HABARLAR

Sanly ulgamyň ähmiýeti

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ähli ulgamlar bilen birlikde milli bilim we ylym ulgamy uly ösüşlere eýe boldy. Milli bilim ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy netijesinde döwrebap mümkinçilikler döredilýär. Häzirki wagtda milli saglygy goraýyş ulgamy ylmy açyşlaryň dünýä tejribesi bilen deň gadam urýar. Guwandyryjy ugurlaryň biri-de ýurdumyz saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn uly üns berýär. Häzirki wagtda talyplara berilýän bilim diňe bir nazaryýetde alan bilimleri bilen ýa-da okuw tejribeligi bilen çäklenmeýär. Talyplar sanly ulgamdaky ylmy edebiýatlar bilen yzygiderli tanyş bolup, dünýä lukmançylygyndan hem habarly bolmaga çalyşýarlar. Milli tejribede sanly ösüşler konsepsiýasyny amala aşyrmagyň esasy ösüş ugurlary hökmünde maglumat we telekommunikasiýa tehnologiýalarynyň kömegi arkaly lukmançylyk ulgamynyň işini, raýatlara edilýän hyzmatlary ýeňilleşdirmek, sanly ulgama tapgyrlaýyn geçmek, önümçilikleri awtomatlaşdyrmak, sanly tehnologiýalardan peýdalanmak, ilerletmek, kiberhowpsuzlygy üpjün etmek wezipeleri öňde durýar. Döwrüň orta çykaran kiberhowpsuzlygy ýurdumyzda sanly ulgamyň ösüşini kepillendirmekde wajyp ähmiýete eýe boldy. Talyplara berilýän bilimleriň hem düýp özeni ösen lukmançylykdan baş çykarmagy öwretmekdir.

Ylym-bilim boýunça halkara maksatnamalar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatynda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Ýurdumyzda bilim ulgamyny dünýä ülňülerine, umumy ykrar edilen halkara kadalara we öňdebaryjy tejribelere laýyk kämilleşdirmek, ýaş nesillerimizi milli hem-de umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelemek, olara döwrebap bilim bermek biziň alyp barýan bilim syýasatymyzyň baş maksadydyr» diýip belleýär.

Röwşen geljegiň eýeleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlarymyzyň döwrebap aň-düşünjeli, ylymly-bilimli, ahlak taýdan terbiýeli, sagdyn bedenli, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan nesil bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ylym-bilim ulgamynyň ösdürilmegi möhüm ugurlaryň hatarynda goýulýar. Ýaşlaryň bilimini yzygiderli artdyryp, ylmy işler bilen meşgullanmaga bolan gyzyklanmasyny ösdürmek häzirki zaman jemgyýetinde esasy ugurlaryň biri hasaplanýar. Bu gün hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde adamzadyň ählumumy ösüşiniň hatyrasyna ylym we ýokary derejeli tehnologiýalar boýunça dünýäniň iri halkara guramalary, ylmy merkezleri bilen uzak möhletli hyzmatdaşlygynyň esaslaryny goýmaga giň gerim berilýär. Diýarymyzda ösüp gelýän ýaşlara öwredilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmaga aýratyn üns berilýär. Watanymyza, halkymyza wepaly, dünýä ylmyndan baş çykarýan, maksada okgunly, ruhubelent, zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmekleri üçin ýaş nesiller ummasyz aladalar bilen gurşalandyr. Ýaşlara okamaga, döretmäge, kämil hünärmenler bolup ýetişmäge ýurdumyzda döredilýän mümkinçilikler guwandyryjydyr. Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen türkmen ylmynyň gazananlary durmuşymyza yzygiderli ornaşdyrylýa

Nesil terbiýesi mukaddesdir

Çaga durmuşyň güli, olaryň edep-terbiýesi bolsa jemgyýetimiziň geljeginiň röwşen kepilidir. Halkymyzda «Çaga eziz, edebi ondanam eziz» diýen pähim bar. Maşgaladan gözbaş alýan nesil terbiýesi çagalar edaralarynda, orta mekdeplerde berilýän bilim-terbiýe bilen sazlaşýar. Ýaş nesliň Watanymyza gerekli adam bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilendir. Terbiýeli, edepli perzentler diňe bir maşgalasynyň, dogan-garyndaşlarynyň däl, eýsem, milletiň buýsanjyna hem guwanjyna öwrülýär. Ata-ene mydama çagasynyň baş terbiýeçisi, mugallymydyr. Çaga terbiýesinde maşgala agzybirligi uly güýçdür. Edep-ekramly, abraýly maşgalada önüp-ösen, gowy görüm-görelde alan çaganyň özüni alyp barşy üýtgeşikdir. Hut şonuň üçin-de, çagalar baradaky alada hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Watanymyzyň röwşen geljegi bolan ýaş nesilleriň bolelin, eşretli durmuşda ýaşamagyny gazanmak, olaryň döwrebap şertlerde bilim almagyny, sagdyn bedenli, belent ruhly bolup ýetişmegini üpjün etmek baş maksadymyzdyr. Magtymguly Pyragynyň: «Ömür saly artar alkyş alanyň» diýşi ýaly, ata-eneleriniň ak alkyşyny alan ýaş nesiller durmuş ýoluna rowana bolýarlar. Ynsanyň dowamaty bolan nesilleriň terbiýesi barada ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň nä

Türkmenistanda Bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalarynyñ festiwaly geçirildi

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalarynyñ festiwaly geçirildi. Çäre Türkmenistanyñ Bilim ministrligi tarapyndan guraldy. Festiwal bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalar babatda ýurduñ gazananlaryny açyp görkezmäge, mugallymlaryñ we hünärmenleriñ maglumat tehnologiýa we kiber howpsuzlyk ulgamynda ylmy we taslama işine gyzyklanmalaryny artdyrmaga, şeýle hem tejribe alyşmaga gönükdirildi.

Kitaplaryň göwheri

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda neşir edilen «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Tanyşdyrylyş dabarasyny Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-nyň rektory Baýrammyrat Atamanow açyp, täze şadiwanyň ähmiýeti barada durup geçdi. Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Hakyda göwheri» atly täze kitaby halkymyzyň şöhratly taryhy, döredijilik mirasy hakynda toplan gymmatly maglumatlaryny, paýhas hazynasyny öz içine alýar. Gahryman Arkadagymyz bu eserini döretmekde mundan ozal ýazan we giň okyjylar köpçüligine ýetirilen dürli kitaplaryny, şeýle hem Watanymyzyň at-abraýy üçin gijesini gündiz edip işleýän arheologlarymyzyň täze taryhy tapyndylar esasynda toplan maglumatlaryny, daşary ýurtlardan getirilen golýazmalar esasynda pikir ýöredip boljak täzeçe taryhy garaýyşlary peýdalanandygyny beýan edýär. Halkymyzyň şöhratly taryhyny, baý medeni mirasyny, nusgalyk döwletlilik ýörelgelerini şöhlelendirýän, olary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýan bu eser ýaş nesilleri watançylyk, belent ahlaklylyk, ýokary ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde gymmatly hazynadyr, ýolgörkezijidir. Soňra çykyş eden ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary kitabyň girişden we iki bapdan ybarat bolup, onuň «

Bol hasyly bilen tanalan gadymy toprak

Tamamlanyp barýan ýyl biziň bilime teşne, giň gözýetimli, şöhratly geçmişimize we taryhymyza uly sarpa goýýan ýaşlarymyz üçin ýatdan çykmajak ýyllaryň biri boldy. TÜRKSOÝ-yň çözgüdi esasynda şu ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, şeýle hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýen şygar astynda geçmegi bilen ýurdumyzyň gülläp ösüşlerine oňyn täsirini ýetirýän baý many-mazmunly joşgunly işleriň sakasyny açyp goýberdi. Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby bolsa türkmen halkyna örän ajaýyp sowgat bolup, gadymy topragymyzyň dünýä ekerançylygynyň irki ojaklarynyň biri bolup durýandygyna bolan buýsanjymyza buýsanç goşdy. Men taryh mugallymy bolandygym üçin bu kitaba yzygiderli ýüzlenýärin. Mukaddes toprakda Änewiň ak bugdaýyň gadymy Watanydygyny tassyklaýan bugdaý we arpa däneleriniň ýüze çykarylmagy bilen baglanyşykly açyş tutuş Merkezi Aziýanyň däneli ekinleri ösdürip ýetişdirmekde ilkinji sebitleriň biri bolandygyny öňe sürmäge şert döretdi. Biziň ata-babalarymyz adamzat taryhynda däneli ekinleri ýetişdiren we bugdaý unundan çörek taýýarlan ilkinji halklaryň biri hökmünde taryhda ykrar edildi. «Änew — m

Belent maksatlar rowaçlanýar

Ösüşiň berk binýady ylym-bilim bolup durýar. Ýurdumyzda ylym-bilimiň gazananlarynyň durmuşa ornaşdyrylmagy durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň wajyp şertine öwrülýär, ähli ulgamlarda sanly tehnologiýalar işjeň ulanylýar, kuwwatly, ýokary derejede ösen, bäsdeşlige ukyply, ylmy esasly önümçilikler ýola goýulýar. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi bu ugurda işlemek üçin hukuk binýadyny döretdi. Onuň aýry-aýry maddalarynda bilimiň ähli derejelerinde sanly ulgamy ornaşdyrmagyň möhüm meselelerine orun berilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde döwrebap mümkinçiliklerden peýdalanyp, işlerimizi talabalaýyk guramaga çalyşýarys. Şu maksat bilen ýakynda Aşgabat şäherindäki 129-njy orta mekdepde maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda bilimiň mazmunyna, okatmagyň usulyýetine täzeçe garamak, bilim babatda umumy maksatlara ýetmegi çaltlandyrmak boýunça esasy strategik özgertmeleri we gurallary kesgitlemek, bilim işgärleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmak, bilim edaralarynyň maddy-tehniki üpjünçiligini sanly tehnologiýalaryň, döwrebap laboratoriýalaryň, onlaýn meýilnamalaryň, bilim bermegiň garyşyk görnüşleriniň hasabyna gowulandyrmak boýunça nygtap geçdiler. Ylmyň we tehni

Sanly bilim ulgamy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylym-bilimiň ösüşi ýokary derejä eýe bolýar, ýaşlaryň bilim öwrenmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Häzirki wagtda sanly bilim ulgamyna aýratyn üns berilýär, bu babatda uly özgertmeler amala aşyrylýar. Şeýle beýik özgertmelere gönükdirilen «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» möhüm ähmiýete eýedir. Munuň özi bilim ulgamyny kämilleşdirmek bilen bir hatarda okatmagyň täze usullarynyň ýola goýulmagyna uly ýardam edýär. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň maksadyny, wezipelerini we esasy ugurlaryny kämil bilmek we durmuşa ornaşdyrmak her bir mugallymyň, bilim işgärleriniň jana-jan borjy bolup durýar. Şunda bilim bermegiň ähli basgançaklary ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün edilýär. Sanly serişdelerden giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmuny baýlaşdyrylýar hem-de bilim öwretmegiň hili ýokarlandyrylýar.

Eziz Diýara buýsanç

Gojaman Köpetdagyň eteginde orun alan Arkadag şäheri gaýtalanmajak tebigy gözelligi bilen dünýä nusgalykdyr. Sanly ulgamyň iň döwrebap ugruny özünde jemleýän «akylly» şäherde adamlaryň bagtyýar ýaşaýşy üçin ähli şertler döredilendir. Bu nurana mekanda ýaşaýjylara iň döwrebap, halkara ölçeglerine laýyk gelýän amatlyklar üpjün edilýär. Her bir bina özüniň ajaýyplygy, milli hem-de döwrebap keşbi bilen tapawutlanýar. Olar ata Watanymyzyň ajaýyp şäheriniň özboluşly görki, ajap eýýamyň nyşanlary bolup durýar. Özi hem bu ajaýyp binalarda sanly ulgamyň mümkinçilikleri ýokary derejede üpjün edilendir. Biri-birinden zyýada binalaryň ählisiniň tehnologik programmalarynyň türkmen ýaşlary tarapyndan işlenip düzülmegi sanly ykdysadyýete geçmek boýunça öňde goýlan wezipelere toplumlaýyn çemeleşilýändigini görkezýär. Bu günki gün türkmen hünärmenleri awtomatlaşdyrmak, elektronika, robot tehnikasy, internet we ählumumy sanlylaşdyrmagyň barşynda bilim-başarnyklaryny yzygiderli kämilleşdirýärler. Sanly tehnologiýalara üstünlikli erk edýän we durmuşa geçirmekde başarnyklaryny görkezýän ýaş hünärmenler «akylly» ulgama oňat düşünýärler. Şoňa görä-de, sanly ulgamda ýaş hünärmenleriň başarnygyna uly üns berilýär. Munuň özi bolsa sanly mümkinçilikler