HABARLAR

1-nji sentýabr — Bilimler we talyp ýaşlar güni

Röwşen geljegiň binýady Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, giň gerimli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Golaýlap gelen 2024-2025-nji täze okuw ýyly hem bilim ulgamynyň ösüşinde möhüm tapgyrlaryň birine öwrüler. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly wakalary bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirjek Bilimler we talyp ýaşlar gününiň dabaralary ýurdumyzda milli bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi babatynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň üstünlikli amal edilýändiginiň nyşany bolar. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 25-nji maýynda «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny tassyklamak hakyndaky» Karary bilim ulgamynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde möhüm ädim boldy.

Ak mekdepler gujak açýar

Ýene sanlyja günlerden ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni uludan baýram ediler. Şol gün ähli bilim ojaklarynda täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli «Ilkinji jaň» dabaralary geçiriler. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň möhüm wakalarynyň biri hökmünde hakydalarda orun aljak bu şanly senäniň belleniljek gününe hemmeler sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Şanly toýuň öňüsyrasynda geçen okuw ýylynda bilim ojaklarynda gazanylan üstünlikler dogrusynda ýatlap geçsek, has-da ýerlikli bolar. Bilşimiz ýaly, welaýatymyzyň etrapdyr şäherlerinde hereket edýän orta mekdepleriň we mekdep-internatlaryň 396-synda ýaş nesle döwrebap bilim, asylly terbiýe berilýär. Tejribeli, öz işine ussat mugallymlaryň çekýän zähmeti oňyn miwelerini berýär. Lebaply mekdep okuwçylarynyň bilimler äleminde gazanýan üstünlikleri-de muny aýdyň tassyklaýar. Welaýatymyzyň orta mekdepleriniň 10 — 11 synp okuwçylary her ýyl ýurdumyzda geçirilmegi däbe öwrülen «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşikleriniň döwlet tapgyrynda baýrakly orunlaryň 35-sini eýelediler. Ildeşlerimiz ýokarda ady agzalan bäsleşigiň çäginde geçirilýän ylmy-taslama, döredijilik bäsleşiginde-de öňdäki orunlary eýelemegi başardylar. Welaýatymyzyň ýaşlarynyň halkara ders, internet olimpiadalarynda

Işjanly mugallym

Bilim ulgamynyň ösmegine özüniň mynasyp goşandyny goşup, ýaşlaryň çuňňur bilim, döwrebap terbiýe almagy ugrunda yhlasly zähmet çekýän mugallymlar az däl. Şeýle mugallymlaryň biri hem Kerki etrabyndaky 25-nji orta mekdebiň taryh mugallymy Ýaban Azizowdyr. Ýaban 1980-nji ýylda Türkmenabat şäherinde ýerleşýän Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyny üstünlikli tamamlaýar. Şondan bäri hem öz göwün beren kärini uly höwes, jogapkärçilik bilen dowam etdirip, ýaş nesle bilimdir terbiýe berip gelýär.

Arzuwlaryň wysaly

Şu ýyl welaýatymyzyň ýaşlarynyň müňlerçesi bosagada duran okuw ýylynda talyplyk bagtyna eýe boldular. Giriş synaglaryndan üstünlikli geçip, bilimler dünýäsine ynam bilen gadam goýan ýaşlaryň kalby buýsançdan doldy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda talyplyk bagtyna eýe bolan şol ýaşlaryň käbiriniň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyz bilen paýlaşýarys. Baýrammyrat TAGANOW,

Belent ynama ygrarly nesil

Häzirki döwürde ýaş nesle bilim we terbiýe berlişini hil taýdan ýokarlandyrmaga döwlet derejesinde berilýän üns has-da artýar. Şonuň netijesinde her bir mugallym-hünärmeniň okuw-terbiýeçilik işini guramak boýunça ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmek üçin iş tejribesine ornaşdyrylýan täze usullaryň gerimi barha artýar. Milli Liderimiz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlaryň bilimli bolmagy üçin maksatnamalaýyn işleri amal edýärler. Daşoguz şäherinde ýerleşýän iňlis dili, himiýa we biologiýa dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebiň tejribeli mugallymlarynyň gujur-gaýratlaryny gaýgyrman çeken zähmetleriniň netijeleri, mekdepde bilim alýan ýaş nesliň dürli bäsleşiklerde gazanan üstünlikleri, geçen okuw ýylynyň dowamynda mekdebiň okuwçylarynyň dürli derejedäki bäsleşiklere we olimpiadalara gatnaşyp, has oňat netijeleri görkezmekleri olaryň  yhlasynyň ýerine düşendigine aýdyň şaýatlyk edýär. Mekdebimiziň okuwçylary geçen okuw ýylynda «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň şäher tapgyrynda 32 orna, welaýat tapgyrynda 50 orna, döwlet tapgyrynda 16 orna, «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ylmy-döredijilik taslama bäsleşiginiň şäher tapgyrynda 5 orna, welaýat tapgyrynda 4 orna, döwlet tapgyrynda 2 orna, «Alty

Buýsanjymyzyň çägi ýok

Gurluşyk babatynda amala aşyrylýan bimöçber giň gerimli syýasatyň ygtybarly, berk binýady gurlan binalaryň we desgalaryň uzak möhlete hyzmat etmegini, ilatyň ýüze çykyp biläýjek tebigy we tehnogen hadysalara garşy dessin goragyny üpjün etmek döwrüň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Şol bir wagtda ýurdumyzda bu ugurdan ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak has wajypdyr. «Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda maňa ýurdumyzyň baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby bolmak bagtynyň miýesser edendigi üçin tüýs ýürekden buýsanýaryn. Nesip bolsa, institutyň häzirki zaman we döwrebap binalarynda, multimedia okuw otaglarynda Raýat goranyşyň ulgamynda geçiriljek okuw sapaklaryny ýokary derejede özleşdirip, Raýat goranyşyň inçe tärlerini ele aljakdygymyzy ynandyrýaryn. Eziz Watanymyzyň bagtyýar geljeginiň hatyrasyna we raýatlarymyzyň howpsuzlygy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän, Watanymyzyň at-abraýyny dünýä ýüzünde belende galdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Belent Serkerdebaşymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli tutumlary hemişe rowaç bolsun!

Ösüşleriň ygtybarly binýady

Gahryman Arkadagymyz: «Iň gymmatly hazyna terbiýe, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir» diýip belleýär. Ata-babalarymyz hemişe ýaş nesliň edep-terbiýesine, bilimine, beden saglygyna we ruhy kämilligine uly üns beripdirler. Häzirki wagtda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli durmuşa geçirýän işleri netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýär. Şunuň bilen birlikde, ylym-bilim ulgamynda hem ajaýyp üstünliklere eýe bolunmagy, ýurdumyzda ýaş nesliň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, berk bedenli, sagdyn ruhly hünärmenler, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi babatda döwlet derejesinde amal edilýän beýik işleriň netijeleridir. Ylym-bilim — her bir döwletiň geljekki ösüşleriniň kepili bolup hyzmat edýär. Ýaş nesil baradaky edilýän alada, ony milli we umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelemek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Beýik işleriň binýady

Bilimler we talyp ýaşlar gününe Berkarar döwletimizde ýaş nesle halkara derejede bilim-terbiýe bermek, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyryp, döwrebap usullary tejribä ornaşdyrmak boýunça giň gerimli maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz aladalary bilen ulgamy ýokary derejede ösdürmek esasynda ýurdumyzyň öňdebaryjy döwletleriň hataryndaky ornuny pugtalandyrmak öňde durýan esasy maksatlaryň biridir.

Buýsanjymyň çägi ýok

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda maňa Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň bagtyýar talyby bolmak bagty miýesser etdi. Kalbymda besläp ýören arzuwyma ýetenim üçin begenjimiň, buýsanjymyň çägi ýok. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan taryhy özgertmelerini üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaş nesilleriň ýurdumyzy ösdürmekde aýgytly orny eýelemelidiklerini nygtap, olaryň mümkinçilikleriniň açylmagy, kämil hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ähli şertleri döredip berýär.

Arzyly arzuwym hasyl boldy

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda, ylym-bilim ulgamyna hem aýratyn uly üns berýär. Ösüp gelýän ýaş nesilleriň kämil ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmekleri üçin ajaýyp şert-mümkinçilikleri döredýär. Diýarymyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän okuw mekdepleriniň täze binalarynyň gurlup ulanmaga berilmegi hem ýaş nesil barada edilýän aladalaryň aýdyň nyşanydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri — arzyly arzuwlaryň hasyl bolýan zamanasy. Maňa hem şu ýyl talyp bolmak bagty miýesser etdi. Öz saýlap alan ugrum boýunça yhlas bilen okap, ilhalar lukmanlaryň biri bolup ýetişmegi maksat edinýärin. Şöhrat-şany dünýä dolýan döwletimiziň raýaty bolup ýaşamagyň, okamagyň özi — bagtlylykdan nyşan.