniň orny hem uludyr.

Geljek zehinli ýaşlaryň elinde

Bilim, ylym ähli döwürde hem uly ösüşleriň binýady bolup, adamzat durmuşynyň ilerlemegini üpjün edipdir. Bu ulgamda gazanylan üstünlikler döwletleriň hem ösüşiniň gözbaşydyr. «Ýüz okasaň — ýat, müň okasaň — binýat», «Bilimli — uçar, bilimsiz — gaçar» diýen parasatly ata-babalarymyz ýaş nesliň ylymly-bilimli bolup ýetişmeklerini sargyt edipdirler. Ata-babalarymyzdan galan mirasy kämillik derejesine ýetirýän zehinli, işbaşarjaň, edenli ýaşlar ýurt ösüşlerine öz goşantlaryny goşýarlar. Hormatly Prezidentimiz: «Her bir döwletiň we jemgyýetiň sazlaşykly ösüşi ylym bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleriň neslini kemala getirmek biziň alyp barýan işlerimiziň esasy bolmalydyr» diýip, ýaşlaryň bilimli, ylymly, zähmetsöýer, watansöýüji, ilhalar adamlar bolup ýetişmekleri babatda ähli tagallalary edýär.

Rowaçly menziller

Okgunly ösüşleri bilen barha öňe barýan, ykdysady kuwwaty günsaýyn ýokarlanýan berkarar Watanymyz guwanjymyzdyr, buýsanjymyzdyr. Ýurdumyzyň beýik ösüşleri we özgertmeleri kalbymyzy joşa getirip, bizi has-da tutanýerli we netijeli zähmete ruhlandyrýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly şygary astynda üstünliklere we rowaçlyklara beslenen şanly ýylyň tamamlanyp barýan çagynda Watanymyzyň ösüşlerine nazar aýlanyňda ýüregiň has-da heýjana gelýär. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden toý edilen şöhratly ýylymyzda ýurdumyzyň beýleki ugurlarynda bolşy ýaly, bilim ulgamynda ajaýyp üstünliklere ýetildi. Güneşli Diýarymyzdaky bilim-terbiýeçilik ojaklarynyň üsti döwrebap mekdeplerdir çagalar baglary bilen ýetirildi. Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýanyň kabul edilmegi bolsa bilim işgärleriniň durmuşynda şatlykly waka öwrüldi.

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl mynasybetli breýn-ring geçirer

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramy mynasybetli ýurdumyzyň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda Açyk breýn-ring geçirler. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldaw bermeginde ýokary okuw mekdebi tarapyndan guralan «Hemişelik Bitaraplyk – baky bagtyýarlyk» atly akyl-paýhas bäsleşigi 8-nji dekabrda geçiriler. Bäsleşige gatnaşmak üçin eýýäm ýokary okuw mekdepleriň 15-si ýüz tutdular. Olaryň hatarynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti, Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty we beýlekiler bar.

Daşary ýurt dillerini öwretmekde täzeçil usullar

Ýakynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullary we tehnologiýalary» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundan wekiller gatnaşdylar. Iki günläp dowam eden maslahatda dilleri öwrenmegiň we okatmagyň döwrebap usullary, Türkmenistanda dil bilimini ösdürmekde ýetilen sepgitler, halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde alnyp barylýan işler giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatda ýurdumyzda aýry-aýry dilleri öwretmekde daşary ýurtlar bilen alnyp barylýan medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Filipp Merleniň çykyşy hem bu ugurdaky türkmen-fransuz gatnaşyklaryna bagyşlandy.

Dünýä dilleri — dostluk köprüsi

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň şöhratly ösüşleri nazarlaýan täze eýýamynda röwşen geljegimiziň ylmy esasly bilim binýadynyň kemala getirilmegi üçin milli bilim ulgamynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär, bu ugurda dünýä döwletleri, iri halkara guramalary bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk has-da çuňlaşdyrylýar. Ynha, şu ýylyň 5-6-njy dekabrynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Türkmenistanda innowasion ösüşlere, bilim ulgamyna öňdebaryjy tejribeleri we häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrmak, sanly bilim we daşary ýurt dillerini innowasiýalar esasynda okatmagy kämilleşdirmek boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda toplanan oňyn tejribelerden ugur alnyp, «Daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullary we tehnologiýalary» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu ylmy-amaly maslahata ýurdumyzyň we Russiýanyň, Hytaýyň, Hindistanyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň, Türkiýäniň, Koreýa Respublikanyň, Wýetnamyň, Taýlandyň, Özbegistanyň ylmy edaralaryndan, ýokary okuw mekdeplerinden alymlaryň uly topary gatnaşdy. Kanada, Awstraliýa, Meksika, Beýik Britaniýa, Ýaponiýa, Şri-Lanka, Tanzaniýa, Gazagystan, Gyrgyzystan ýaly ýurtlaryň ylmy edaralarynyň alymlary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugally