HABARLAR

Harby bilime ilkinji ädim

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň podpolkownik Amangeldi Gurdowyň serkerdelik edýän Alp Arslan adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde 1-nji ýyl harby okuwçylaryň harby kasam kabul edişlik dabarasy guraldy. Şatlyk-şowhuna beslenen bu dabaraly çäräniň welaýat kitaphanasynyň öňünde geçirilmeginiň aýratynlygy hem ýaş nesilleriň kitap äleminiň ummanynda gulaçlap, gerekli menzillerine dogry barmagy üçin ýol görkezijisi boldy. Meşhur türkmen serkerdesi Alp Arslanyň adyny buýsanç bilen göterýän harby mekdebimizde hem harby okuwçylaryň bilim-terbiýe almagy üçin ähli zerur şertler döredilendir. Mekdebimiziň kitaphanasyndaky kitaplar harby okuwçylarymyzyň bilimlerini çuňňur ele almagynda özüniň oňaýly täsirini ýetirýär. Geçmişden ugur alyp, türkmen halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan, şanly geljege sary öňe alyp barýan hormatly Belent Serkerdebaşymyza köp sagbolsun aýdýarys! Biz — ýaşlara okamaga, döwrebap bilim almaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli tutýan tutumly işleri hemişe rowaç alsyn!

Ak arzuwlaryň wysaly

Kiçijik uçgunjyklardan dörän arzuwlaryň hasyl bolşuna gözli şaýat bolmak diýseň täsirli hem ýatda galyjy pursat. Elbetde, arzyly kitaplaryň gatlaryna ýazylan arzuwlaryň amala aşmagy her bir ynsan üçin täze durmuş, täze sahypa. Başgaça aýdanymyzda, ynsanyň arzuwlaryna sary ilkinji gadam. Ynha, ilkinji ädimler bilen arzuwly hünärine gadam basan bagtdan paýly, sylagdan serpaýly, geljekki serhetçi serkerdelerimiz ýaşyl Tugumyzyň synyndan öpüp, harby kasamy uly buýsanç bilen ýerine ýetirýärler. Olaryň şeýle bagtly pursatlaryna şaýat bolanyňda, asuda, parahat ata Watanymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda ýaşlara göwün söýen hünärlerinde, döwrebap, häzirki zaman ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaga döredilen şertler buýsanjyňa buýsanç goşýar. Ynha, biz hem ylma-bilime uly üns berilýän ýurdumyzda köňül beren hünärine gadam basan bagtyýar ýaşlaryň ýürek sözlerini okyjylarymyza ýetirmegi müwessa bildik. Gurban ANNABERDIÝEW,Türkmenistanyň Serhet institutynyň 1-nji ýyl harby talyby:

Sanly mümkinçilikler — täze ädimler

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim ulgamyny kämilleşdirmekde, ýaş nesillere döwrebap bilim bermekde belent sepgitlere ýetilýär. Halk hakydasyna ornan hikmetli sözleriň birinde: «Älemiň gyragy bolmaz, ylmyň — çägi» diýlişi ýaly, häzirki wagtda ylym-bilimiň, tehnologiýalaryň ösüşi barha rowaçlyga beslenýär. Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrebap kämilleşdirmek, ony dünýä ülňülerine laýyk getirmek maksadynda kabul edilen «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Onuň çäklerinde uzak aralykdan bilim almagy, ylmy işleri, olimpiadalary, dürli ders bäsleşiklerini guramagyň tärlerini, elektron kitaplaryň baý goruny, okatmagyň elektron serişdelerini, forumlary öz içine alýan sanly bilim portallary döredilýär we kämilleşdirilýär. Bu babatda Türkmen oba hojalyk institutynda hem netijeli işler alnyp barylýar. Institutda «Elektron dolandyryjy» atly içki bilim portaly hereket edip, onuň üsti bilen hasap-synaglar kabul edilýär, talyplaryň sapaklara gatnaşygy we netijeleri seljerilýär. Programmada talyplaryň şahsy otagy bolup, onda test soraglaryny onlaýn görnüşinde işlemek, institutyň elektron okalgasyndaky zerur kitaplardan, gollanmalardan peýdalanmak mümkinçiligi ýola goýuldy. Mundan

Ak mekdepler giňden açdy gujagyn

Milli bilim ulgamynyň hiliniň hem-de mazmunynyň dünýä ölçeglerine laýyk gelmegini gazanmak ulgamda yzygiderli alnyp barylýan netijeli özgertmeleriň düýp maksadydyr. Toý-baýramlara baý bolan altyn güýz paslynyň ilkinji baýramy — Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze, 2024-2025-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçirilen dabaralarda şeýle buýsançly hakykat aýratyn nygtalyp aýdyldy. Balkanabat şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdepde giň gerime eýe bolan baýramçylyk dabarasy hem şeýle çuň mazmunly çäreleriň biri boldy. Toý keşbine eýe bolan mekdep binasynyň öňünde ýaýbaňlandyrylan dabara bilim işgärleri, mekdep okuwçylary, ak mekdebiň bosagasyndan ilkinji gezek ätleýän bagtyýar çagalar, welaýat we şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, şäheriň ýaşaýjylary ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.

Bilimli ýaşlar — döwre ýaraşyk

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyzda bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny hem-de bilim berlişiniň hilini yzygiderli ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berlip, bu ugurda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Watanymyzyň röwşen geljegi bolan ýaşlar hakynda döwletimiz tarapyndan uly aladalaryň edilýändigine bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler aýdyň güwä geçýär. Ýaş nesliň täze tehnologiýalary düýpli özleşdirmegi, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmagy üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini aýratyn bellemek gerek. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» we «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde häzirki wagtda eziz Diýarymyzda alnyp barylýan işleriň oňyn netijelerini berýändigine ýaş zehinlerimiziň halkara derejede geçirilýän ders bäsleşiklerinde gazanýan üstünlikleriniň mysalynda buýsanç bilen göz ýetirýäris. Bu Konsepsiýalaryň esasynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde, sapaklary döwrebap tehnologiýalar arkaly täsirli guramakda durmuşa geçirilýän işler diňe tarypa mynasypdyr. Berkarar döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, durmuşymyzyň has-da gözelleşmegi bolsa, şeýle zehinli, ylym-bil

Kämilligiň aýdyň ýoly

Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ylym-bilim ulgamy uly ösüşlere eýe bolýar. Ýurdumyzyň çar künjünde döwrebap bilim ojaklarynyň gurlup ulanmaga berilmegi, olaryň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilmegi, sanly bilimiň ornaşdyrylmagy, okatmagyň öňdebaryjy usullarynyň girizilmegi, bu ugurda uzak we ýakyn geljegi nazarlaýan maksatnamalaryň, konsepsiýalaryň kabul edilmegi ulgamyň ösmegi üçin döwrebap şert-mümkinçilikleriň döredilýändigini subut edýär. Bilim özgertmeleri bolsa türkmen ylmyny täze belentliklere götermek baradaky maksady özünde jemleýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Eziz Watanymyzda ylmy we bilimi ösdürmek, ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ylmyň täze gazananlaryny ornaşdyrmak, ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny ýokarlandyrmak biziň baş maksatlarymyzyň biri bolup durýar» diýen sözleri munuň  kepilidir. Ylym-bilim döwletimiziň ösüşiniň berk binýady bolmak bilen, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda we beýleki ulgamlary ösdürmekde giň mümkinçilikleri açýar. Ylym-bilim bilen öňe gidip, belent sepgitleri eýeläp bolýar. Şoňa görä-de, bilim ulgamynda öňe sürülýän başlangyçlar, kabul edilýän maksatnamalar bagtyýar geljegiň binýadydyr. Ýurdumyzyň häzirki zaman ösüşi, şöhratly geljegi eziz Diýarymyzyň daýanjy bo

Robototehnika — geljegiň ugry

Ozal habar berlişi ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2024-2025-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynda Robototehnika bilim merkezi işläp başlady. Ýurdumyzda soňky ýyllarda öwrenilip başlanan bu ugur milli bilim ulgamynda ileri tutulýan hünär bilimine öwrülýär. Ol ýaşlaryň dünýägaraýşynyň giňelmegine, innowasion tehnologik ukyp-başarnyklarynyň kämilleşmegine ýardam edýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň (ÝUNISEF) ýardam bermeginde döredilen täze merkeziň maksady ýaşlara STEAM bilim modelini tejribäniň üsti bilen berkidip öwretmekden hem-de bu işi has giňden ýaýbaňlandyryp, ýurdumyzyň beýleki bilim edaralaryna görelde bolmakdan, robototehnika önümlerini amaly taýdan peýdalanmagyň esaslaryny döretmekden ybaratdyr. Şu maksatlara ýetmek üçin bolsa täze merkez 8 — 12 adamlyk toparlaýyn okuw işlerini alyp barmaga giňden ýardam edýän tehniki serişdeler hem-de enjamlar bilen üpjün edildi.

Akyldar şahyryň hormatyna täze mekdep binasy bilim ulgamynda işjeň hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasydyr

Bu ýyl akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejede giňden bellenilýär. Şygryýet äleminde meşhur şahsyýetleriň biri bolup orun alan, dünýä halklarynyň çeper döredijiliginiň ösüşine uly täsirini ýetiren Magtymguly Pyragynyň sarpasy belent tutulýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň dowamynda Russiýada, Türkiýede, Eýranda, Özbegistanda, Ukrainada we beýleki ýurtlarda, şol sanda Russiýanyň Stawropol ülkesiniň Blagodarnensk raýonyndaky türkmenleriň ýaşaýan Edelbaý obasynda, Astrahanda, Kiýewde, Özbegistanyň Daşkent we Hywa şäherlerinde türkmen halkynyň nusgawy şahyrynyň hormatyna ýadygärlikler bina edildi. 4-nji iýulda Magtymguly Pyragynyň Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde oturdylan ýadygärliginiň açylyş dabarasy boldy. Ýurdumyzda dünýä döwletleri bilen bilim ulgamynda özara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly üns gönükdirilýär, bu nurana işlerde beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň hem hatyralanýandygy örän guwandyryjy ýagdaýdyr. Bilimler we talyp ýaşlar gününde Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdep açylyp, ulanmaga berildi. Bu mekdebiň açylyşyna Türkmenist

Ruhubelentlige beslenen dabaralar

Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda hem Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenip geçildi. Şanly sene mynasybetli bilim ojaklarynda şatlyk-şowhuna beslenen baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy. GÖKDEPE. Etrabyň Yzgant şäherçesiniň Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdepde bolan dabara gatnaşan bilim işgärleri, mekdep okuwçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ilki bilen, Gahryman Arkadagymyzyň atasy watançy esger, halypa mugallym Berdimuhamet Annaýewiň mekdepdäki nurana ýadygärligine gül goýup, ilhalar ynsanyň ruhuna tagzym etdiler.

Bilim ulgamy — ösen geljegiň berk binýady