HABARLAR

Türkmen arheologiýasynyň meşhur alymy

Gadymy Marguş döwletiniň taryhy barada söz açylanda, meşhur arheolog, Türkmenistanyň hormatly raýaty, akademik Wiktor Iwanowiç Sarianidi hakydaňda ör-boýuna galýar. Ol ömrüniň 60 ýyldan gowragyny Türkmenistanyň arheologiýa ýadygärliklerini öwrenmeklige sarp etdi. Alym-arheolog, esasan hem, Garagumuň çäge syrgynlarynyň astynda gömlüp galan, bürünç eýýamynyň Merkezi Aziýadaky iň uly şäheriniň — Goňurdepäniň üstüni açdy we tas 40 ýyllap şol ýadygärlikde giň gerimli arheologiýa gözleg işlerini alyp bardy. Şol gazuw-barlaglara köp ýyllaryň dowamynda onlarça arheologlar, ýüzlerçe gazuwçy işgärler, şol sanda Oraz Babakow, Tirkeş Hojanyýazow, Ejegül Myradowa, Berdi Ödemyradow ýaly belli alymlarymyz we beýlekiler gatnaşdylar. Eýsem, bu syrly hem-de täsin ýurt nähili atlandyryldyka? Alymlaryň köpüsi onuň otparazlaryň mukaddes kitaby hasaplanylýan «Awestada» ady agzalýan Mouru, biziň eýýamymyzdan öňki müňýyllygyň ortasyndaky meşhur Bisütün ýazgylaryndaky Marguşdygyna berk ynanýarlar. Taryhçylaryň adaty gürrüňçiliginde, pikir alyşmalarynda bolsa, «Marguş» we «gadymy Margiana» diýlen iki düşünje bir manyda ulanylýar.

Nebitiň bugaryp gidýän ýeňil fraksiýalarynyň mukdaryny azaltmak

Türkmenistanyň çäginde nebiti we nebit önümlerini saklamak üçin 500÷5000 m3 göwrümli dik polat rezerwuarlar (çelekler) ulanylýar. Olaryň gurluşy we goşmaça ulanylýan enjamlaryň işleýiş mümkinçiligi Ýewropa sebitindäki 300C temperaturadan ýokary bolmadyk howa şertine niýetlenendir. Rezerwuaryň içki gurluşy nebit we nebit önümleriniň üstüni örtüji pontondan (saldan) ýa-da ýüzýän beýleki örtüklerden peýdalanmaga mümkinçilik bermeýär. Galyberse-de, nebitiň ýeňil fraksiýalarynyň (düzüm bölekleriniň) bugarmasyny azaltmak maksady bilen rezerwuaryň üçeginde 200 Pa artykmaç basyşy döretmek üçin niýetlenen «dem alyş» goraýjy klapanlar we beýleki serişdeler oturdylýar. Olar üçege agram salyp, onda poslama hadysasyny tizleşdirýän artykmaç mehaniki güýjenmäni döredýär. Geçirilen seljermeleriň netijelerinden mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň çäginde polat rezerwuarlarda nebit we nebit önümleri saklananda, birnäçe kynçylyklar ýüze çykýar. Olardan nebit alnanda, «dem alyş» klapanyň üsti bilen düzüminde suw bugy bolan howa rezerwuaryň içine girýär. Gijelerine ýa-da daşarky howanyň sowuk şertinde suw bugy suwuk hala geçip, rezerwuaryň üçeginde we onuň içki diwarynda damja görnüşinde çökýär. Bu bolsa polat rezerwuaryň poslamagyna getirýär. Rezerwuaryň üçegi

Elektrohimiki elementleriň ulanylyşy

Elektrohimiýanyň döremegi ýa-da başgaça aýdanyňda, energiýanyň himiki we elektriki görnüşleriniň oýlanyp tapylmagy, esasan, gadymy Parfiýa we Merw döwürlerine degişlidir. Ata-babalarymyzyň üzüm şerbetini, sirkäni bişirilen toýun palçykdan ýa-da metaldan ýasalan küýzejiklerde saklandyklaryny çaklamak mümkin. Olar içi sinkli metal gabyň içine başga metaldan ýasalan susagy salmak bilen, gap bilen susagyň galtaşmazyndan ozal, olaryň arasynda özara himiki täsirleşmäniň ýüze çykýandygyny görüpdirler. Alhimikleriň aglabasynyň häzirki Türkmenistanyň çäklerinde ýaşandyklary çaklanýar. Sebäbi biziň ýurdumyz himiki elementlere, hususan-da, kükürde, ýoda, broma, kümşe, mise we beýleki metallara baý ýurt.

Gadymy türki kowumlaryň ynançlary

Geçmiş edebiýatda «totemizm» adalgasyna aýratyn orun berilýär. Totemizm — bu gadymy adamlaryň öz gelip çykyşyny, ýagny özleriniň nesilbaşysyny haýsydyr bir haýwan ýa-da ösümlik bilen baglanyşdyrmaklary netijesinde dörän ynançlary aňladýar. Ylmy edebiýatda gadymy türki kowumlaryň, şol sanda türkmenleriň ata-babalary hasaplanylýan oguzlaryň hem toteminiň gök böri (möjek, gurt) bolandygy barada deliller, maglumatlar az däl. Şeýle garaýşyň yzy häzirki türkmen dilinde ulanylýan käbir nakyllardyr atalar sözlerinde we söz düzümlerinde gabat gelýär. Mysal üçin, «Gurt ýüzi — mübärek» diýen nakyly döreden eždatlarymyz gurdy guta deňäpdirler. «Gut» sözi bolsa, edebiýatçy alym Ahmet Bekmyradowyň tassyklamagyna görä, gadymy türki dilde «bagt» manysynda ulanylypdyr. Eger-de şu nukdaýnazardan baha bersek, biziň gündelik gepleşik dilimizde häli-şindi ulanýan «Gutly bolsun!» diýen jümlämizi «Bagtly bolsun!» manyda kabul etmek mümkin. «Gurt agzasaň, gurt geler» diýen aýtgynyň manysy hem hut şu düşünje bilen bagly.

Dil bilimini çuňňur öwrenýän alym

Geçen asyryň 50 — 60-njy ýyllarynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetinde talyplar okap, ýokary bilim alýardylar. Şu ýerde 1961-nji ýylyň dekabr aýynda talyp bilen mugallymyň arasynda garaşylmadyk ýagdaýda bolup geçen bir waka ýadymda galypdyr. Talyp okuwynyň soňky ýylynda grammatikanyň «Morfologiýa» bölümi boýunça synag tabşyrýan wagty mugallym bilen onuň arasynda şeýle gürrüň bolup geçipdir. Talyp soragnamada bellenen soraglara kanagatlanarly jogap berýär. Ol synag alýan mugallymyň soraglaryna-da degişli jogaplary beren bolmaly. Mugallym onuň bilen içgin gyzyklanyp başlaýar:

Nebitgazyň gözleg işlerini ýokarlandyrmagyň ygtybarly usullary

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň uludan toýlanjak «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda beýleki pudaklar bilen bir hatarda ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda hem uly işler amala aşyrylýar. Şeýle tutumly işler geologiýa-gözleg işlerini alyp barmakda hem aýdyň duýulýar. Nebitgaz pudagynda geologiýa-gözleg işlerini amala aşyrmagyň esasy maksady nebitli, gazly ýataklary kesgitlemek, olaryň gor mukdaryny anyklamakdyr. Munuň üçin nebitiň, gazyň mukdaryny takyklaýan köp dinamiki usuldan peýdalanylýar. Şeýle usullaryň hatarynda maddy balans we gatlak basyş usullary has tapawutly we netijeli hasaplanylýar. Nebit we gaz känleri üçin olaryň geologiýa we tehnologiýa üýtgeşikligini göz öňünde tutup, her bir käne degişli maddy balans ulgamyny düzmek köp känlerde nebitiň, gazyň mukdaryny anyk takyklamaga mümkinçilik berýär.

Desgalaryň geologiýa — promysel we gidrodinamiki aýratynlyklary

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylda hormatly Prezidentimiz: «Ýurdumyzda ägirt köp möçberli tebigy gazy netijeli peýdalanmak, ony gaýtadan işläp, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän ýokary hilli polimerleri öndürmek nebitgaz toplumynyň geljekde esasy wezipeleriniň biri bolup durýar» diýip, belläp geçýär. Gahryman Arkadagymyzyň sözlerinden ugur alyp, işleri takyk esasda amala aşyrmakda känleriň geologiýa-gözleg işlerini amala aşyrmak esasy meseledir. Geologiýa-gözleg işlerinde birnäçe aýratynlyklar ýüze çykýar. Olara geologiýa — promysel we gidrodinamiki aýratynlyklar, nebitgazly gatlaklaryň çuňlugy, gatlaklaryň çäkleriniň özara gabat gelşi degişlidir. Şeýle-de gatlaklaryň litologiýa häsiýetleri, sygymlylyk — geçirijilik ukyplary we berkligi, umumy netijelilik, käniň galyňlygy we dykyzlygy, şol sanda iň ýokary dykyz gatlagyň galyňlygy hem degişlidir. Bularyň özi netijelilik taýdan örän bähbitli çözgütlerdir. Ýokarda aýdylanlardan başga-da, gatlaklary synamagyň netijeleri, gidrodinamik usullar bilen kesgitlenilen syzylma görkezijileri, dürli kadalarda guýa nebiti, gazy berýän gatlaklary ýüze çykarmagyň usullary, nebitiň, gazyň fiziki-himiki we harytlyk häsiýetleri, gatlaklardaky daşky basyş we o

Tebigy gazlar taýýarlanylanda we ugradylanda desgalarda gidratlaryň döremeginiň aýratynlyklary

Gazy we gaz kondensatyny işläp taýýarlamakda we ugratmakda tehnologik ýagdaýlarda uly kynçylyklar ýüze çykýar. Sebäbi çykýan tebigy gazyň düzüminde çyglylyk, agyr uglewodorodlar we saklanýan suwuklygyň mukdary artykmaçlyk edýär. Gazyň temperaturasy pese düşse we basyşy ýokary bolsa, gidrat döreme we gidratly beklenme emele gelýär. Çyg tebigy gazyň akymynyň sowap, dörän gidratlar gaz geçirijilerini bekläp, tehnologik düzgünleriniň bozulmagyna we gazyň uly ýitgilerine getirýär. Gidrat daşky görnüşi boýunça buza ýa-da gara meňzeş ak kristal jisimdir. Ilkinji gezek gidrat 1888-nji ýylda Katson tarapyndan metandan alynýar. Uglewodorod gidratlary — bu belli bir termobariki şertlerde gazdan we suwdan kristal görnüşinde döreýän birleşmeler toplumy bolup, käte gaty madda (buz), käte port gar görnüşli ýagdaýlarda bolup bilýär. Gaz geçirijilerinde gidratlar bilen göreşmegiň esasy usullarynyň biri metanoly ulanmakdyr. Gazyň basyşyny peseltmek we ýylylygyny deňagramlylyk ýagdaýyna görä ýokarlandyrmak arkaly gaz gidratlary aňsatlyk bilen dargaýarlar, emma şu usullary ulanmaklygyň özi birnäçe tehnologik kynçylyklar bilen baglydyr. Tehnologiýa tilsimatlarynda gidratlar gaz öndürmekligiň ösüşine oňaýsyz täsir edýär. Bu ýagdaý diňe demirgazyk-gündogar ýataklarynda däl, günor

Duşuşyk geçirildi

Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ähli pudaklarynyň we önümçilik düzümleriniň hünärmenleri «Türkmengaz» DK-nyň Okuw merkezinde kämilleşdiriş okuwlaryny yzygiderli geçýärler. Tapgyrlaýyn häsiýetdäki okuwlarda diňleýjiler ylmyň we tehnikanyň täze gazananlary bilen tanyşdyrylýar, olar toplumyň önümçiliklerinde, ylmy edaralarda, ýokary okuw mekdeplerinde, laboratoriýalarda bolup, tejribe we ders sapaklaryny geçýärler.

Ylym-bilim ulgamy barha kämilleşýär

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her güni täze ösüşlere beslenýär, ähli ulgamlarda oňyn özgertmeler amala aşyrylýar. Dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň, agzybirligiň we gülläp ösüşiň ýurdy hökmünde tanalýan ata Watanymyzda durmuşa geçirilýän ägirt uly işler hem-de özgertmeler halkymyzyň abadan we eşretli durmuşda ýaşamagyna, röwşen geljeginiň üpjün edilmegine gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen milli ylym-bilim ulgamyny ösdürmek we dünýä derejesine çykarmak maksady bilen ägirt uly işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda tassyklan «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» möhüm ähmiýete eýedir. Onda bilim ulgamyny elektron maglumat binýady bilen üpjün etmek göz öňünde tutulandyr. Häzirki döwürde ýurdumyzyň bilim ulgamynda baý tejribe toplandy. Iň täze kompýuterler, interaktiw-multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen orta, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň döwrebap binalarynyň, çagalar baglarynyň hem-de çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň gurulmagy, halkara guramalar, dünýäniň esasy ylym-bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, daşary ýurt dillerini okatmagyň kämilleşdirilmegi döwletimiziň bu ulgamy ö