HABARLAR

Ylmy-amaly maslahat geçirildi

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz instituty, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty, Tehnologiýalar merkezi tarapyndan wideoaragatnaşyk arkaly «Innowasion barlaghana enjamlaryny netijeli peýdalanmagyň mümkinçilikleri» atly maslahat geçirildi. Maslahatda Himiýa institutynyň daşky gurşawyň himiýasy we ekologiýasy bölüminiň uly ylmy işgäri Jeren Sylapowa «Ýurdumyzyň himiýa ylmynda häzirki zaman enjamlarynyň orny», Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň Gaz desgalaryny poslamadan goramak laboratoriýasynyň müdiri Akjagül Işanowa «Gaz enjamlaryny poslamadan goramagyň usullaryny kämilleşdirmek», Tehnologiýa merkeziniň energiýany öndürmegiň we tygşytlamagyň tehnologiýalary barlaghanasynyň kiçi ylmy işgäri Nowruz Amankulow «Tehnologiýalar merkeziniň enjamlarynda geçirilýän metrologiýa barlaglarynyň mümkinçiligi» temalarda alyp barýan ylmy-derňew işleri boýunça çykyş etdiler.

Ýeriň ýagtylyk çeşmesi

Gün Ýe­riň ýag­ty­lyk we ýy­ly­lyk çeş­me­si­dir. Ge­liň, bu äpet as­man ji­si­mi­ni has ýa­kyn­dan ta­na­lyň! Ak­ma­ýa­nyň ýo­ly ga­lak­ti­ka­syn­da je­mi 200 mil­liard ýyl­dyz bo­lup, şo­la­ryň bi­ri hem Gün­dür.

Watanymyzyň röwşen geljegi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýaş nesliň beden we ruhy taýdan sagdyn, ahlak taýdan arassa adamlar bolup ýetişmekleri üçin ägirt uly işler amala aşyrylýar. Şolaryň netijesinde hem Watanymyza, hormatly Prezidentimize, halkymyza wepaly, bilimini ösdürmäge, sport bilen meşgullanmaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli, ruhubelent ýaşlar kemala gelýär. Häzirki ýaş nesliň okap, bilim almaklary, zähmet çekmekleri üçin ähli şertleriň döredilmegi bilen bir hatarda, bu ugruň hukuk esaslary hem berkidilýär. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny», şeýle-de «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny munuň aýdyň subutnamalary hökmünde görkezmek bolar. «Ýurdumyzyň ýaşlar baradaky döwlet syýasaty durmuş-ykdysady, syýasy, medeni, guramaçylyk we hukuk çäreleriniň bitewi ulgamydyr. Bu çäreler ýaş raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny we döwlet kepilliklerini, olara goldaw bermegi üpjün etmäge, şeýle hem ýaşlaryň jemgyýetde doly ykrar edilmegine gönükdirilendir» diýip, döwlet Baştutanymyz şu ýylyň 25-nji fewralynda ýurdumyzyň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda aýratyn nygtap g

Berkarar döwletiň belent maksatly ýaşlary

Alymlyk derejesini tassyklaýan diplomlar gowşuryldy

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ylym-bilimi hemmetaraplaýyn ösdürmek, ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak we ykdysadyýetde netijeli peýdalanmak, jemgyýetiň aň-bilim mümkinçiliklerini giňeltmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Garaşsyz ýurdumyzda ylym bilen düýpli meşgullanmak üçin ähli amatly şertler döredilendir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gurlan ylym-bilim desgalary, barlaghanalar, olaryň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilmegi, aspirantlaryň, doktorantlaryň jemgyýetiň ylmy esaslaryny ösdürmeklige, ýurduň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaklyga gönükdirilen ylmy pikirlerini, derňewlerini, seljermelerini, tekliplerini beýan edip döredijilikli zähmet çekmegi, düýpli işleriň önümçilige ornaşdyrylmagy aýdýanlarymyza şaýatlyk edýär.

Bir sütünde iki gatlakdan nebit almak

Başlangyjy gazetiň geçen sanynda «Türkmennebit» döwlet konserni guýulardan bir wagtyň özünde aýry-aýrylykda iki we ondan-da köp gatlaklardan nebit çykarmagy üpjün edýän enjamlary göz öňünde tutup, dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlar bilen tanşyp, öz ünsüni Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk edýän daşary ýurt kompaniýalarynyň enjamlarynda jemledi. Esasan-da, nebit çykarmagyň bu usuly bilen «çüwdürim-çüwdürim», «çüwdürim — gazlift» we «gazlift — gazlift» çyzgyly tehnologiýany ulanyp, ykdysady seljerme esasynda bir wagtda aýry-aýrylykda nebit çykarmagyň çyzgysyny iş ýüzünde görkezmegi ünsden düşürmän gelýär. Soňky ýyllarda önümçilige täze tehnikalaryň we tehnologiýalaryň batyrgaý ornaşdyrylmagy bu aýdylanlara güwä geçýär. Çünki daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy «Türkmennebit» döwlet konserniniň nebitçilerine burawlaýyş işleriniň netijeliligini, gatlaklaryň önüm berijiligini ýokarlandyrmakda düýpli öňegidişlikler gazanmaga mümkinçilik berdi we berip gelýär. Täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen Demirgazyk Goturdepede ilkinji gezek 200-nji we 147-nji guýularda bir sütünde ýokary gatlak gazlift usuly bilen we aşaky gatlak çüwdürim usuly bilen işledildi. Mundan başga-da 29-njy, 37-nji

Türkmen geologlarynyň oňyn netijeleri

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy Türkmenistanyň çäginde geologik-geofiziki usullar bilen ýer jümmüşini öwrenmek boýunça toplumlaýyn strategiýany işläp taýýarlaýan we tebigy baýlyklaryň ýataklaryny ýüze çykarmak üçin barlaglary geçirýän geologiýa-gözleg ugry boýunça döwlet guramasydyr. Bu gurama, şol sanda Türkmenistanyň geologik gurluşy we onuň tebigy baýlyklary baradaky maglumatlary ýygnaýar hem-de saklaýar. Türkmenistanyň ähli çäginde geçirilýän geologiýa-gözleg işlerini hasaba alýar we bitewi hasabatyny ýöredýär. Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda korporasiýanyň geologlary tarapyndan Türkmenistanyň ýerasty gurluşyny, baýlyklaryny öwrenmekde, ygtybarly mineral çig mal binýadyny döretmekde we ösdürmekde ägirt uly meýilnamalaýyn işler amala aşyryldy. Ýurduň mineral çig mal serişdeleriniň ýagdaýy häzirki wagtda üstünlikli hereket edýän senagat kärhanalarynyň uzak wagtlap we ygtybarly işlemegini hem-de olaryň kuwwatlylygynyň ýokarlandyrylmagyny üpjün edýär.

Deňiz howasyndan agyz suwuny almaklygyň amatlylygy

Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi bolan Berkarar Watanymyzda gadymy döwürde ýurdumyzyň üstünden geçýän kerwenleri agyz suwy bilen üpjün etmekligiň aladasy edilipdir. Şeýle maksat bilen ymgyr sähranyň içinde we aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän düzlüklerde ýörite gurluşy bolan suw saklaýjy desgalar — sardobalar (pars dilinde sard — sowuk, ab — suw) gurlupdyr. Sardoba diňe ýagyn suwuny saklamak bilen çäklenmän eýsem, howadan hem suw alypdyr. Bu wezipäni sardobanyň suw saklaýan howzunyň üstünde edilen gümmez ýerine ýetirýär. Onuň dört sany çar tarapa bakdyrylyp ýasalan uly deşiklerinden islendik tarapa akýan howa girende sowapdyr we düzümindäki artykmaç suw bugy gümmeziň içki diwaryna çöküp damja görnüşinde howza damypdyr. Şeýlelikde howuzda az-azdan kerwen üçin zerur bolan agyz suwy toplanypdyr.

Ilkinji türkmen himik alymy

Ýurdumyzda himiýa, has hem, nebithimiýa we organiki himiýa ylmynyň döremeginde we ösdürilmeginde görnükli işler bitiren alymlaryň biri-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, himiýa ylymlarynyň doktory, professor Aýytmämmet Nyýazowdyr. Şu ýyl alymyň doglan gününe 110 ýyl dolýar. Ol 1911-nji ýylda Çeleken (häzirki Hazar) şäheriniň golaýyndaky Garagöl obasynda eneden dogulýar we ýaşlykda ata-eneden mahrum bolup, agyr çagalygy başdan geçirýär. 1925-nji ýylda şol wagtky Krasnowodsk internatynda okaýar. 1926 — 1929-njy ýyllarda Moskwanyň eteginde ýerleşýän türkmenistanly ýaşlar üçin açylan Ilbaýew adyndaky halk magarif öýünde okaýar. Ýeri gelende aýtsak, şu internatda şeýle hem belli akademikler — himik Öwez Mämmetnyýazow, oftalmolog Sary Karanow, taryhçy Aga Garryýew dagy hem okapdyrlar. 1929 — 1930-njy ýyllarda bolsa A.Nyýazow tejribe-görelde mekdebinde, 1931 — 1932-nji ýyllarda Daşkent rabfagynda bilim alýar. 1932 — 1937-nji ýyllarda Moskwanyň M.W.Lomonosow adyndaky Döwlet uniwersitetinde okaýar. Okuwy üstünlikli tamamlap gelenden soň, ol 1941-nji ýyla çenli Aşgabat döwlet pedagogik institutynda mugallym bolup işleýär. 1941 — 1945-nji ýyllarda Beýik Watançylyk urşuna gatnaşýar. Uruşdan sag-aman dolanyp gelenden soň, himiýa ugurlary boýunça ylmy işleri

Dünýä açylan penjire

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen bir hatarda bilim ugamy hem beýik ösüşlere eýe bolýar. Ulgamyň işini döwrebap derejede ösdürmek, ony yzygiderli kämilleşdirmek döwletimizde ösüşleri gazanmagyň baş şertleriniň biri bolup durýar. Dünýä ylmy, bilimi okgunly gadamlar bilen öňe barýar. Onuň bilen deň gadam urmakçy bolsaň, ilki bilen, daşary ýurt dillerinde suwara gürlemegi, hiç bir päsgelçiliksiz düşünişmegi başarmaly. Şu nukdaýnazardan eziz Diýarymyzda «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» hereket edýär. Elbetde, bu Konsepsiýa hem hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hytaý halkynda şeýle bir pähim bar: «Dil öwrenmek dünýäni synlamak üçin berlen ýene bir penjiredir». Örän ýerlikli aýdylan söz. Çünki dil bilen dünýäni gezer, öwrener. Häzirki wagtda ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde rus, iňlis, ýapon, hytaý, ispan, koreý, arap, pars, nemes we fransuz dilleri öwredilýär. Bulardan başga-da ýurdumyzda dil merkezleri hem açyldy. Talyp ýaşlaryň arasynda dil bilimi boýunça bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegi bolsa dünýä dillerini has erjel, tutanýerli öwrenmegimize giň ýol açýar.