HABARLAR

Bilimler we talyp ýaşlar güni dabaraly bellenildi

1-nji sentýabrda ýurdumyzyň ähli künjeginde Bilimler we talyp ýaşlar güni dabaraly bellenildi. Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli, dürli dabaralary, şol sanda Garaşsyzlyk binasynyň öňünde, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdepde baýramçylyk çäreleri uly ruhubelentlikde geçirildi.

Täjigistanda gurlan mekdebiň okuwçylaryna haýyr-sahawat gaznasyndan kompýuterler sowgat berildi

Arkadag şäherinde 27-nji awgustda geçiren iş maslahatynyň barşynda Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli guralýan dabaralaryň giň gerime eýe bolýandygyna ünsi çekip, şanly sene mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýakyndan goldaw bermeginde Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynda umumybilim berýän orta mekdebiň açylyş dabarasynyň geçirilmeginiň türkmen halkynyň ynsanperwer ýörelgeleriniň, dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilýändiginiň beýany boljakdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz dostlukly döwletiň türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan welaýatynda Türkmenistanyň gurluşykçylarynyň bina eden täze mekdebinde okajak okuwçylara Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna kompýuterleriň gowşurylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 9-njy dekabryndaky degişli Karary esasynda, Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň çäginde gurlan 540 orunlyk Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň açylyş dabarasy mynasybetli, bu ýerde 1-nji synpa okuwa barjak körpelere Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça h

Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaraly çäreler

1-nji sentýabrda ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda 2024-2025-nji täze okuw ýylynyň başlanýandygyny alamatlandyrýan ilkinji jaň kakyldy. Asylly däbe görä, täze okuw ýylynyň ilkinji güni Garaşsyzlyk binasyna we Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebindäki hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdepde ýerleşýän Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärliklerine gül goýmak bilen başlandy. Bilimler we talyp ýaşlar gününde ähli orta hem ýokary okuw mekdeplerinde dabaraly nyzamlar geçirilip, olarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy okaldy. Şunlukda, döwlet Baştutanymyz ýaş nesillere bilimleriň, uly açyşlaryň ýoluna ak pata berdi. Ýurdumyzda täze okuw ýylynyň ilkinji sapagy “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna hem-de ýetip gelýän şanly senä — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyna bagyşlandy.

Okamak — baýlyk

Dünýäniň iň meşhur we baý bilim ojagy Garwardyň diwarlarynda şeýle ýazgy bar: Edil häzir uklasaň, arzuwlaryňy düýşüňde görersiň. Eger ýatmagyň deregine okamagy saýlasaň, arzuwlaryňy durmuşyňda görersiň. Ine, şu ýüregi buýsançdan joşup duranlar hem ýatmagyň deregine okamagy saýlanlar. Bular tüýs geljegi gurujylar! Öňde-de biri: «Pursat barka pursatdan peýdalanmaly» diýýär. Rast aýdýar. Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasaty netijesinde ösüp gelýän ýaş nesliň bilimli, ylymly, kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýylyň-ýylyna täze ýokary okuw mekdepleri açylýar, öň bar bolanlaryň okuw maksatnamalaryna täze hünärler girizilýär. Onsoň, ýaş nesillere diňe yhlas edip okaýmak galýar. Çünki biziň ýurdumyz arzuwlaryň wysala gowuşýan ülkesi. Biz munuň şeýledigine 2024-2025-nji okuw ýylynda talyp adyna eýe bolan gözleri begenç gözýaşlaryndan doly ýaşlary görenimizde-de has aýdyň göz ýetirdik. Olaryň ýürek joşgunlaryny özlerinden eşitmek bolsa has-da ýakymly.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine

Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!Mähriban talyplar, eziz okuwçylar! Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetimizi jebislige, beýik ösüşlere ruhlandyrýan ajaýyp baýram — Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2024-2025-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaraly çäreler

1-nji sentýabrda ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda 2024-2025-nji täze okuw ýylynyň başlanýandygyny alamatlandyrýan ilkinji jaň kakyldy. Asylly däbe görä, täze okuw ýylynyň ilkinji güni Garaşsyzlyk binasyna we Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebindäki hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdepde ýerleşýän Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärliklerine gül goýmak bilen başlandy. Bilimler we talyp ýaşlar gününde ähli orta hem ýokary okuw mekdeplerinde dabaraly nyzamlar geçirilip, olarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy okaldy. Şunlukda, döwlet Baştutanymyz ýaş nesillere bilimleriň, uly açyşlaryň ýoluna ak pata berdi. Ýurdumyzda täze okuw ýylynyň ilkinji sapagy “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna hem-de ýetip gelýän şanly senä — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyna bagyşlandy.

Bu gün Bilimler we talyp ýaşlar güni

Bilimler we talyp ýaşlar gününde paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň baş şäheriniň ajaýyp binagärlik keşbine sazlaşykly utgaşýan täze desgalaryň açylyş dabaralary boldy. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze, ak mermerli binalar toplumy hem munuň aýdyň güwäsidir. Asylly däbe görä, döwlet Baştutanymyzyň her ýylyň 1-nji sentýabrynda bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine iberen Gutlagy dabaraly ýagdaýda okaldy.  Soňra ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow toý bagyny kesdi. Soňra paýtagtymyzyň taryhy merkeziniň keşbini has-da gözelleşdirýän Aşgabat şäher häkimliginiň toplumy açyldy.  Bu toplum Aşgabat şäher häkimliginiň pensiýa gaznasyny, zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçilik bölümi, Baş bilim, Medeniýet müdirliklerini öz içine alýar.

Bagtyýar ýaşlaryň köňül kelamy

Näzik SERDAROWA, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby: — Söýgi, yhlas, ynam bilen başyna barlan her bir iş ýerine düşýär, arzuwlar amala aşyp maksatlar myrat bolýar. Men ata Watanymyň aşygy, waspçysy. Watan söýgüsi meni arzuw eden ýokary okuw mekdebimiň gapysyndan getirdi, talyp boldum. Watanymyzy ýagty ertirlere alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen ýaşlarynyň ylymly-bilimli bolmagy ugrunda edýän aladalaryndan, döredip berýän mümkinçiliklerinden peýdalanyp, bagtyň eýeleri bolýarys. Bize diňe okamak, kämilleşmek, ata Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşandymyzy goşmak galýar. Bizi bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlarymyzy aýdýarys. Goý, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik bolsun!

Täze okuw ýyly üstünliklere beslener

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillere berilýän bilime üns has-da güýçlenýär. Muny biz — mugallymlar, terbiýeçiler gündelik durmuşymyzda amala aşyrylýan işlerde görýäris. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlary Watanymyzyň altyn geljegi hasaplap, olar üçin dünýäniň ösen tehnologiýalary bilen üpjün edilen, döwrebap ülňülerde gurlan mekdepleri, ähli şertleri bolan sport, dynç alyş, saglygy dikeldiş merkezlerini gurup berýär. Ýaşlaryň okap, bilim almagy üçin okuw kitaplarydyr gollanmalar yzygiderli neşir edilýär. Dünýäniň ösen tejribesini ele alan mugallymlar ýaşlarymyza bilim berýärler. Ynha, ýurdumyzda täze okuw ýyly başlandy. Täze okuw ýylyna bilim işgärleri örän taýýarlykly geldiler. 1-nji synpa gelen körpejelere hormatly Prezidentimiziň adyndan «Bilimli» atly kompýuter gowşuryldy. Elleri kompýuter sowgatly ýaşajyk nesillerimiziň gözlerinde buýsanç, geljege bolan ynam uçganaklaýar. 1-nji synp okuwçylaryna kompýuterleriň sowgat berilmegi oňat däbe öwrüldi. Biz munuň üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.

TALYPLYK ÝYLLARY — ULY MÜMKINÇILIKLERIŇ DÖWRI

On iki ýyl mundan ozal ýokary okuw mekdebinde ilkinji derse başlanymyzda halypa mugallymlarymyzyň: «Uniwersitet — üýtgeşik ýer. Bu ýerde her kim öz maksat-myradyna ýetýär. Ylym-bilime höwesliler adamzadyň asyrlaryň dowamynda toplan gymmatly hazynalaryna eýe bolýar, söwer ýaryny tapmak isleýänler özlerine ömürlik hemra boljak mynasyp ynsana duşýar, ykrar edilmek isleýänler abraý eýesi bolýar... Şonuň üçinem özüňize dörän mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanjak boluň!» hem-de «Talyplyk döwründäki bäş ýylyňyz geljegiňiziň elli ýylynyň nähili boljakdygyny kesgitleýär» diýen öwütleri şu günem ýatdan çykanok. Şondan bäri geçen ömrüň bir müçesine barabar döwürde ýokary okuw mekdebini tamamlap, göwün beren kärinde birnäçe ýyl zähmet çekip gelýän hünärmen hökmünde ýene-de şol öwüt-ündewler barada oýlanýarsyň. Bu gün talyp bolmak bagty miýesser eden ýaşlaryň müňlerçesiniň ýokary okuw mekdepleriniň gapysyndan ilkinji gezek ätläp, durmuşyň täze tapgyryna gadam basyşy barada oýlananyňda bolsa bilim-ylym, hünär we tejribe bilen baglanyşykly pikirleriňi paýlaşmak isleýärsiň. Ýaşlaryň aglaba köpüsi talyplyk döwründe diňe bilim-ylyma ähmiýet berip, hünär öwrenmek we geljekki zähmet ýoluny meýilleşdirmek barada okuwyň ahyrky ýylynda pikirlenip bo