HABARLAR

Çaga terbiýesinde ertekileriň ähmiýeti

Ertekiler türkmen halk döredijiliginiň iň gadymy görnüşleriniň biridir. Olar köplenç, «Bir bar eken, bir ýok eken» diýen jümle bilen başlanýar. Ertekilerde halkyň oý-pikiri, dünýägaraýşy, duýgy-düşünjeleri beýan edilýär. Şeýle-de bolsa, biz ertekileriň diňe terbiýeçilik ähmiýeti hakynda oýlanyp, olaryň matematika we beýleki dersleriň hem usuly çeşmesidigi hakynda seýrek pikir edýäris. Ertekileri başlangyç synplarda we çagalar baglarynda matematika sapaklaryny okatmakda giňden ulanmak mümkin. Uzak taryhyň dowamynda adamlar durmuşyň dürli ugurlary hakynda gürrüň berýän ertekileri döredip, dilden-dile geçirip, biziň günlerimize ýetiripdirler. Ertekiler hiç haçan könelmeýär, olar ýönekeýligi we çuňňur pelsepesi bilen adamlara emosional täsir edýär. Ertekiler matematiki düşünjeleri ýönekeý, haýran galdyryjy hyýaly görnüşde görkezýär. Ertekileri diňlemek we okamak bilen, biz ertekidäki gahrymanlaryň başdan geçirmelerini we dürli ýagdaýlaryny hyýalymyzda janlandyrýarys, bolup geçýän wakalara syn edýäris we dürli ýagdaýlaryň sazlanyşygyny ýada salýarys.

Belent maksatlary nazarlap

Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasatynyň netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylmy we bilimi düýpli ösdürmek, onuň gazananlaryny milli ykdysadyýetde netijeli ulanmak, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak ýaly möhüm meseleler ileri tutulýan ugurlaryň hataryndadyr. Türkmen ýaşlarynyň döwrebap ylym-bilimli bolmagyny gazanmak döwletimiziň esasy wezipeleriniň birine öwrüldi. Aýratyn-da, bu ulgamda ylmy-tehniki innowasion ösüşlere, öňdebaryjy işläp taýýarlamalara, sanly bilime we sanly ykdysadyýete, täze hünär ugurlarynyň açylmagyna uly ähmiýet berilmegi öňegidişligiň gazanylmagyny has-da işjeňleşdirdi.

Bizem talyp bolduk

Jahan AZATGELDIÝEWA,Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň 1-nji ýyl talyby: ― Ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şäher barada kän okasam hem, eşitsem hem, şäheriň gözelliklerini «mawy ýaýlymdyr» gazet-žurnallardaky suratlarda synlasam hem, ykbalym, hünär ýolum bu şäher bilen bagly bolar öýdüp pikir etmeýärdim. Ýöne şäherde meşhur seýis Aba Annaýewiň adyny buýsanç bilen göterýän Halkara atçylyk akademiýasynyň açylandygy baradaky habary eşidenimden, bu ýokary okuw mekdebiniň talyby bolmak höwesi oýandy. Şeýlelikde, orta mekdebiň gutardyş synpyny hut şu akademiýada okamak arzuwy we bu arzuwymy amal etmek üçin taýýarlyk bilen geçirdim. Bu gün bolsa men söýgüli bilim ojagymda talyplyk dünýäsine gadam goýýaryn.

Arkadag şäheriniň 1-nji mekdebinde robot tehnikasy boýunça gurnak açyldy

1-nji sentýabrda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Türkmenistanda UNICEF Bilim ministrligi bilen bilelikde Arkadag şäheriniň 1-nji mekdebinde robot tehnikasy boýunça täze gurnagy açdylar. Gurnagyň maksady – amaly bilimler arkaly ylym, tehnologiýa, inženeriýa, sungat we matematika (STEAM) boýunça desrleri öwrenip, beýleki mekdepler üçin göreldeli nusga bolmakdyr. Döredilen robot tehnikasy boýunça gurnak sapaklar we amaly bilimleriň ösdürilmegi üçin ähli gerekli tehniki serişdeleri bilen üpjün edilip, şol bir wagtyň özünde 8-12 okuwçynyň bilelikde sapak geçmeklerine mümkinçilik berýär. Bilim ministrligi STEAM-biliminiň wajyplygyna dolulygyna düşünip, okuwçylaryň, ene-atalaryň we mugallymlaryň höwesine laýyklykda ýurdumyzyň mekdeplerinde robot tehnikasy boýunça gurnaklary döretmek işini işjeň amala aşyrýar.

Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Sanly okuw hepdeligine gatnaşýar

2024-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Pariž şäherinde ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda «Bilim üçin dolandyrylýan tehnologiýalar» atly şygar astynda Sanly okuw hepdeligi 2024-e badalga berildi. Açylyş dabarasynda ÝUNESKO-nyň bilim boýunça Baş direktorynyň orunbasary Stefaniýa Jannini çykyş etdi, şeýle hem Halkara elektroaragatnaşyk bileleşiginiň Baş sekretary Dorin Bogdan-Martiniň wideoýüzlenmesi diňlenildi.

Türkmenistanda «E-mekdep» ulgamy işe girizildi

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi tarapyndan orta mekdepleriň sanly dolandyryş ulgamy bolan «E-mekdep» ulgamy işläp başlady.Bu ulgam okuwçynyň gündeliginiň elektron görnüşini hödürleýär. Onuň üsti bilen okuwçynyň alan bahasy, okuw sapaklaryna bolan gatnaşygy, okuw sapaklarynyň rejesi, öwrenen temalary, öý işleri, mugallymyň bellikleri we berlen ýumuşlar barada onlaýn usulynda maglumat berýär. «E-mekdep» ulgamynda ata-enelere çagalarynyň okuwyna netijeli gözegçilik etmek arkaly olaryň bilimine goldaw bermek üçin örän peýdaly mümkinçilikler bar. Mysal üçin, okuwçynyň okuwa gatnaşygy barada maglumatlar, islendik wagt, işde bolsun ýa-da öýde, hakyky wagt tertibinde, ýagny onlaýn usulynda dessine SMS ýa-da sanly duýduryş görnüşinde «E-mekdep» mobil goşundy arkaly habarly bolup bilerler.

Magtymguly mekdebi

dost-doganlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini pugtalandyrýar Garaşsyz Watanymyzda her ýylyň 1-nji sentýabry şatlyk-şowhuna beslenip, ylym-bilimiň şanly toýy uludan tutulýar. Bu gün kalby bilime teşne çagalardyr ýetginjekler milli nagyşlar bilen keşdelenen tahýalaryny geýip, ýene-de bilimleriň nurana dünýäsine aralaşýarlar. Arzyly we arzuwly käriň eýeleri bolan mugallymlar täze okuw ýylyny zähmet üstünliklerine beslemek üçin uly güýç, joşgun hem hyjuw bilen işe girişýärler. Olaryň hatarynda «mugallym» diýen hormatly ada eýe bolup, uly arzuw-umytlar bilen ilkinji zähmet ýoluna gadam basýan ýaş hünärmenler-de bar.

Täze okuw ýylynyň «Ilkinji jaň» dabaralary

Diýarymyzyň çar künjeginde şatlyk-şowhuna beslendi Ajaýyp güýz paslynyň ilkinji gününde bilim ojaklary toý lybasyna beslendi: ýurdumyzda täze okuw ýyly başlandy. Eziz Diýarymyzyň çar künjegini gurşap alan «Ilkinji jaň» dabaralary hemmeler, aýratyn-da, 1-nji synp okuwçylary üçin tolgundyryjy pursatlara öwrüldi. Orta mekdepleriň, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň daş-töweregini şatlykly dabaralar gurşap aldy. Aşgabat, Arkadag şäherlerinde, welaýatlarymyzda döwrebap bilim-terbiýeçilik edaralarynyň açylyp ulanmaga berilmegi, täze okuw ýylynyň ilkinji sapagynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» mowzugynda başlanmagy «Ilkinji jaň» dabaralarynyň şowhunyny has-da artdyryp, olara aýratyn many-mazmun, baýramçylyk ruhuny çaýdy.

Täze bilim ojaklary — ýaş nesilleriň buýsanjy

1-nji sentýabrda ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda 2024-2025-nji täze okuw ýylynyň başlanýandygyny alamatlandyrýan ilkinji jaň kakyldy Güýz paslynyň ilkinji gününde Türkmenistan döwletimiziň ähli okuw mekdeplerinde täze — 2024-2025-nji okuw ýylynyň başlanýandygyny buşlaýan ilkinji jaň ýaňlandy. Çünki islendik döwletiň durnukly we sazlaşykly ösüşi ylym-bilim bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şu nukdaýnazardan, bu möhüm ugurlarda alnyp barylýan işleriň kämilleşdirilmegi hemişe üns merkezinde saklanylýar.

Döwrebap mekdep açyldy

Ýurdumyzda amala aşyrylýan işler ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulandyrylmagyna, Watanymyzyň gülläp ösmegine we dünýä derejesindäki abraýynyň has-da artmagyna gönükdirilendir. Ruhubelent, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly, edep-terbiýeli ýaşlary kemala getirmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ylymly, bilimli nesli terbiýeläp ýetişdirmek üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilýär. Gözel paýtagtymyz, welaýat merkezleri bilen bir hatarda obadyr şäherlerde hem döwrebap enjamlaşdyrylan çagalar baglary, mekdepler yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda giňden bellenilen Bilimler we talyp ýaşlar gününe bagyşlanyp, Hojambaz etrabynda hem döwrebap mekdep gurlup, ulanylmaga berildi. Hojambaz şäherindäki 38-nji orta mekdebiň ajaýyp binasy ýaşlar üçin baýramçylyk sowgady boldy. Häzirki zaman enjamlar bilen enjamlaşdyrylan bu mekdep 960 okuwça niýetlenendir. Dabaraly ýagdaýda açylan mekdep diňe bir etrabymyzyň ýaşlaryny däl, eýsem, olaryň ata-enelerini, mugallymlaryny hem begendirdi.