Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

2 Iýun 2022
1350

Ähli pudaklary sanly ulgama geçirmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da ýokary depgine eýe bolýar. Munuň özi ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça ösüşini üpjün etmek üçin oňyn mümkinçilikleri döredýär. Häzirki wagtda ata Watanymyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek boýunça maksada okgunly işleriň alnyp barylmagy örän buýsandyryjydyr. Häzirki zaman tehnologiýalaryndan baş çykarýan ýokary derejeli kämil hünärmenleri taýýarlamaga uly üns berilmegi bolsa, ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini innowasion esasda ösdürmekde, önümçilige döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmakda ähmiýetlidir. Şonuň üçinem ýaşlaryň döwrebap hünärleri ele almaklaryny gazanmak möhüm wezipeleriň hatarynda durýar.

Ajaýyp zamanamyzda ylmyň soňky gazananlaryny hem-de okatmagyň innowasion usullaryny bilim ulgamyna ornaşdyrmak üçin ähli şertleriň bardygyny aýratyn belläp geçmek gerek. Ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Bu bolsa bilimiň hiliniň ýokary derejä laýyk bolmagyny we netijede, dünýä derejesindäki ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlaryň kemala gelmegini üpjün edýär.

Gülistan GULJAGAZOWA,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar