HABARLAR

Ýaryşly ýollar, ýeňişli menziller

Sport — saglyk, sport — ruhubelentlik, sport — gözellik. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, bedenterbiýe we sport döredijilik başlangyçlaryny, maksada okgunlylygy höweslendirýän sagdynlygyň hem gujur-gaýratyň çeşmesidir. Çünki dürli ýaşdaky raýatlarymyzyň, hususan-da, ýaş nesillerimiziň saglygy üçin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak döwrüň möhüm talabydyr. Şoňa görä-de, türkmen ýaşlary sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, sport-bedenterbiýe hereketini işjeň ösdürýärler. Men hem 9 ýaşymdan başlap, sportuň sambo, dzýudo, kuraş görnüşleri bilen meşgullanyp, dürli ýaryşlara gatnaşyp gelýärin. Ussat tälimçi Şirin Kubaýewanyň elinde tälim almagym öz saýlan sport görnüşlerimiň ähli emellerini inçeligi bilen öwrenmegime ýardam berdi.

Talyp bolmak — bagt

Güýz. Sentýabr. Ynha, ýene-de täze bir okuw ýyly. Täze okuw ýyly — täze üstünlikleriň badalgasy. Täze okuw ýyly — täze maksatlaryň, täze arzuwlaryň, täze gözlegleriň başlangyjy. Bilşimiz ýaly, şanly ýylymyzda hem zehinli ýaşlaryň müňlerçesi talyp şahadatnamasyny eline alyp, tolgundyryjy pursatlary başdan geçirýärler. Biz hem arzuwlary hasyl bolan ýaşlary sahawatly güýzüň ilkinji gününde bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen gutlap, olaryň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Terbiýe söz bilen, görelde göz bilen

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň netijesinde, bilim ulgamynyň mekdepden öňki, başlangyç, orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde okatmagyň usulyýetleri, şertleri, hili düýpli kämilleşdirilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bütindünýä maglumat ulgamy bolan internete birikdirilen dürli okuw-usulyýet enjamlary bilen abzallaşdyrmak, mugallymlaryň hünärini kämilleşdirmek işi güýçli depginde alnyp barylýar. Bilim we terbiýeçilik işlerinde öňdebaryjy usullary, döwrebap sanly tehnologiýalary giňden ulanmak, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, daşary ýurt dillerini öwrenmek we beýleki möhüm ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek zerur ýerine ýetirilmeli maksatlardyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Döwür bilen aýakdaş gitmek üçin ýaş nesliň dünýäniň dürli dillerini öwrenmekleri zerur. Ýaşlaryň ylma-bilime bolan höwesiniň ýokarlanmagynda kitap okamak ýörelgesine-de möhüm orun degişlidir» diýip nygtaýar. 2024-2025-nji okuw ýylynda öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, pedagogik işgärle

Geljekki hünärmenler

Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine resminamalaryny tabşyryp, döwlet synaglaryndan üstünlikli geçen geljekki hünärmenler täze okuw ýylyny uly ruhubelentlikde garşylaýar. Biz hem şeýle ýaşlaryň käbiri bilen söhbetdeş bolup, olaryň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirýäris: Nowruz NURBERDIÝEW,Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara arbitraž we işewürlik hukugy hünäriniň magistri:

Şatlyga beslenjek pursatlar

“Belent sepgitler, beýik ösüşler, ilkinji nobatda, ylymly-bilimli nesliň güýji, zehin baýlygy hem-de döredijilik başarnygy bilen berk baglanyşyklydyr” diýip belleýän hormatly Prezidentimiz ýaş nesil hakda bimöçber alada edýär. Ýaş nesliň döwrebap bilim almagyna, terbiýelenmegine we hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegine gönükdirilýän ägirt uly üns-alada şeýle diýmäge esas berýär. Bilimler we talyp ýaşlar gününe, şeýle-de täze okuw ýylyna görülýän ykjam taýýarlyk işlerinde hem ýaş nesil hakdaky alada aýdyň ýüze çykýar. Şanly günde täze, döwrebap bilim ojaklary toý ruhunda açylar, 1-nji synpa gadam basjak mekdep okuwçylaryna hormatly Prezidentimiziň sowgady bolan “Bilimli” kompýuterleri gowşurylar. Täze, 2024-2025-nji okuw ýylynyň ilkinji sapagynyň beýik watançylyk we ynsanperwerlik ruhuna beslenip, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçer. Bu bolsa, ýaş nesliň berkarar Watanymyza, mukaddes Garaşsyzlygynyň gazananlaryna, eşretli döwrümize bolan buýsanjyny goşalandyrar.

Hasyl bolan arzuwym

Maral ÖWEZGELDIÝEWA,Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň 1-nji ýyl talyby: — Maňa Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň atçylygyň weterinariýasy fakultetiniň weterinar lukmany hünäriniň talyby bolmak bagty miýesser etdi. Begenjimiň çägi ýok. Geljekde türkmeniň buýsanjy bolan ahalteke bedewleriniň milli mekdebindäki ähli öwredilýän sapaklary uly höwes bilen özleşdirip, türkmen halkynyň ajaýyp gymmatlygy bolan ahalteke atlarynynyň baş sanyny abat saklamakda, ahalteke we ýomut atlarynyň asyl bedew keşbini yzygider kämilleşdirmekde, tohumçylyk işlerini ylmy esasda guramakda özümiň mynasyp goşandymy goşjakdygyma Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy tüýs ýürekden ynandyrýaryn.

Bilim almagyň giň mümkinçilikleri

Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly eserinde: «Bilim arkaly beýik geljek gurulýar» diýip, ýurdumyzyň bilim ulgamyny toplumlaýyn kämilleşdirmekde amala aşyrylýan uly işleriň ähmiýetini nygtaýar. Hakykatdan-da, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim bermegiň hilini dünýä ülňülerine laýyk getirmek, okatmagyň usulyýetini has-da kämilleşdirmek, mugallymlaryň döredijilik başarnyklaryny hem-de ussatlygyny has-da ýokarlandyrmak babatda netijeli işler durmuşa geçirilýär.  Ýaşlarymyza ýurdumyzyň we dünýäniň iň kämil ýokary okuw mekdeplerinde hünär öwrenmekleri üçin döredilýän oňaýly şertler hem munuň aýdyň mysalydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Iň gymmatly miras terbiýe, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir. Toplanan ylym-bilim tejribeleriniň netijeleri seljerilip, şolar esasynda XXI asyrda durnukly ýaşaýşy üpjün etmegiň taglymatynyň döredilmegi möhümdir. Şonda adamyň ukyplary, zehini, mümkinçilikleri babatynda oýlanyşykly çemeleşmek gerek» diýip, ýaşlara mynasyp bilim-terbiýe bermegiň ähmiýetini nesihat edýär.

Ajaýyp sowgat

Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäde ykdysady taýdan kuwwatly, ählitaraplaýyn durnukly ösýän döwletleriň hatarynda özüni tanadýar. Döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän çuňňur oýlanyşykly syýasatynyň netijesinde milli bilim ulgamy dünýä standartlaryna laýyk derejede kämilleşdirilýär. Birinji synpa baryp, bilim dünýäsine gadam basýan körpe raýatlaryň her birine noutbuk kompýuterleriniň hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgat hökmünde gowşurylmagy hem ýaş nesliň kiçilikden döwrebap düşünjeli, innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarýan adamlar bolup ýetişmegi ugrundaky aladanyň nyşanydyr. Ildeşlerimiz ýaş nesliň bilimli, sowatly, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmegi ugrundaky döwletli işleri üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Milli Liderimize çäksiz alkyş aýdýarlar.

Ýagşy arzuwlaryň miwesi

Her bir adam çagalygyndan ene-atalarynyň  mährine eýlenen watansöýüjilik duýgulary, öçmejek umytlarydyr ýürek arzuwlary bilen ýaşaýar. Biziň ýurdumyz iň arzyly arzuwlaryň amala aşýan, bagtly çagalygyň, bagtyýar ýaşlaryň mekany. Bu günki gün ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň giriş synaglaryny üstünlikli tabşyryp, kämil hünärli bolmak üçin ylymlar dünýäsine gadam basan kalby joşgunly ýaşlar munuň şeýledigine has aýdyň göz ýetirýärler. Çünki paýhasdan gaýdýan arzuwlaryň wysalyna gowuşmagy bilen, talyp bolmak bagtyna eýe bolan ýaşlaryň ýürekleri hyjuwdan, buýsançdan doly. Talyp bolmak arzuw edilen bagtdyr, ýagty geljege çyragdyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda talyp bolmak hakdaky  arzuwlary hasyl bolan ýaşlaryň köňül buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi müwessa bildik. Sähra BATYROWA,Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby:

«Bi­lim­li» nout­buk­la­ry Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zdan sow­ga­t

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň şu ýy­lyň 23-nji mar­tyn­da gol çe­ken Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň Bi­lim mi­nistr­li­gi­ne öz ýur­du­myz­da ön­dü­ri­len de­giş­li muk­dar­da­ky nout­buk komp­ýu­ter­le­ri­ni sa­tyn al­mak, 1-nji aw­gus­ta çen­li bi­lim eda­ra­la­ryn­da gur­na­mak hem-de ola­ra teh­ni­ki taý­dan hyz­mat et­mek ba­ra­da «Ag­zy­bir­lik til­si­ma­ty» bi­le­lik­dä­ki kär­ha­na­sy, şeý­le-de «Aý­dyň gi­je­ler» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti bi­len şert­na­ma­la­ry bag­laş­ma­ga yg­ty­ýar be­ril­di. Şon­dan bä­ri ge­çen döw­rüň do­wa­myn­da bu ugur­da dep­gin­li iş­ler al­nyp bar­lyp, de­giş­li we­zi­pe­ler do­ly ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di. Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat we gur­lu­şyk önüm­çi­li­gi mi­nistr­li­gi­niň bi­le­lik­dä­ki «Aý­dyň gi­je­ler» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­niň ag­zy­bir iş­çi-hü­när­men­le­ri öň­de goý­lan we­zi­pä­ni ab­raý bi­len ber­jaý et­mek üçin ba­da-bat tu­tum­ly iş­le­re gi­riş­di­ler. Olar bag­la­şy­lan şert­na­ma bo­ýun­ça önüm­çi­lik iş­le­ri­ni eý­ýäm tom­suň or­ta­ky aýyn­da ta­mam­lap, şu ýyl 1-nji syn­pa oku­wa bar­ýan ça­ga­