HABARLAR

Bagtyýar ýaşlar ylym-bilim dünýäsinde

Selbi BABAÝEWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 1-nji ýyl talyby: — 2024-nji ýyl meniň üçin şowly ýyllaryň biri boldy. Çünki bu ýyl ýüregimde beslän arzuwym hasyl boldy, ýagny Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby bolmak bagty maňa-da miýesser etdi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda talyp bolmak bagtyna eýe bolandygyma men örän begenýärin. Şeýle bagta mynasyp bolan talyp deň-duşlarymyň hem buýsançlarynyň çägi ýok. Ýaş kalbymyzda beslän arzuwlarymyzyň iň esasysy hasyl boldy. Bu ýaşlar üçin uly bagt. Biz her bir ädimde Gahryman Arkadagymyzyň,

Döwrebap bilim özgertmeleri

Ata-babalarymyzyň «Ylymsyz bir ýaşar, ylymly — müň» diýen pähimi häzirki döwürde has-da uly ähmiýete eýedir. Bu paýhasda ylym-bilimiň uly ösüşleriň ýoly bilen röwşen geljege alyp barýandygy baradaky hakykat bar. Adamzat durmuşynda gazanylan ähli üstünlikler we ýetilen belent sepgitler ylym-bilimiň miweleridir. Häzirki taryhy döwürde ýurdumyzy ösdürmegiň ylmy esaslandyrmalary täze mazmun bilen barha baýlaşdyrylýar. Ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly nesilleri terbiýelemekde, Watanymyzyň halkara abraýyny belende galdyrmakda, şeýle-de ýurdumyzyň bilim kuwwatyny ýokarlandyrmakda mugallymlaryň öňünde uly wezipeler goýulýar. Ata-babalarymyzyň geçmişde bitiren beýik işleri bilen dünýä ýüzünde öçmejek yz galdyran bilimli, ylymly adamlar bolandygy aýdyň hakykatdyr. Birnäçe beýik alymlaryň, akyldarlaryň we danalaryň, pelsepeçileriň türkmen topragynda çeken zähmeti, amala aşyran ähmiýetli işleri diňe bir türkmen halkynyň ruhy-medeni mirasy däl-de, eýsem, tutuş adamzadyň ösüşine goşant bolup durýar.

Bilim ojaklary çagalara garaşýar

Ýene-de sanlyja günden ýurdumyzyň mekdeplerinde täze, 2024-2025-nji okuw ýylynyň ilkinji jaňy kakylar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyndaky bu waka ýaş nesilleriň we bilim işgärleriniň durmuşynda aýratyn ähmiýete eýe bolar. Şol şatlykly günde 6 ýaşly bagtyýar çagalaryň müňlerçesi ilkinji gezek ak mekdeplere gadam basar. Munuň özi hemmeleriň şatlygyna şatlyk, buýsanjyna buýsanç goşar. Bilimler we talyp ýaşlar gününe gabatlanýan, täze okuw ýylynyň başlanmagynyň şanyna ýaýbaňlandyryljak dabaralaryň ýatda galyjy bolmagy üçin Gökdepe etrabynda hem ähli taýýarlyk işleri alnyp baryldy. Ýeňil abatlaýyş işlerinden soňra has görkana keşbe beslenen, döwrebap okuw-tehniki enjamlary, okuw kitaplary, gollanmalar bilen üpjün edilen mekdeplerde bagtyýar çagalary garşylamak we täze okuw ýylyna täze güýç bilen guramaçylykly başlamak ugrunda ähli şertlerdir mümkinçilikler göz öňüne tutuldy. Olarda ýaşlar halkymyzyň watançylyk, zähmetsöýerlik, ahlaklylyk, ynsanperwerlik ýaly ajaýyp häsiýetler esasynda bilim-terbiýe alar.

Gymmatly hazyna

«Kitap okan magnydan dok», «Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer» diýen ýaly parasatly jümleleri miras goýan ata-babalarymyz kitaba uly hormat bilen garapdyr. Halkymyzda kitap bilimleriň çeşmesi, görelde mekdebi, ruhy baýlyk hökmünde görlüp, türkmeniň durmuşynda onuň orny uly bolupdyr. Hatdatlaryň, bilimdarlaryň, hat-ýazuwdan başy çykýan adamlaryň yhlasy bilen asyrlardan asyrlara, nesillerden nesillere geçirilen milli we medeni mirasymyzyň dürdäneleri ilat arasynda aýawly saklanyp, olar gymmatly baýlyk hasaplanypdyr. Toý-tomaşalarda, meýlislerde adamlaryň ruhuny galkyndyrýan aýdyşyklar, aýdymdyr şygyrlar, dessandyr kyssalar, pähimdir paýhas siňen setirler dilden dile geçip, many-mazmuny goýazy golýazmalara siňip, nesillere ýetirilipdir. Alym-ulamalarymyzyň kitaplary, ýazyjy-şahyrlarymyzyň eserleri häzirki günlerde hem uly höwesden peýdalanyp, ürç edilip okalmagy halkymyzda okamak medeniýetiniň asylly ýörelgä öwrülendigini görkezýär. Ýaş nesilleri ylymly-bilimli, kemally, watansöýüji, giň dünýägaraýyşly adamlar edip ýetişdirmekde kitabyň uly ähmiýeti bar. Dünýäniň ylym-bilim babatdaky ähli gazananlaryny özünde jemleýän kitap bilimlilik derejäňi artdyrmakda iň zerur gollanmadyr. Çünki adamzadyň ýaşaýyşda ýeten üstünlikleri, açyşlary, taryh

Keşde deýin owadan hat

Okuwçynyň depderindäki owadan hat hemmeleriň ünsüni özüne çekýär. Nepis ýazylan hata «keşde ýaly» eken diýip baha berýärler. Ýöne köp çagalara hatyny owadan ýazmak başartmaýar. Gyradeň, aýyl-saýyl ýazylan harplar — diňe guwanmaga esas däl-de, eýsem, wajyplykdyr. Çagasynyň hatynyň owadan bolmagy ene-atalaryň köpüsiniň islegi. Hatyň çaganyň gylyk-häsiýeti bilen baglydygyny köpimiz bilýän hem däldiris. Owadan hat çaganyň okuwda oňat okamagynyň, üstünliginiň buşlukçysy bolup biler. Mugallymlaryň ençemesi owadan hatly çaganyň az ýalňyş goýberýändigini, okuwa ýetişiginiň oňatdygyny, işjeňligini belleýärler. Hatyňy owadan ýazmak näme üçin zerur? Okuwçylaryň käbiri öz ýazan hatyna özi düşünmeýär. Çaga mekdepde esasy maglumatlary depderine belläp alýar. Eger-de ol öýde geçilenleri gaýtalamak üçin öz depderine harsal ýazyp, ýazanyna düşünmän otursa, onuň sapaga ýetişiginiň pese düşjekdigi düşnükli. Çaga howlugyp ýazanda haty düşnüksiz, bulaşyk bolýar.

Bilim — geljegiň ak ýoly

Mälim bolşy ýaly, ýene sanlyja günden hemişelik Bitarap ata Watanymyzda bagtyýar halkymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň Bilimler we talyp ýaşlar gününde aýdym-sazly dabaralar, medeni-köpçülikleýin çäreler bilen 2024-2025-nji täze okuw ýylyny garşy alar. Her ýyl geçirilýän bu özboluşly baýramyň dabaralary ýaş nesillerimiziň, ak ýürekden yhlasly zähmet çekýän mugallymlarymyzyň hem-de ähli bilim işgärlerimiziň, geljegimiz bolan bagtyýar ýaşlarymyzyň, şeýle hem tutuş halkymyzyň durmuşyny ýatdan çykmajak ajaýyp pursatlara besleýär. Maksatlaryň myradyna gowuşýan jenneti Diýarymyzda ösüp gelýän ýaş nesliň ylymly-bilimli, işbaşarjaň, watansöýüji, giň gözýetimli, öňdebaryjy innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarýan döwrebap hünärmenler bolup ýetişmekleri, dünýä ülňülerine laýyk bilim we terbiýe almaklary, şeýle hem irki ýaşdan, ýagny çagalar bagyndan başlap zehinlerini ýüze çykarmaklary, daşary ýurt dillerini özleşdirmekleri babatda ähli şertler döredilýär. Dünýä tejribesiniň öňdebaryjy gazananlaryny özünde jemleýän bilim ulgamynyň çagalar baglaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli üstünlikli alnyp barylmagy, Watanymyzyň geljekki ösüşiniň girewi bolup du

Ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygynda tutýan orny

«Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasyndan» ruhlanan belent maksatly ýaşlar, turuwbaşdan, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem uly üstünlikleri gazanmak, döwletimiziň şöhratyny dünýä ýüzünde dabaralandyrmak, her bir pursady mana hem-de watansöýüjilige beslemek ugrunda yhlaslaryny gaýgyrman, tutanýerlilik görkezýärler. Täze döwrüň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygynyň şanly 30 ýyllygynyň dabaralara beslenen günlerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi halkara hyzmatdaşlygynda türkmen ýaşlarynyň ornuny has-da berkitdi. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de döwlet Baştutanymyzyň dünýäniň syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer giňişligindäki täsirini ýokarlandyrmaga, ählumumy derejede köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürmäge, parahatçylygy, dostlugy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmaga, döwletleriň, abraýly halkara guramalarynyň arasyndaky gatnaşyklary hem-de hyzmatdaşlygy täze derejelere çykarmaga ýardam berýän beýik başlangyçlarynyň goldan

Nurana geljegiň gözbaşy

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesle döwrebap derejede bilim hem-de terbiýe bermek babatdaky başlangyçlary, durmuşa geçirýän möhüm özgertmeleri Lebap welaýatynyň bilim ojaklaryna-da öz miwesini eçilýär. Döredilýän giň mümkinçiliklerden ruhlanýan welaýatyň bilim işgärleri bosagada duran täze okuw ýylyna ýokary derejede taýýarlyk görýärler. Häzirki wagtda welaýat Baş bilim müdirliginiň garamagynda 396 sany orta mekdep we mekdep-internatlary hereket edýär. Geçen okuw ýylynda 332 müňden gowrak okuwçy bilim alyp, olaryň 20 müň 600-den gowragy uçurym boldy. Welaýatdaky 284 sany çagalar bagynda 490 müňden gowrak körpe terbiýelenýär. Täze okuw ýylynyň ilkinji gününde döwrebap bilim ojaklarynyň ýene-de ikisiniň açylyp ulanmaga berilmegine garaşylýar. Hojambaz şäherinde gurlan mekdep 960, Saýat etrabynyň Merýe geňeşliginiň Alpan obasyndaky mekdep 400 okuwça niýetlenendir.

Kämil bilim — beýik geljegiň binýady

Halkymyzda «Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat» diýen paýhasly aýtgy bar. Çünki bilim — jemgyýetiň ösüşini üpjün edýän, ony öňe ilerledýän gymmatlyk. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan döwletimizde ýaş nesle berilýän bilimiň hilini kämilleşdirmek, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli gowulandyrmak babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz: «Beýik Watanymyzyň berkararlygy, güýç-kuwwaty, abraý-mertebesi her bir türkmen ýigidiniň we gyzynyň biliminde, şahsyýet hökmünde kämilliginde jemlenendir» diýip bellemek bilen, ýaş nesilleriň ruhy we beden taýdan sagdyn hem-de kämil şahsyýetler bolup ýetişmegine möhüm ähmiýet berýär. Şu jähetden, 24-nji awgustda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ady bilen ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň ýolbaşçylarynyň we bu ulgamda zähmet çekýän hünärmenlerdir mugallymlaryň gatnaşmagynda awgust maslahatynyň geçirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir.

Talyplyk — ýaşlygyň bahary

Ýaşlyk ýyllarynda, hususan-da, orta mekdebi tamamlan islendik ynsanyň öňünde goýýan baş maksady belli bir käriň eýesi bolmak, hünär öwrenmek bolsa gerek. Şundan ugur alsak, bu günki günde türkmen ýaşlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip, belent maksatlara tarap ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzda okaýarlar, döredýärler, özlerine bildirilýän ýokary ynama mynasyp jogap bermäge çalyşýarlar. Muňa 2024-2025-nji okuw ýylynda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine zehinli ýaşlaryň müňlerçesiniň kabul edilmegi aýdyň şaýatlyk edýär. Biz hem talyp bolmak bagty miýesser eden ýaşlaryň käbiriniň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.