HABARLAR

Gadamyň batly, ädimiň şowly bolsun!

Mekdep möwsüminiň başlanmagy bilen, alty ýaşyny dolduran körpejeler çagalar baglary bilen hoşlaşyp, ak mekdeplere gadam basdylar. Ýaş nesli sagdyn, bilimli, ruhubelent, watansöýüji edip ýetişdirmekde hormatly mugallymlaryň we ene-atanyň orny uludyr. Çagalar köp zady bilesi gelip, okuwa uly höwes bilen gatnaýarlar. Täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen olaryň gün tertibi, iýmiti, dynç alşy düýpgöter üýtgeýär. Mekdebe ilkinji gezek gadam basmak bilen, öwrülişikli pursady başdan geçirýän çagalaryň ruhy we beden saglygyny goramak, mekdebiň gün tertibine öwrenişdirmek birbada kynrak düşýär. Şeýle-de bolsa, çaganyň gün tertibiniň dogry guralmagyny, onuň bedenterbiýe we sport bilen işjeň meşgullanmagyny, akyl zähmetini fiziki zähmet bilen utgaşdyrmagyny, ýeterlik dynç almagyny, arassaçylyk düzgünlerini gyşarnyksyz berjaý etmegini gazanmak zerurdyr. Bu babatdan, mugallymlar, ene-atalar çaga täze durmuşa uýgunlaşmaga, özgerişlikleri kabul etmäge kömek bermelidirler. Mekdep ýaşyndaky çagalaryň oňurga süňküniň doly bekeşmeýänligi sebäpli, göwre durşunyň nädogrulygy, esasan hem, mekdep döwründe ýüze çykýar. Çaganyň oturgyçda dogry oturmaklygyň düzgünlerini bilmezligi, doly we dogry berjaý etmezligi ýaşlykdan çagalaryň oňurgalarynyň gyşyk ösmegine, oňurga s

Bilim — bagtyň gözbaşy

Gahryman Arkadagymyz «Älem içre at gezer» atly ajaýyp romanynda: «Nesil! Nesil — munuň özi barlyk, ol seniňem, seniň halkyňam ykbalyny çözer, ol seni görlüp-eşidilmedik belentliklere göterer» diýip belleýär. Nesilleri belent derejelere göterjek goşa ganat bolsa watansöýüjilik hem-de ylym-bilimdir. Ylym-bilimiň halkyň ýaşaýşynda tutýan orny babatda Gahryman Arkadagymyz çuňňur parasatlylyk bilen: «Gün bolmasa, nur, kök bolmasa, daragt, ylym we bilim bolmasa, bagtyýarlyk bolmaz» diýip belleýär. Dogrudan-da, milletiň baky bagtyýarlygynyň kökleri-de, ýagty geljeginiň aýdyň şuglasy-da, ilkinji nobatda, ylym-bilimden gözbaş alýar.

Röwşen geljegimiziň aladasy

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim ulgamyny ösdürmek, kämil bilimli, giň gözýetimli, hünärli, berk bedenli, sagdyn ruhly nesli kemala getirmek ugrunda edýän aladalary ýurdumyzyň ýaşlaryny has-da begendirýär. Bilimler we talyp ýaşlar gününiň dabaralarynyň güneşli Diýarymyzyň ähli künjeginde şatlyk-şowhuna beslenen çagynda açylyp ulanylmaga berlen mekdeplerdir çagalar baglary hem ýaşlar hakdaky aladalaryň güwäsi boldy. Ak bugdaý etrabynyň ýaşlarynyň şatlygyny goşalandyran wakalaryň biri-de şol şatlyky günde etrabymyzyň Bokurdak şäherçesinde 1200 orunlyk umumybilim berýän mekdebiň we 120 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýynyň dabaraly ýagdaýda açylmagydyr. Döwrebap bilim ojagynda ýaş nesliň bilimleri çuňňur özleşdirmegi, bilim işgärleriniň döredijilikli zähmet çekmegi babatynda ajaýyp şertleriň göz öňüne tutulmagy, okuw otaglarynyň okatmagyň iň häzirki zaman enjamlarydyr görkezme esbaplary bilen üpjün edilmegi her birimizi buýsandyrýar.

Nesilleriň merdanalyk mekdebi

«Bu Watan şeýlebir mukaddes Watan»... Golaýda hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze binalar toplumynyň açylyşynda teatr ussatlarynyň ýerine ýetiren edebi-sazly kompozisiýasynda ýaňlanan bu ganatly sözler dabara gatnaşyjylaryň ruhuny has-da galkyndyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen iki ýyl mundan ozal düýbi tutulan döwrebap toplum «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň Bilimler we talyp ýaşlar gününde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mübärek gadamy bilen açylyp ulanmaga berildi. Aşgabat şäheriniň gözel künjeginde bina edilen täze toplum paýtagtymyzyň ajaýyp keşbine görk goşýar hem-de Milli goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny alamatlandyrýar. Ol okuw we dolandyryş, okuw, naharhana, ýatakhana, lukmançylyk, goşmaça okuw, sport binalaryny, awtoduralgany hem-de beýleki tehniki desgalary özünde birleşdirýär. Bu ýerde Watany goramagy ykbalyna öwürmegi maksat edinen ýaş oglanlar taýýarlanylýar.

Mugallymyň mertebesi

Asylly kärinden kemal tapan ussat mugallymlaryň geçen ýoly ýaşlar üçin görelde mekdebidir. Biz bu gün asyra barabar ýaşly bilim ojagynda — Gyzylarbat etrabyndaky 20-nji orta mekdepde 45 ýyldan gowrak wagt bäri ýaş nesle bilim-terbiýe berýän halypa mugallym, «Magtymguly Pyragy» medalynyň eýesi Ogultagan Hojagulyýewanyň zähmet ýolundan söhbet açmagy müwessa bildik. 1958-nji ýylda Gyzylarbat etrabynda dünýä inen Ogultagan Hojagulyýewa kiçiliginden taryhyň we edebiýatyň muşdagyna öwrülýär. Gadymy miras, söz sungaty bilen içgin gyzyklanan ýaş zehinli gyzjagazy halypa mugallymlar Güljeren Padyýewanyň, Annamuhammet Ussaýewiň sapaklary özüne ýüpsüz kökerip goýýar.

Döwletliler köşgünden talyplyga gadam

Şu ýyl talyp bolmak bagtyna eýe bolan ýaşlaryň arasynda BAE-niň Prezidenti Şeýh Zaid bin Sultan Al-Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgüniň zehinli uçurymlarynyň ençemesi bar. 1-nji sentýabrda ilkinji gezek täze okuw mekdepleriniň bosagasyndan ätlän bu talyplar okamak üçin ähli şertleri döredýän, ýaşlaryň hak howandary Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyşlaryny aýdýarlar.

Ussat mugallyma tagzym — bilim dünýäsine ak ýol

Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde dabaraly çäre geçirildi. Dabaranyň başy ömrüni, ykbalyny Watana, mugallymçylyk ýaly asylly käre bagyşlan ynsan Berdimuhamet mugallymyň heýkeline ter gül desselerini goýmak bilen başlandy. Baýramçylyk çäresine Arkadag şäheriniň bilim ojaklarynda zähmet çekýän mugallymlar, talyp ýaşlar hem-de mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Soňra baýramçylyk mynasybetli guralan dabaraly çäreler «akylly» şäheriň ähli bilim ojaklarynda dowam etdi. Dabarada ajaýyp şäherde döwrebap mekdepleri gurduryp beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tükeniksiz alkyş sözleri aýdyldy.

«Ilkinji jaňyň» owazy

1-nji sentýabrda Arkadag şäherindäki ýokary, ýörite orta hünär okuw we umumybilim berýän mekdepleriň hem-de çagalar baglarynyň gapysy giňden açylyp, Bilimler we talyp ýaşlar gününiň baýramçylyk dabarasy uly joşguna beslendi. Ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň ajaýyp binalary, giň şaýollary, seýilgähleri bu toý gününde örän owadan keşbe eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen gurlup ulanmaga berlen Arkadag şäherindäki bilim ojaklarynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ady bilen ilkinji okuw sapagy geçirildi. Säher bilen mekdeplere we çagalar baglaryna ilkinji ädimlerini ätlän elleri gül desseli çagalary mugallymlar güler ýüz bilen garşyladylar. Baýramçylyk dabaralarynyň dowamynda bilim işgärleri hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çykyş etdiler.

Ýaşlaryň şäherinde ýöriteleşdirilen bilim ojagy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda her ýylyň 1-nji sentýabrynda bellenip geçilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli guralan baýramçylyk çäresi ajaýyp Arkadag şäherinde hem uly dabaralara beslendi. Bu baýramçylyk gününde Arkadag şäherindäki ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiň açylmagy «akylly» şäheriň ýaşaýjylarynyň, bilim işgärleriniň hem-de mekdep okuwçylarynyň buýsançly başlaryny göge ýetirdi. Döwrebap bilim ojagynyň açylyş dabarasyna edara-kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de «akylly» şäheriň bagtly durmuşynda ilkinji gezek mekdebe gadam basýan körpelerimiz, bagtyýar çagajyklarymyz, olaryň ata-eneleri hem-de bilim işgärleri gatnaşdylar.

Robototehnika: intellektual ösüş

Arkadag şäherindäki 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynda 2024-2025-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Bilimler we talyp ýaşlar gününde Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň goldaw bermeginde Robototehnika bilim merkeziniň açylyşy dabaraly ýagdaýda geçirildi.