HABARLAR

Çagalar baglarynda öňdebaryjy usullar

Häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň maddy-tehniki binýady yzygiderli pugtalanýar, bilim ojaklarynda döwrebap tehnologiýalardan peýdalanmak doly ýola goýulýar. Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda elektron gorlaryny edinmek, dersler boýunça döwrebap elektron okuw-usuly toplumlaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler giň gerim alýar. Elektron tanyşdyryşlar sesli, dürli şekiller arkaly hereketli (animasiýa arkaly) berlende çaga üçin has hem gyzykly bolýar. Çaganyň ünsüni çekmek, berilýän maglumaty ýatda galyjy edip düşündirmek her bir terbiýeçiniň, mugallymyň öňünde durýan esasy wezipeleriň biridir. Kompýuter, multimediýa tehnologiýalary okatmagyň usullarynyň kämilleşmegine getirdi, öň ulanylyp gelinýän usullary, ýagny sözüsti usullaryny baýlaşdyrdy. Munuň özi okatmak usullaryna täzeçe çemeleşmegi talap edýär. Gürrüň bermek usuly sapaklarda seýrek ulanylyp, çaganyň döredijilikli, özbaşdak işlerini guramak usullaryna uly orun berilýär.

Innowasion tehnologiýalar durmuşa geçirilýär

XXI asyr maglumat tehnologiýalarynyň barha ýokary depginler bilen ösýän döwrüdir. Häzirki wagtda ylmyň iň soňky gazananlary bolan innowasion tilsimatlar durmuşymyzyň ähli ulgamlarynda özüniň mynasyp ornuny tapdy. Munuň özi ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynyň sanlylaşdyrylmagyny, sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegini üçünji müňýyllygyň derwaýys talaby hökmünde öňe çykardy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim ulgamy täze ösüşlere eýe bolýar. Bu babatda ulgamyň işini döwrebap guramak we innowasiýa üpjünçiligini gowulandyrmak, tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak we sanly bilime geçmek boýunça uly işler alnyp barylýar.

Körpeleri halk döredijiligi esasynda terbiýelemek

Bagtyýar döwrümizde çagalara milli ruhda terbiýe bermekde, olarda Watana, halka wepalylygy terbiýelemekde mekdebe çenli çagalar edaralarynyň hyzmaty uludyr. Biz ösüp gelýän ýaş nesle durnukly bilim bermek bilen, olary milli ruhda terbiýelemek üçin yhlas edýäris. Terbiýeli, edepli-ekramly, düşünjeli, watansöýüji, zähmetsöýer perzent ata-enä-de, ýurda-da gerek. Geljegine ynamly adam ýaşamaga-da, işlemäge-de höwesli bolýar. Türkmen balasynyň edebiniň kämil bolmagy üçin ähli döwürlerde hiç halkdan pesde durmandygyny halk arasyndaky şu täsin tymsaly ýatlamak bilen göz ýetirse bolýar. Ata-ene gundagdaky perzentlerine haçan edep-terbiýe berip başlamalydygy barada maslahat sorap, akyldaryň ýanyna barýarlar. Akyldar çaganyň alty aýlyk bolandygyny eşidende, ol: «Eýýäm alty aý gijä galypsyňyz» diýip jogap berýär. Şu tymsaldan görnüşi ýaly, ähli zat çaganyň beýnisi bekemänkä onuň bilen alnyp barylýan terbiýeçilik işine bagly bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň eserleri, kitaplary çaga terbiýesi bilen gönüden-göni iş salyşýan terbiýeçiler üçin bahasyna ýetip bolmajak hazynadyr. Biz terbiýeçiler çagalar bagynda körpelere Watana, halka wepalylygy terbiýelemekde, okuw-terbiýeçilik işlerinde hormatly Prezidentimiziň

Täze sözleri öwretmegiň usullary

Ylmyň täze gazananlarynyň jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlarynda özüniň mynasyp ornuny tapmagynda diliň ýerine ýetirýän hyzmaty uludyr. Dil halkara, döwletara syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklary göwnejaý ýola goýmakda, halkara ykdysady hyzmatdaşlygy, dost-doganlyk gatnaşyklaryny yzygider we üstünlikli alyp barmakda möhüm wezipäni ýerine ýetirýär. Ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlyk ugrunyň barha giňemegi türkmen dilini doly we çuňňur öwrenmek bilen bir hatarda dünýä dillerini öwrenmek zerurlygyny ýüze çykarýar. Hormatly Prezidentimiz türkmen ýaşlarynyň ene dilimizden başga-da, rus, iňlis we beýleki dünýä dillerini öwrenmelidigini häli-şindi nygtaýar. Şol sebäpden, dünýä döwletleri bilen özara gatnaşyklary ýola goýmakda, ösdürmekde we kämilleşdirmekde işjeň ulanylýan halkara iş dili hökmünde iňlis we rus dilleriniň öwrenilişine aýratyn ähmiýet berilýär.

Çagalaryň dürs sözleýşini kämilleşdirmek

Ýaş nesillerde dürs we medeniýetli sözleýşi kemala getirmek işini çagalar baglaryndan başlamak möhüm wezipeleriň biridir. Okuw maksatnamasyna laýyklykda, mekdebe çenli çagalar edaralarynda sözleýiş dilini ösdürmegiň mazmuny çagalara sözleriň manysyna düşünmek, sözi sözlem içinde ulanyp, dogry sözläp bilmek, harplary ýazyp we okap bilmek başarnyklaryny terbiýelemekden ybaratdyr. Çagalar baglarynda çagalaryň sözleýiş dilini ösdürmekde çeper eserleri (erteki, hekaýa), goşgulary labyzly aýtdyrmak, dürli oýunlary oýnamak, suratlar bilen işlemek, tebigata gezelenç guramak ýaly usullardan peýdalanmak maksadalaýykdyr. Çagalaryň sözleýiş dilini ösdürmek işi ähli sapaklarda we olardan daşary guralýan usuly işlerde dowam etdirilmelidir, sebäbi her bir sapakda daş-töwerekdäki bolýan hadysalar çagalaryň aňynda şöhlelenip, olaryň sözleýiş diline täsir edýär. Çagalaryň sözleýiş dilini ösdürmekde ene dilini öwretmek bilen bir hatarda, olaryň pikir ýöredip bilmekleri, netije çykarmaklary, zatlar bilen hadysalaryň arasyndaky baglanyşygy seljerip bilmekleri öwredilýär. Çaga terbiýesinde maşgalanyň hem orny uludyr, sebäbi maşgalada ata-enäniň her bir hereketine, göreldesine eýerýän çagalar sözleýişde-de şol endige eýerýärler. Çagalara ýaşlykdan dürs we dogry sözlemek öwr

Işjanly halypa

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär we ösdürilýär. Ýurdumyzda ýaş nesle döwrebap bilim berýän, milli ýörelgeler esasynda, watansöýüjilik ruhunda terbiýeleýän mugallymlar köp. Şolaryň hatarynda Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň 50-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýat mugallymy, Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi Tirkeş Toýlyýew hem bar. Tirkeş Toýlyýew 1973-nji ýylda häzirki Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyny tamamlap, etrabyň 35-nji orta mekdebinde zähmet ýoluna başlady. Ol häzirki wagtda etrabyň 50-nji orta mekdebinde türkmen dili we edebiýat mugallymy bolup işleýär. Tirkeş mugallym özüne berkidilen türkmen dili we edebiýat otagyny döwrebap enjamlaşdyryp, sapaklarynda okatmagyň dürli usullaryny guraýar. Geçýän temalaryny görkezme esbaplardan, dürli tehniki serişdelerden peýdalanyp guraýar. Tirkeş Toýlyýew baý iş tejribesine daýanyp, okadýan okuwçylaryny ders bäsleşiklerine taýýarlap, olaryň baýrakly orunlara eýe bolmagyny gazanýar. Onuň ozalky okuwçysy Aýbibi Öwezmyradowa türkmen dili we edebiýat dersi boýunça geçirilen ders bäsleşiginiň welaýat tapgyrynda iki gezek b

Bilimler dünýäsi — bagtyýarlygyň binýady

Berkarar Watanymyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmeklige aýratyn ähmiýetiň berilmegi Diýarymyzyň ösüşleriniň möhüm şerti bolmak bilen bir hatarda, ýaş nesil, şonuň ýaly-da ýurdumyzyň geljegi baradaky aladany hem öz içine alýar. Durmuş ylym bilen öňe gidýär, ösýär hem özgerýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenilişi ýaly, döwletimizde umumy orta bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň esasy wezipesi ýokary derejede bilimli nesilleri kemala getirmek, geljekde hünär derejesi ýokary bolan işgärleri taýýarlamak üçin olary öňdebaryjy dünýä tejribesine we halk pedagogikasynyň baý mirasyna daýanyp terbiýelemek bolup durýar. Taryha ýüzlenenimizde hem, halkymyzyň ylym-bilime we sowatly, dana adamlara aýratyn sarpa goýandygyna göz ýetirmek bolýar. Şonuň netijesinde «Goýun bakan çöl tapar, ylym okan ýol tapar», «Hünär — akar bulak, ylym — ýanar çyrag», «Ylym akyldan dem alar», «Ylymsyz bir ýaşar, ylymly — müň» ýaly paýhasly pentler döräpdir. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda hem-de öňdengörüjiligi bilen milli bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi, ylmyň ösdürilmegi halkymyzyň asylly ýörelgelerine daýanýar.

Ösüşlerimiziň ygtybarly esasy

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda bilim ulgamynda uly işler amala aşyrylýar. Ýaş nesil hakdaky alada mähriban Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän ähli özgertmeleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Gahryman Prezidentimiziň ýokary derejede sowatly, ruhy taýdan baý, berk bedenli ýaş nesli kemala getirmek boýunça geçirýän işleriniň, badalga beren özgertmeleriniň netijesinde Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ylym-bilim ulgamy täze ösüşleri başdan geçirýär.  Milli Liderimiz ýurdumyzda alnyp barylýan ylym-bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň, ýaş nesliň belent ynsanperwerlik we watançylyk ruhunda terbiýelenmeginiň mugallymlaryň, terbiýeçileriň, umuman, bilim işgärleriniň başarnyklaryna, hünär ussatlyklaryna, öňdebaryjy iş tejribelerine baglydygyny yzygiderli nygtaýar. Başlangyç synplardan başlap, ähli synpda okaýan okuwçylara çuňňur hem döwrebap bilim bermek, milli ýörelgelerimiz esasynda edep-terbiýe öwretmek bilim işgärleriniň möhüm wezipesi bolup durýar. Şundan ugur almak bilen, sapaklarda, terbiýeçilik maksatly çärelerde dürli usullardan peýdalanýarys. 

Talyplar bilen duşuşyk

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komitetiniň hem-de TMÝG-niň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň bilelikde guramaklarynda Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde talyp ýaşlar bilen duşuşyk geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çärede çykyş edenler üstümizdäki ýylyň şeýle atlandyrylmagynyň her bir türkmenistanlynyň buýsanjyny artdyryp, täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrandygyny nygtadylar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Watanymyzda uly ösüşleriň gazanylýandygy, belent sepgitlere ýetilýändigi, ýurdumyzyň ykdysady taýdan barha kuwwatlanýandygy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe agzybir halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň barha ýokarlanýandygy, häzirki wagtda ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen köpugurly hyzmatdaşlygy alyp barýandygy, tutuş Ýer ýüzünde belent abraý-mertebä eýe bolýandygy barada çykyşlarda birin-birin durlup geçildi.

Terbiýeçiler bäsleşdiler

Etrek etrabyndaky 7-nji çagalar bagynda terbiýeçileriň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap geňeşiniň etrap bilim bölümi bilen bilelikde guramagynda «Ýylyň terbiýeçisi» bäsleşiginiň etrap tapgyry geçirildi. Bäsleşige gatnaşan terbiýeçiler okuw gollanmalary esasynda taýýarlan görkezme esbaplaryny hödürlediler. Ýaş nesli bilime ugrukdyrmakda, olaryň berk bedenli, sagdyn ruhly, Gahryman Arkadagymyzyň sargytlaryna eýerýän, Watana wepaly adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmak boýunça okuw-terbiýeçilik işlerini guraýyşlary barada gürrüň berdiler.