HABARLAR

ZAMANAŇ BAGTLY ÝAŞLARY

Çeper NAZARGYLYJOWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň magistranty:

Millilige ýugrulan terbiýeçilik mekdebi

Berkarar döwletimiziň bagtly geljegini gazanmagyň baş şerti türkmen ýaşlaryny ylym-bilimden ýüki ýetik, ösen tehnologiýalardan oňat baş çykaryp bilýän kämil hünärmenler edip ýetişdirmekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň bilim ulgamyna degişli edara-kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, olaryň häzirki zamanyň iň kämil enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagyny üpjün etmek babatda başyny başlan özgertmeleri hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam edýär. Döwletimizde ýaş nesillerimizi terbiýeläp ýetişdirmekde, olara Watanymyzyň taryhy, şu günki ösüşleri barada bilim berip, hünär öwretmekde döredijilikli işler alnyp barylýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde nesil terbiýesine aýratyn üns berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda ýaş nesiller we nesil terbiýesi, olaryň sazlaşykly ösüşi hem-de saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, şeýle hem saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, olaryň yzygiderli sport, bedenterbiýe bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertler döredilýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyl

Ýaş zehinleriň halkara üstünligi

Ylymly-bilimli ýaşlar — eziz Watanymyzyň röwşen geljegi. Şu jähetden, olaryň ukyp-başarnygyny ýüze çykarmak, ösdürmek hem-de ylym-bilime bolan höwesini artdyrmak ugrunda giň mümkinçilikler döredilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem ýaşlaryň gazanýan üstünlikleri, ýetýän sepgitleri baradaky hoş habarlary eşideniňde, öz ýanyňdan «berekellasyny» ýetireniňi duýman galýarsyň. Şeýle buýsandyryjy habarlaryň bolsa yzy üzülmeýär. Milli bilim ulgamynda ajaýyp üstünliklere ýetilmegi ýurdumyzda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi babatda döwlet derejesinde edilýän taýsyz tagallalaryň guwandyryjy netijeleridir. Ýaş nesli ylymly edip terbiýeläp ýetişdirmek üçin döwletimizde ähli mümkinçilikler döredilýär. Talyplar, okuwçylar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň özleri barada edýän aladalaryna mynasyp jogap bermäge çalyşýarlar. Munuň şeýledigini her ýylda mekdep okuwçylarynyň ýüzlerçesiniň halkara derejede geçirilýän bilim, taslama, internet bäsleşiklerinde we sport ýaryşlarynda gazanýan üstünliklerinde-de görmek bolýar. Olar bu bäsleşiklerde üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň abraýyny belende galdyrýarlar.

Bilim

Dil bilen dünýäni gezer Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, ösüp gelýän ýaş nesle ata-babalarymyzyň öwüt-ündewleriniň esasynda bilim we terbiýe berlişini has-da kämilleşdirmek milli bilim ulgamynyň wajyp wezipesi bolup durýar. Şoňa görä-de bilim özgertmelerini has-da işjeňleşdirmek, bu işiň döwrüň talaplaryna we halkara ülňülerine laýyklygyny üpjün etmek, pedagogik işgärleriň hünär ussatlyklaryny, iş başarnyklaryny yzygiderli ösdürmekde okatmagyň usullaryny nazaryýet we tejribe taýdan kämilleşdirmek babatdaky işleri utgaşdyryp dowam etdirmek möhümdir. Ýurdumyzyň bilim işgärleri şu wezipelerden ugur alyp, öz işlerini göwnejaý guraýarlar, dürli bäsleşiklere, halkara derejesindäki ylmy-amaly maslahatlara gatnaşýarlar.

Ganat diňe uçmak üçin gerek däl

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Ganatlar guşlary asman şalygyna soltan edýän bolsa, ynsany üstünlikleriň şanly ýoluna rowan edýär. üstünlik gazanmak üçin bolsa bilimden hem ylymdan hasyl bolan goşa ganat derwaýysdyr. Şol ganatlar hakda oýlanyp, olaryň diňe bir uçmak üçin däl, eýsem arzyly menzilleri aşmak üçin hem gerekdigi hakyndaky pikirler bilen ikiçäk galýarsyň. 

Bilim işgärleriniň baýramçylyk sowgatlary

  Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň mejlisler zalynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaraly ýygnak geçirildi. Oňa ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat, Arkadag şäherleriniň umumybilim berýän orta mekdepleriň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň öňdebaryjy bilim işgärleri gatnaşdylar. Dabaraly çärä gatnaşanlar hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamynda döredip berýän giň mümkinçiliklerine hoşallyk sözlerini aýtdylar. Dabaranyň dowamynda bilimde tapawutlanyp zähmet çeken öňdebaryjy bilim işgärlerine Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Hormat haty we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.

Bilimli ýaşlar ýurduň daýanjydyr

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň geljegi ýaşlara baglydyr. Bilimli, sowatly, hünärli ýaşlar eziz Diýarymyzyň daýanjydyr. Şonuň üçin hem ýurdumyzda amala aşyrylýan bilim özgertmeleri, ilkinji nobatda, olaryň hemmetaraplaýyn ösen, kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerine gönükdirilendir.  Günsaýyn gülläp ösýän ajaýyp zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýaş nesillerimiziň halkara ülňülere laýyk döwrebap bilim almagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bilim ulgamyna okatmagyň täze usullarynyň yzygiderli ornaşdyrylmagy, halkymyzyň gadymdan gelýän milli ýörelgeleriniň häzirki zamanyň ösen tejribesi bilen sazlaşykly ösdürilmegi täze üstünliklere ýol açýar. Ýurdumyzda bilim-terbiýeçilik işlerini dünýä derejesinde kämilleşdirmäge gönükdirilen sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalaryny durmuşa geçirmek boýunça netijeli işler üstünlikli dowam etdirilýär. Ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän aladalar eziz Watanymyza, merdana halkymyza, ata-babalarymyzyň ajaýyp ýörelgelerine, milli däp-dessurlarymyza wepaly, ruhubelent, bilim almaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli ýaşlaryň kemala gelmegine ýardam berýär.

Halkara çäreleriň ähmiýeti

Ýakynda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherindäki «Arman Dala» saglyk we güýmenje merkezinde «Jastar Generation — 2024» atly halkara çäre geçirildi. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlaryny jemlän bu çärä ýurdumyzdan hem wekiller gatnaşdy. Türkmen wekiliýetiniň düzümi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň işgärlerinden we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlaryndan ybarat boldy. Çäräniň dowamynda taslamany dolandyrmak, medeniýetler arasyndaky aragatnaşyk, emosional intellekt, metbugat mahabaty we beýleki ugurlar boýunça ussatlyk sapaklary we okuwlar geçirildi. Onda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy Maksat Bugraýew bilim ulgamyndaky täzelikler, dil başarnyklaryny ösdürmek we medeniýetler arasyndaky aragatnaşyk baradaky çärelere işjeň gatnaşdy. Olarda sanly tehnologiýalary okuw prosesine ornaşdyrmak we daşary ýurt dillerini okatmagy gowulandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Başlangyç synplarda okatmagyň işjeň usullary

Başlangyç synplarda okatmagyň esasy talaplarynyň biri-de çagalarda gowy gylyk-häsiýetleri terbiýelemek we ynsanperwer garaýşy kemala getirmek bolup durýar. Ýaş nesli terbiýelemek, olarda gowy sypatlary kemala getirmek bilen, zerur durmuş endiklerini öwretmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Bu günki çagalar — jemgyýetimiziň geljegi. Şonuň üçin olaryň terbiýesine, akyl we beden taýdan ösüşine çynlakaý üns berilýär. Her bir sapagy täsirli guramaklyga, onuň bilim berijilik derejesi bilen bir hatarda, terbiýeçilik tarapyna hem aýratyn ähmiýet berýärin. Okuw işiniň netijeliligi, ilkinji nobatda, mugallymyň saýlap alan okuw usullaryna bagly bolup durýar. Şonuň üçin döwrüň talaplaryndan ugur alyp, guralýan sapaklarda innowasion okuw usullaryny, häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryny peýdalanmak okuwçylaryň bilim derejeleriniň artmagyna täsirini ýetirýär. Ýaş nesli geljekde sowatly, ruhy we beden taýdan sagdyn, ösýän jemgyýete uýgunlaşmaga ukyply adamlar edip terbiýeläp ýetişdirmekde alyp barýan işlerimiz oňat netije berýär.

Ýaşlary mugallymçylyk hünärine gözükdirmek

«Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň» esasy maksatlarynyň biri ýaşlara geljekde mugallymçylyk hünärini saýlamaga ýardam bermekden ybaratdyr. Umumybilim berýän mekdepler öz üstüne ýüklenen bu wezipä laýyklykda, mugallymçylyk hünärine höwes bildirýän mekdep okuwçylary bilen ýörite işleri geçirmelidirler. Umumybilim berýän mekdepler bilim we terbiýe alýan iň zehinli okuwçylarynyň öz halypalarynyň işini dowam etdirmegi üçin gyzyklanmalydyr. Ýaşlary mugallymçylyk hünärine gözükdirmek mekdebiň bütin hünäre gözükdiriş işiniň düzüm bölegi bolmalydyr.