HABARLAR

Ylym bir güneşdir

Baýlyk, güýç hem-de ylym... Eger-de siziň öňüňizde şu üçüsini goýup, birini saýla diýseler, haýsysyny saýlardyňyz? Göz öňüne getirýän, arzuw edýän zatlaryňyzy gazanmak — satyn almak üçin derhal baýlyga ýapyşarmydyňyz ýa-da «Güýjüm bolmasa, onça baýlygy göterip bilmerin. Güýjüm ýetse, has köp zat gazanaryn» diýip, güýje topulardyňyz? Ýa-da ikirjiňlenmän, belki-de, köp pikir edeniňizden soňra ylmy saýlardyňyz? Onda men size gadym döwürlerden bäri ähli halklaryň arasynda giňden ýaýran bir hekaýaty gürrüň bereýin.

Döredijilik duşuşygy

9-njy iýunda Erkin döredijilik mekanynyň mejlisler zalynda ussat halypalaryň, ýaşlaryň, habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda döredijilik duşuşygy geçirildi. Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň we «Nesil» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde guramagynda geçirilen bu duşuşykda halypalar we zehinli ýaşlar çykyş etdiler. Ylymlar güni mynasybetli geçirilen bu duşuşykda ussat halypamyz, Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň gyzyldan gymmatly halypa-şägirtlik maslahatlary, öwütleri has-da täsirli boldy.  

Bilimli nesil — döwletiň kuwwaty

12-nji iýun — Ylymlar güni «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň fewral aýynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» kabul edilmegi ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda ösüşiň täze tapgyryna badalga boldy. Milli bilim ulgamyny mundan beýläk kämilleşdirmek işlerine-de bu maksatnamada uly orun berlendir. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda batly depginler bilen gülläp ösýän Watanymyzda ýaşlar syýasatynyň barha dabaralanýandygy buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Çagalar baglaryndan başlap, bilim ulgamynyň ähli edaralary — umumybilim berýän orta, orta hünär we ýokary okuw mekdepleri döwrüň ösen innowasion tehnologiýalarynyň iň soňky gazananlary bilen üpjün edilýär. Şunda ýokary okuw mekdeplerinde bilim bermegiň häzirki zaman usuly bolan bakalawr we magistr görnüşleriniň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine ornaşdyrylýandygyny hem aýratyn bellemek gerek. Munuň özi ýaşlaryň bilim derejesiniň has-da kämilleşmeginde, hünärleriň ýöriteleşdirilen ugurlarynyň düýpli özleşdirilmeginde aýratyn orun eýeleýär.

Ömre ganat, döwre zynat

Bilşimiz ýaly, her ýylyň 12-nji iýunynda Ylymlar güni ýurdumyzda uly dabara bilen bellenilip geçilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady, medeni taýdan ösdürmekde, dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna ýetirmekde ylym ulgamyna aýratyn uly üns berilýär. Ýurdumyzda jemgyýetiň ösüşine gönüden-göni itergi berýän ylmyň we tehnologiýalaryň gazananlary tapgyrlaýyn durmuşa ornaşdyrylýar. Ylym — häzirki eýýamyň ösüş guraly hökmünde döredijilikli işiň netijesidir. Hormatly Prezidentimiziň bilim syýasatynyň baş maksady hem milli bilim-ylym ulgamyny kämilleşdirmek, ösüp gelýän ýaş nesli umumadamzat gymmatlyklary esasynda terbiýelemek, ýaşlary ylmy işlere işjeň çekmek bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim özgertmeleri bilen örän gysga wagtyň içinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň düzümleri ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün edildi. Munuň özi bolsa ýurdumyzyň senagat taýdan kuwwatly döwlete öwrülýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Ylmy esasda işlenilip düzülen we uzak möhletli Milli maksatnamalar bilen amala aşyrylýan düýpli özgertmeler bu gün özüniň oňyn netijelerini görkezýär.

12-nji iýun — Ylymlar güni

YLYM — ÖSÜŞIŇ BINÝADY Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge uly üns berilýär. Dünýädäki ähli gazanylan ösüşleriň binýadynda ylmyň durandygy mälimdir. Ylmyň ösmegi döwrüň öňe gitmegini şertlendirýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiz tarapyndan ylmyň ösdürilmegine gönükdirilen birnäçe işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Ylym we bilim jemgyýetiň hem-de döwletiň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmegiň berk binýadydyr» diýip belleýşi ýaly, ýurdumyzyň ösüşiniň ygtybarly binýady ylym-bilim bolup durýar.

Ylymlar gününe

Bir okana bar... Ylym dünýäsiniň üsti bilen şöhratly taryhy, buýsançly şu güni, nurana geljegi bilmek we öwrenmek bolýar. Bu sözlerden çen tutup aýdanymyzda, mukaddes muzeý ojaklarynda toplanylan, öwrenilýän taryhy gymmatlyklar her bir raýat üçin ylym hem akyl emlägi bolup hyzmat edýär. Sebäbi her bir gymmatlykda ynsan akyly, zehini, paýhasy, tükeniksiz hem irginsiz zähmeti jemlenýär.

Ylym — Watan kuwwaty

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan özüniň ösüşli ýoluny ynamly dowam edýär. Ýurdumyzda möhüm wakalar bolup geçýär, şeýle hem ata-babalarymyzyň asylly ýol-ýörelgelerine eýerilip, toý-baýramlarymyz giňden bellenilýär. Ine, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzyň iýun aýynda hem köpsanly baýramlaryň hatarynda Ylymlar güni uly dabaralara beslenip toýlanar. Her ýylyň 12-nji iýunynda bellenilýän bu şanly baýram Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber tagallalary netijesinde 2007-nji ýylda esaslandyryldy. Şol döwürde alym Arkadagymyzyň başyny başlan ylmy-tehniki özgertmeleri milli ylym ulgamynyň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyna, ylmy-barlag institutlarynyň düzüminiň kämilleşdirilmegine hem-de ylmyň ileri tutulýan ugurlarynyň kesgitlenmegine, ýokary derejeli ylmy işgärleriň we hünärmenleriň taýýarlanmagyna, amatly zähmet hem-de iş şertleriniň döredilmegine itergi berdi.

Uly alym we us­sat mu­gal­lym

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ama­la aşy­ryl­ýan giň möç­ber­li öz­gert­me­ler Wa­ta­ny­my­zyň bar­ha ös­me­gi­ne, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­ma­gy­na gö­nük­di­ril­ýär. Ýur­du­my­zyň ylym-bi­lim ul­gam­la­ry­ny ös­dür­mek­de, döw­le­ti­mi­ziň alyp bar­ýan sy­ýa­sa­ty­ny hal­ka wa­gyz et­mek­de, ýaş­la­ry wa­tan­sö­ýü­ji­lik ru­hun­da ter­bi­ýe­läp, bi­lim de­re­je­le­ri­ni art­dyr­mak­da ylym-bi­lim iş­gär­le­ri­niň uly hyz­ma­ty bar. Bu ugur­da ýur­du­myz­da gö­rel­de­li zäh­me­ti bi­len ta­nal­ýan us­sat­la­ra hal­ky­myz uly sar­pa goý­ýar. Şeý­le aja­ýyp adam­la­ryň bi­ri, giň­den ta­nal­ýan kär­de­şi­miz Re­jep Ber­di­ýe­wi ýat­lap, onuň öm­ri we dö­re­di­ji­li­gi ba­ra­da oky­jy­la­ra gür­rüň ber­me­gi ma­kul bil­dik. Onuň iş­jeň sy­pat­la­ry, çuň­ňur maz­mun­ly yl­my iş­le­ri, okuw-usu­ly gol­lan­ma­la­ry köp­le­re, esa­san-da, ýaş­la­ra gö­rel­de bo­lup hyz­mat ed­ýär. Re­jep Ber­di­ýew 1931-nji ýyl­da Bä­her­den et­ra­byn­da daý­han maş­ga­la­da ene­den do­

Ylym — ösüşiň hereketlendiriji güýji

Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragy adamzadyň ýaşaýşynda ylymly-bilimli bolmagyň ähmiýetini belläp, «Nesihatym uly ile ylymdyr» diýmek bilen, halkymyza bu ugurdan öz paýyny almagy nesihat edipdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dana akyldarymyzyň paýhas siňen setirlerini ýörelge edinýän halkymyz ylma jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly hereketlendiriji güýji hökmünde garaýar. Ýurdumyzyň ylmyny hil taýdan täze, dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmak, ylmy barlaglaryň hem-de tehniki işläp taýýarlamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, olary jemgyýetiň we döwletiň wajyp meselelerini çözmäge gönükdirmek — bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň alymlarynyň, ylmy jemgyýetçiliginiň öňünde goýýan belent wezipeleridir.

Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

Ähli pudaklary sanly ulgama geçirmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da ýokary depgine eýe bolýar. Munuň özi ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça ösüşini üpjün etmek üçin oňyn mümkinçilikleri döredýär. Häzirki wagtda ata Watanymyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek boýunça maksada okgunly işleriň alnyp barylmagy örän buýsandyryjydyr. Häzirki zaman tehnologiýalaryndan baş çykarýan ýokary derejeli kämil hünärmenleri taýýarlamaga uly üns berilmegi bolsa, ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini innowasion esasda ösdürmekde, önümçilige döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmakda ähmiýetlidir. Şonuň üçinem ýaşlaryň döwrebap hünärleri ele almaklaryny gazanmak möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Ajaýyp zamanamyzda ylmyň soňky gazananlaryny hem-de okatmagyň innowasion usullaryny bilim ulgamyna ornaşdyrmak üçin ähli şertleriň bardygyny aýratyn belläp geçmek gerek. Ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Bu bolsa bilimiň hiliniň ýokary derejä laýyk bolmagyny we netijede, dünýä derejesindäki ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlaryň kemala gelmegini üpjün edýär.