HABARLAR

Bilim ulgamynda

Täze okuw ýylyna taýýarlyk Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynyň ylmy-usuly binýady barha berkidilýär. Şeýle başlangyçlaryň hatarynda täze okuw ýylynyň öň ýanynda geçirilýän mugallymlaryň awgust usuly-amaly okuwlary aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Häzirki wagtda döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri-de bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak bolup durýar. Watansöýüji, zähmetsöýer, sagdyn, giň dünýägaraýyşly, bilimli nesli terbiýeläp ýetişdirmek wezipesini abraý bilen çözmekde bilim işgärleriniň iňňän jogapkärli, halal we döredijilikli zähmetine esasy orun degişlidir.

Mek­dep ba­zar­la­ry ila­tyň hyz­ma­tyn­da

«7/24.tm»: №34 (221) 19.08.2024 Ata-ba­ba ýol-ýö­rel­ge­le­ri­miz do­wa­mat-do­wam bol­ýan Ga­raş­syz döw­le­ti­miz­de ylym-bi­li­me, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä we spor­ta aý­ra­tyn ga­dyr-gym­mat go­ýul­ýar. 1-nji aw­gust­dan — 5-nji sent­ýab­ra çen­li do­wam ed­ýän mek­dep ba­zar­la­ry bu aý­dy­lan­la­ra aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýän mö­hüm hem-de döw­let­li çä­re­dir.

Mekdep bazarlary barha gyzyşýar

Täze okuw ýylynyň başlanmagyna az wagt galdy. Okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli şu günler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde mekdep bazarlarynyň hyzmaty ýola goýuldy. Mekdep bazarlary okuwçylar üçin ýokary hilli, elýeter bahalardan dürli okuw esbaplary, mekdep lybaslary bilen üpjün edilipdir. Bazarlara çagalarynyň elinden tutup, okuw ýyly üçin gerekli esbaplarydyr egin-eşikleri almaga barýan ene-atalaryň sany barha köpelýär. Toý-baýramlary şatlyk-şowhun bilen garşy alýan ildeşlerimiz üçin täze okuw ýylynyň başlanmagy özboluşly baýramçylykdyr. Bu baýramçylyga ýokary derejede taýýarlyk görmek üçin Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan guralýan bazarlarda täze okuw ýylyna taýýarlykly barmak üçin ähli şertler döredilipdir. Harytlaryň bahalarynyň elýeterli bolmagy üçin Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň önümleri bilen bir hatarda hususy önüm öndürijileriň öndürýän önümlerine, daşary ýurtlardan getirilen önümlere giňden orun berilipdir. Ýörite mekdep bazarlaryny, göçme söwda nokatlaryny paýtagtymyzyň söwda nokatlarynda, ýerlerdäki bazarlarda görmek bolýar.

Özara pikir alşyldy

Mary şäherindäki ýöriteleşdirilen 23-nji orta mekdepde türkmen dili we edebiýat mugallymlarynyň usuly-amaly okuwy geçirildi. Onda «Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda dana şahyryň ömri we döredijiligi, ony ýaş nesliň aňyna ornaşdyrmak barada çykyşlar boldy. Sapagy guramagyň döwrebap usullary boýunça pikir alyşdylar. Çykyşlarda usuly gollanmalardan peýdalanyp, çagalara bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmagyň ähmiýeti dogrusynda nygtaldy.  Maslahatyň barşynda mugallymlar dürli temalar boýunça taýýarlanan wideoýazgylara hem tomaşa etdiler.

Okatmagyň kämil usullary öwrenilýär

Halaç etrabyndaky 31-nji orta mekdebinde mugallymlaryň usuly-amaly okuwy işjeň ýagdaýda geçdi. Okuwda okatmagyň usullary, usulyýet tärleri, okuwçylaryň akyl ýetirijilik başarnyklaryny, öwrenijilik işjeňligini, konstruktorçylyk ukybyny, özbaşdak pikirleniş endiklerini ösdürmekde mugallymlaryň öňünde duran wezipeleri ýerine ýetirmek hakynda maslahatlaşyldy. Onda etrabyň 25-nji orta mekdebiň mugallymy Agageldi Hojaýew, 24-nji orta mekdebiň mugallymy Şageldi Ýabanow çykyş etdiler. Hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamynyň ösüşlerine berýän ýardamlaryna çäksiz alkyş aýtdylar. Şeýle hem başlangyç synp okuwçylaryň hormatly Prezidentimiz tarapyndan şahsy kompýuterler sowgat berilmeginiň ähmiýetli taraplary dogrusynda bellediler.

Okatmagyň kämil usullary öwrenilýär

Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerinde bilim işgärleriniň awgust usuly-amaly okuwlary guralýar.Ýokary derejede guramaçylykly geçirilýän okuwlar mugallymlaryň özara pikir alyşmagyna hem-de tejribe toplamagyna uly ýardam edýär. Mugallymlaryň okuw tejribesini baýlaşdyrmak maksady bilen geçirilýän maslahatlar ähli mugallymlarda uly täsir galdyrýar. 16-njy awgustda Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdebinde usuly-amaly okuwy hem işjeň ýagdaýda geçdi. Bu ýerde bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmegiň ýollary, usullary, okuw dersleri boýunça okuw maksatnamalaryny we sapaklary täzeçe usulda guramagyň ýollary hakynda aýratyn gürrüň edildi. Okuwlarda ösüp gelýän ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almaklaryna, olaryň berk bedenli, ruhy taýdan sagdyn ýaşlar bolup ýetişmeklerinde ýurdumyz tarapyndan aýratyn üns-alada bilen gurşalýandygy barada çykyşlarda bellenildi. Ogulbibi ÖDEGULYÝEWA,Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň mugallymy.

Tejribe alşyldy

Gyzylarbat etrap bilim işgärleriniň 16-njy awgust güni geçirilen usuly-amaly okuwlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesle çuňňur bilim we asylly terbiýe bermegiň möhüm meseleleri hem-de ýokary netijeli iş tejribeleri, okatmagyň täze, işjeň usullary barada giňişleýin durlup geçildi. Usuly-amaly okuwlarda öz hünärine ussat, tejribeli, okuw-terbiýeçilik işlerini ylmy-usuly esasda täzeçe guraýan, döredijilikli işleýän bilim edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, mugallymlaryň, terbiýeçileriň çykyşlary guraldy.

Tejribe alşyldy

Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 88-nji orta mekdepde başlangyç synp mugallymlarynyň okuw maslahaty işjeň ýagdaýda geçdi. Okuw maslahatynda Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň umumy orta bilim bölüminiň hünärmeni Aýna Baýjanowa, takyk we iňlis dili derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 69-njy orta mekdebiň mugallymy Hallygözel Baýramowa çykyş etdiler. Olaryň «Ýaşaýyş-durmuş esaslary dersini okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek boýunça okuwçylara sagdyn durmuş ýörelgesiniň talaplaryny berjaý etmegi öwretmekde innowasion tehnologiýalardan peýdalanmagyň usullary», «Başlangyç synplarda okuwçylaryň arassa we dürs ýazuw başarnyklaryny kämilleşdirmekde diktantlaryň dürli görnüşlerinden netijeli peýdalanmagyň usullary» diýen temalaryň üstünde aýratyn durup geçdiler. Bular boýunça sowal-jogaplar hem alşyldy.  Aýna JORAÝEWA, Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiň mugallymy.

Usuly-amaly okuwlar guramaçylykly geçirilýär

16-njy awgustda Arkadag şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebinde himiýa dersi boýunça okadýan mugallymlaryň gatnaşmagynda usuly-amaly okuw geçirildi. Onda 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň mugallymy Aknur Çaryýewanyň «Işjeň usullardan we sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, himiýa sapaklarynyň okadylyşyny kämilleşdirmek» diýen tema boýunça çykyşy täsirli boldy. Onda mugallymlar sapagy täsirli guramagyň usullary, görkezme esbaplary ulanmagyň ähmiýeti, okuwçylaryň kompýuter tehnologiýalaryndan peýdalanyp bilmek başarnyklarynyň ähmiýetli taraplary barada hem maslahatlaşdylar. Ýaş hünärmenlere halypa mugallymlaryň iş tejribelerinden öwrenip, sapagy kämil usulda guramalydygy dogrusynda hem maslahatlar berildi. Japarguly GAROWOW, Arkadag şäheriniň bilim müdirliginiň umumy orta bilim bölüminiň başlygy.

Tejribeler kämilleşdirilýär

Şu gün, 16-njy awgustda Ahal welaýatynyň orta mekdepleriniň 15-sinde, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň 7-sinde bilim işgärleriniň usuly-amaly okuwlaryny geçirmek meýilleşdirildi. Usuly-amaly okuwlarda bilim işgärleri «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna», bilim ulgamyna degişli kabul edilen beýleki Konsepsiýalara laýyklykda okuw-terbiýeçilik işlerini döwrebap guramak boýunça alnyp barylýan işleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bilim işini döwrebap guramak boýunça peýdaly maslahatlar diňlenildi.