HABARLAR

Reýting bahalandyrylan mugallymlar kämil taýýarlanan hünärmenleriň esasydyr

Milli Liderimiziň gönüden-göni baştutanlygynda kanuny esaslaryň döredilmegi bilen döwletimiziň kärhanalaryna, edaralaryna, guramalaryna maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary girizilip, maliýe hasabatlyklary dünýä ülňülerine laýyklykda alnyp barylýar. Ählitaraplaýyn kämilleşdirmek yzygiderli dowam etdirilýär. Has takygy, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bazar ykdysady gatnaşyklarynyň çuňlaşmagy, gymmatly kagyzlar bazarynyň ösdürilmegi, daşary ýurt maýasynyň gatnaşmagynda döredilýän bilelikdäki kärhanalaryň sanynyň artdyrylmagy döwletiň, ýuridik şahslaryň dolandyryjylarynyň, olary esaslandyryjylaryň, paýdarlaryň ygtybarly we maliýe hasap maglumatlaryna bolan gyzyklanmalaryny ýokarlandyrýar. Ykdysady ulgamlar bilen bilelikde ösüşi gazanmakda, halkyň durmuş, ýaşaýyş derejelerini has-da ýokarlandyrmakda beýleki ulgamlar bilen bir hatarda, maliýe-karz we bank ulgamlarynyň ähmiýeti barha artýar. Häzirki zaman gurallary we standartlary iş tejribesine girizilýär,  olardan giňden peýdalanylýar. Bu döwrebap özgertmeler ýurdumyzyň ilatyna ýokary hilli hyzmatlary hödürlemekde, innowasiýalary ornaşdyrmak, ulanmak, kämilleşdirmek bilen bagly hünärmenleri taýýarlamakda hem giňden ulanylýar.

Kämil usullardan peýdalanmak

Mugallym bilen okuwçynyň, okuwçy bilen ene-atanyň, ene-ata bilen mugallymyň arasyndaky gatnaşyklaryň kämil derejede bolmagy has zerur hasaplanylýar. Biz muny pedagogikanyň esaslaryna salgylanyp aýtsak, özara gatnaşyklaryň berkäp, möhüm ähmiýete eýe bolýandygyny durmuş tejribesinden göz ýetirýäris. Geljegimiz bolan ýaş nesliň terbiýesi baradaky alada biziň her birimiziň mukaddes borjumyz bolup durýar. Mugallym ýaş nesliň bilimli, terbiýeli, hünärli bolmagy barada örän çynlakaý alada edýär. Mugallymyň yhlas-aladasynyň ýerine düşmegi üçin ýaşlaryň okuwda, jemgyýetçilik ýerlerinde özlerini göreldeli alyp barmaklary gerek. Munuň üçin ene-atalaryň pent-nesihatlary, görüm-göreldesi zerurdyr. Nesil terbiýesi her bir ene-atadan uçursyz zähmeti we yhlas-aladany talap edýär. Biz ene-atalar, jemgyýet bilen geljegimiz bolan ýaşlary terbiýeleýäris. Şonuň üçin ýaşlaryň terbiýesi, edep-ekramy, okuwlaryna ýetişigi esasy orunda durýar.

Tejribe okuwlarynyň aýratynlyklary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň baý medeni mirasyny, milli senetçiligini kämilleşdirmek we ony öwrenmek boýunça durmuşa geçirilýän ägirt uly işler bu gün özüniň datly miwelerini bolluk bilen eçilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda pederlerimizden miras galan gymmatlyklarymyzy gorap saklamak, geljekki nesillerimize ýetirmek babatynda alnyp barylýan ägirt uly işler üstünliklere beslenýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 11-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda «Garaşsyzlyk ýyllarynda milli senetçiligiň ösdürilişi hem-de dünýä tejribesini öwrenmegiň derwaýys meseleleri» atly onlaýn maslahaty we ussatlyk sapaklary geçirildi.

Sapakda oýunlary ulanmagyň ähmiýeti

Häzirki ajaýyp döwrümizde ylym-bilim ösdürilýär, bu ugurda giň mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim özgertmeleri rowaçlanýar. Häzirki wagtda bilim öwretmegiň, okatmagyň döwrebap ugurlary ylmy esasda öwrenilýär we işjeň durmuşa ornaşdyrylýar. Didaktiki oýunlar ýarym asyrdan gowrak wagt bäri pedagogikada belli bolan bilimi oýun arkaly öwretmek usulydyr. Şonuň üçin didaktiki oýunlaryň esasy orny, bilim maksatly, anyk we umumylaşdyrylan bilimleri döretmegi bilimiň hil taýdan täzeçe çemeleşmegini talap edýär hem-de onuň üstünliginiň oýnuň netijesi bilen baglanyşyklydygyny görkezýär.

Il içinde sarpaly mugallym

(Oçerk) Bilini berk guşaýmasa, özüne nämäniň garaşýanyny magat aňanda, uzynakdan arryklaç, bugdaýreňkden atýüzli ýigidiň bürşen gür gaşlary gözlerini ýapaýjak boldy.

Okatmagyň döwrebap usullary

Taryh döwletleriň maddy, halklaryň ruhy-medeni ösüşleriniň ylma esaslanýandygyny döwürleriň we eýýamlaryň synaglaryndan geçirip subut etdi. Hut şu jähetden hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylym-bilime, ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen döwrebap bilim ojaklarynyň ýylsaýyn artýan gurluşygy yzygiderli dowam etdirilip, olarda döwrebap mümkinçilikler döredilýär. Ata-babalarymyzyň asylly ýörelgesine eýerip, çagany ýaşlykdan alada bilen gurşap almak, orta mekdepde bilim-sowat öwretmek hem-de ýokary okuw mekdepde kämil hünärmen edip ýetişdirmek, olary ylma höweslendirmek baş maksadymyzdyr. Türkmenistanyň milli bilim ulgamy innowasion tehnologiýalara we dünýä tejribesine esaslanýar. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň häzirki ýagdaýy ösüşiň ýokary derejesine göterildi. Ýurdumyzyň bilim ojaklary ýaşlara berilýän bilimiň ýokary hil derejede bolmagyny maksat edinip, adamzat paýhasynyň gazanan iň ajaýyp we möhüm ähmiýetli üstünliklerinden biri — ylma esaslanýar. Şular bilen birlikde, ýurduň milli bilim we ylym ulgamynyň dünýäniň bilim giňişligine sazlaşykly goşulmagy gazanyldy.

Diýarymyzda bilim özgertmeleri rowaçlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaşlar syýasatyny, bilimi, sporty ösdürmäge, bu möhüm ulgamlary dünýä derejesine çykarmaga aýratyn üns berilýär. Bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalanýar. Bu ugurda ylmyň öňdebaryjy gazananlary, şol sanda sanly innowasion tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Şonuň netijesinde, giň dünýägaraýyşly hünärmenleri taýýarlamaga uly ähmiýet berilýär. Ýaş nesliň düýpli bilim öwrenmegi, beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiz: «Ýurdumyzda bilim ulgamyny dünýä ülňülerine, umumy ykrar edilen halkara kadalara we öňdebaryjy tejribelere laýyk kämilleşdirmek, ýaş nesillerimizi milli hem-de umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelemek, olara döwrebap bilim bermek biziň alyp barýan bilim syýasatymyzyň baş maksadydyr» diýip, ýurdumyzda ylym-bilim özgertmelerine aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtap belleýär.

Wa­tan­sö­ýü­ji­li­giň nus­ga­lyk mek­de­bi

«7/24.tm»:№38 (225) 16.09.2024 Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz gün­sa­ýyn tä­ze ösüş­ler bi­len dün­ýä­ni haý­ra­na goý­ýar. 1991-nji ýyl­da Ga­raş­syz­ly­gy­my­zy ala­ny­myz­dan soň, ýur­du­myz­da dür­li maksatly bi­na­lar açy­lyp ula­nyl­ma­ga be­ril­di. Wa­tan go­rag­çy­la­ry­myz bo­lan har­by gul­luk­çy­la­ryň, har­by ta­lyp­la­ryň we har­by mek­dep­le­riň okuw­çy­la­ry­nyň gul­luk, okuw we ýa­şa­ýyş şert­le­ri­niň yzy­gi­der­li go­wu­lan­dy­ryl­ma­gy ug­run­da ama­la aşy­ryl­ýan iş­ler mu­nuň aý­dyň şa­ýa­dy­dyr.

Tarypa sygmaýan taryhy gün

Üç asyryň geçendigine garamazdan, Magtymgulynyň döredijiligi dünýä türkmenlerini ruhy taýdan birleşdirýär, bitewüleşdirýär. Aslyýetinde, Magtymgulyny tanamak — türkmeni tanamak. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda akyldar şahyrymyzyň mertebeli adyny göterýän, maddy enjamlaýyn binýady berk umumybilim berýän döwrebap ak mekdep bina edildi. Türkmen-täjik dost-doganlyk gatnaşyklarynyň barha pugtalanýandygyny görkezýän bu mekdepde bagtyýar çagalar okap bilim-terbiýe alarlar. Täjigistanda ýaşaýan türkmen doganlarymyz ýaş nesilleriň ykbalyna ýagtylyk çaýýan, ýollaryna nur saçýan döwlet Baştutanymyza egsilmez sagbolsunlaryny, ýürekden çykýan ak arzuwlaryny beýan edýärler. Sebitdeş ýurtda ýaşaýan köpsanly ildeşlerimiz üçin niýetlenen döwrebap mekdebe Magtymguly Pyragynyň adynyň dakylmagy olaryň bagtyna bagt, şatlygyna şatlyk goşdy. Şol sene olar üçin tarypa sygmaýan taryhy gün. Biz bolsa taryhy senäniň sebäpkärleri bolan şol mekdebiň okuwçylarynyň we mekdebiň müdiriniň ýürek buýsanjyny size ýetirýäris.

Merdana ogullaryň mertlik mekdebi

Harby lybas meniň çagalyk arzuwlarymyň iň seresini ýadyma salýar. Hawa, edil düýn ýalydy, «Geljekde kim bolmak isleýärsiň?» diýlen sowala birmeňzeş «Harby gullukçy!» diýip jogap berşim... «Men ilki harby mekdebi okap, soňra Watan öňündäki gulluk borjumy mynasyp ýerine ýetirerin. Soňra bolsa ýörite tälim alyp, zerre gumy zerden zyýat gül Diýarymyň janpenasy — harby gullukçy bolaryn. Ýurdumyzyň her daban ýerini jandan ileri tutup, gözümiň göreji deý goraryn...» diýe-diýe çagalygymyň nädip geçeninem duýmandyryn. Ýöne her gezek harby lybasa gözüm düşende, ýyllaryň aňyrsynda uka giden çagalyk arzuwlarym ýaňadan jana gelýär. Ýakynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli açylyp ulanylmaga berlen Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze binalar toplumyny görüb-ä harby lybasly oglanlara hasam gözüm gitdi... Bu harby mekdepde tälim aljak harby okuwçylar, gör, nähili bagtly! Çünki bu bilim ojagyna hut Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mübärek gadamy düşdi. Bu taryhy wakanyň tarypyny ýetirmek bagty nesibämde bar ekeni. Geliň, onda gysgaça harby mekdebiň mümkinçilikleri bilen tanşalyň! Paýtagtymyzyň gözel künjeginde ak mermerden, hoşsurat keşbi döreden düzgünli bu binalar toplumy — geljekk