HABARLAR

Bilim işgärleriniň iş tejribesinden

Sözleýiş we ýazuw kadalaryny öwretmek Häzirki wagtda ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek asylly ýörelgä öwrüldi. Şunda ýaşlarda ene dilimize söýgi döretmek, olaryň ýazuw kadalaryna düşünmeklerini gazanmak esasy ugurlardyr. Dilimizde ýörite öwrenilýän ylmy, çeper, publisistik stili, resmi hem-de iş-kagyz stilini okuwçylara öwretmek bilen olaryň ýazuw işinde hem kämilleşmegini gazanmak bolýar. Sözleýşiň umumy aýratynlyklary gepleşigiň haýsy gurşawda bolup geçýänligi bilen bagly bolýar. Ol ýa-da beýleki gurşawdaky gepleşik jemgyýetçilik aňyň formasyna görä bolýar. Muňa mysal hökmünde şulary beýan edip bolar, ýagny gepleşigiň ylmy gurşawyndaky sözleýşe ylmy stil diýlip, bu stiliň öz funksional-stilistik kadasy we alamatlary bolýar.

Bilim bilen hikmet – altyndan gymmat

Pederlerimiziň çuň paýhasy siňen şu dürdäne pähimi okanyňda, bilime näderejede bahasyna ýetip bolmajak hazynadygyna akyl ýetirýärsiň. Elbetde, «Bir — okana, bir — dokana», «Bilmeýän zadyňy kitapdan sora», «Göz bar — görmek üçin, akyl bar — bilmek üçin» diýip ündän ata-babalarymyz bilimlilige örän uly ähmiýet berip, bilimli bolmagy nesillerine nesihat edip gidipdirler. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim ulgamynda ýylsaýyn täze-täze özgertmeler amala aşyrylyp, dünýä ülňülerine laýyklykda, has-da kämilleşdirilýär. Bu barada şu ýylyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow öz çykyşynda: «Döwlet býujeti ykdysadyýetimizi meýilleşdirmegiň möhüm guralydyr. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasyndan bilimi, saglygy goraýşy, medeniýeti ösdürmäge, önümçilik, durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyna köp möçberde serişdeler gönükdirildi» diýip belläp geçdi. Hormatly Prezidentimiziň şu sözlerinden görnüşi ýaly, milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda gazanyl

Kanada talyplaryň sanyny çäklendirýär

2024-nji ýylyň dowamynda Kanada ýokary okuw mekdeplerinde bakalawr maksatnamasy boýunça daşary ýurtlardan okamaga gelýän talyplaryň sanyny çäklendirdi. Munuň sebäbi Kanada daşary ýurtlardan gelýän talyplaryň sanynyň ýyl-ýyldan artmagy bilen baglanyşyklydyr. Mysal üçin, 2022-nji ýylda Kanada beýleki döwletlerden 800 müňden gowrak talyp bilim almaga gelipdir. Kanadanyň Hökümetiniň kararyna laýyklykda, 2024-25-nji okuw ýylynda talyplara bilim almak üçin 360 müňe golaý rugsatnama berildi. Bu görkeziji 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 35 göterim azdyr.

Ir­gin­siz zäh­me­tiň ne­ti­je­le­ri

«7/24.tm»: №45 (232) 04.11.2024 Bi­li­miň, yl­myň, teh­ni­ka­nyň we teh­no­lo­gi­ýa­nyň güýç­li dep­gin­ler bi­len ös­me­gi, okat­ma­gyň has amat­ly we ýo­ka­ry ne­ti­je­li in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň okuw-ter­bi­ýe­çi­lik iş­le­ri­ne giň­den or­naş­dy­ryl­ma­gy biz bi­lim iş­gär­le­ri üçin giň müm­kin­çi­lik­le­re ýol aç­mak bi­len bir ha­tar­da öňü­miz­de ýaş nes­le be­ril­ýän bi­li­miň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­mak we maz­mu­ny­ny yzy­gi­der­li baý­laş­dyr­mak ýa­ly mö­hüm we­zi­pe­le­ri goý­dy. Gah­ry­man Arkada­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ta­gal­la­la­ry bi­len ýur­du­myz­da ka­bul edi­len «Türk­me­nis­tan­da umu­my­bi­lim mak­sat­na­ma­la­ry bo­ýun­ça okat­ma­gyň usu­ly­ýe­ti­ni kä­mil­leş­dir­me­giň 2028-nji ýy­la çen­li Kon­sep­si­ýa­sy» esa­syn­da mek­de­bi­miz­de giň ge­rim­li iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar.

Dil­ler dün­ýä­si­ne sy­ýa­hat

«7/24.tm»: №45 (232) 04.11.2024 Da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni öw­ren­me­giň peý­da­la­ry köp­dür­lü­dir. Bir­nä­çe di­li bil­mek di­ňe bir şah­sy ösüş we bi­lim taý­dan peý­da­ly bol­man, eý­sem, jem­gy­ýet­de has tä­sir­li gat­na­şyk gur­mak, iş­le­ýiş müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gi­ňelt­mek, şeý­le-de me­de­ni­ýet­le­ri öw­ren­mek üçin ýol­la­ry aç­ýar. Ge­liň, köp dil bil­me­giň äh­mi­ýe­ti, haý­sy di­li öw­ren­me­giň aň­sat­dy­gy ýa-da kyn­dy­gy dog­ru­syn­da pi­kir ýö­re­de­liň!

Ösüşiň indiki ädimi (Bilim we geljek)

Durmuşda her bir üstünlik özünden soňky üstünliklere hamyrmaýa bolýar. Ynsan taryhyndaky ilkinji uçarly syýahat bilen ilkinji Aýa syýahatyň arasynda bary-ýogy 66 ýyl bar. 1903-nji ýylda ilkinji uçarly syýahat amala aşyrylanda: «Bir gün adam Aýa hem baryp ýeter» diýlen bolsa, elbetde, ol wagtlar muňa hiç kim ynanmazdy. Emma 1969-njy ýylda adamzat Aýa gadam basdy. Bu günki gün bolsa ol Marsa syýahatyň arzuwynda gezip ýör. Şeýlelikde, bilim arkaly beýik geljek binýat tapýar, ösüşleriň derejesi bilim bilen kesgitlenilýär. Ylym we bilimde arka atylýan menziller hyýalymyza sygmajak netijeler bilen haýran galdyryp, her birimizi täze gözleglere ruhlandyrýar. DÜÝNDEN ŞU GÜNE...

«Biz Watanyň balasy...»

Geçen ýylda Arkadag şäherinde birnäçe bilim ojaklary açylyp ulanmaga berildi. Arkadag şäherindäki 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň mekdebe çenli bölümi hem olaryň biri. Çagalar bagymyzda bilim işiniň guralyşy tassyklanan okuw meýilnamalary, ýyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydy, okuw sapaklarynyň tertibi bilen düzgünleşdirilýär. Çagalar bagyna psihologlardan, tejribeli mugallymlardan ybarat bolan iş toparyň netijenamasynyň esasynda senenama ýylynda 3 ýaşyny doldurýan çagalar kabul edilýär. Mekdebe çenli bölümde bilim bermek işi Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan gün tertibine, okuw meýilnamalaryna, okuw maksatnamalaryna we degişli iş resminamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

Kämil hünärmenler ýetişýär

Bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda bagtyýar zamanamyzyň ruhubelent ýaşlarynyň okamagy, öwrenmegi, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin netijeli işler durmuşa geçirilýär. Döredilýän şeýle giň gerimli şertleriň netijesinde hem döwür bilen deň gadam urmaga ukyply, ýokary hünär taýýarlygy bolan ýaş nesil kemala gelýär. Hormatly Prezidentimiziň türkmen ýaşlaryna özleriniň ylym-bilim esasynda kämil geljegini gurmaga döredip berýän hemmetaraplaýyn giň mümkinçilikleri dogrusynda söhbet edileninde, şeýle asylly maksatlaryň milli çäklerden çykyp, has giň gerime eýedigini hem aýratyn bellemek gerek. Bu günki gün türkmen ýaşlarynyň diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, dünýäniň ençeme abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim almagy üçin zerur şertler bar.

Geljegiň aýdyň şuglasy

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda bilim ulgamy uly ösüşleri başdan geçirýär. Eziz Diýarymyzda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi, şuňa laýyklykda «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynyň» hem-de «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň» tassyklanylmagy nurana geljegiň eýeleri bolan ruhubelent ýaşlaryň kämil bilim almaklaryna, döredijilikli zähmet çekmeklerine uly mümkinçilikleri döredýär. Döwlet Baştutanymyzyň türkmen ýaşlarynyň ýaşaýyş-durmuşyna, ähli ugurlarda gazanan üstünliklerine bagyşlap ýazan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby ähli türkmenistanlylar üçin ajaýyp sowgat boldy. Berkarar Watanymyzda ýaş nesilleriň durmuş hal-ýagdaýyny gowulandyrmak, olara döwrebap bilim bermek ugrunda alnyp barylýan işler talyplar üçin täze mümkinçilikleriň gapysyny açýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat, Arkadag şäherlerinde orta hünär okuw mekdeplerini açmak baradaky taryhy kararlary bu ugurda gazanylan üstünlikler

Peder kesbine wepaly

Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdep welaýatymyz boýunça iň göreldeli bilim ojaklarynyň hatarynda tanalýar. Golaýda lebaply öňdebaryjy bilim işgärleriniň, usuly birleşmeleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda «Matematika sapaklarynda okuwçylaryň özbaşdak pikirlenmek, ýatdan hasaplamak endiklerini ösdürmegiň usulyýetini kämilleşdirmek» diýen at bilen usuly-amaly maslahatyň hem hut şu mekdepde geçirilmegi muny ýene bir ýola tassyklaýar. Çäräniň dowamynda mekdebiň mugallymlary tarapyndan dürli synplarda göreldeli okuw sapaklary guraldy. Şolardan mugallym Myrat Babalyýewiň okadýan 10-njy synpynda «Progressiýalar bilen bagly meseleleriň çözülişi» diýen mowzukda interaktiw tagtadan, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden işjeň peýdalanmak arkaly geçen sapagy maslahata gatnaşyjylaryň has-da göwünlerinden turdy. Biz bu mugallymyň işi, zähmet ýoly bilen ýakyndan tanyşmagy makul bildik. Söhbetdeşligimiz onuň mugallymçylygy kesp-kär hökmünde saýlaýşy baradaky gürrüňden başlandy.