HABARLAR

Ýakymly täsire beslenen hepdelik

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda türkmen dili we edebiýat dersi boýunça «Magtymguly Pyragynyň şygryýet ummany ýaşlaryň paýhas hazynasydyr» diýen mowzukda hepdelik geçirildi. Oňa institutyň degişli fakultetiniň talyplary işjeň gatnaşdylar. Aýdym-sazly dabaralara beslenen bu baýramçylyk hepdeliginiň birinji gününde «Arzuwlan zamanaň geldi, Pyragy!» atly talyplaryň çeper okaýşyna we köňli ylhamly ýaşlaryň öz düzen goşgularyna uly orun berildi. Şeýle hem hepdeligiň çäklerinde Magtymguly atamyzyň ýaşan, okan, bilim alan ýerlerini beýan edýän taslamalaryň, sungat bilen içgin gyzyklanýan ýaşlaryň şahyryň goşgulary esasynda çeken ajaýyp suratlarydyr el işleriniň, zergärçilik bilen meşgullanýan talyplaryň ýasan şaý-sepleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.

Ösüşiň berk binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilimi ösdürmäge, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini giňden peýdalanmaga uly üns berilýär. Şunda kämil hünärmenleriň, bilimli ýaşlaryň ähmiýetiniň uludygyny aýratyn bellemek gerek. Çünki bilimli ýaşlar sanly ulgama, ösen tehnologiýalara ussatlyk bilen erk edýärler, bu ugurdan bilimleri özleşdirýärler. Häzirki ösüşlere beslenýän döwürde, ylym-bilim bilen bir hatarda tehnologiýalar hem güýçli depginde ösýär, özgerýär, barha täze mümkinçilikler kemala gelýär. Çünki ylmy-tehnologik açyşlar jemgyýeti özgerdýär, ösdürýär. Şonuň üçin ylmy-tehnologik özgertmeler aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Häzirki ösen döwürde ylmy tehnologiýalar durmuşymyza işjeň ornaşýar. Diňe bir kompýuterler däl, eýsem, sanly ulgamyň dürli mümkinçilikleri kemala gelýär. Häzirki wagtda tehnologiýalaryň ykdysadyýetde, ylym-bilimde, aragatnaşyk pudaklarynda işjeň ösdürilýändigini görýäris. Şeýle mümkinçilikler beýleki pudaklary, dürli ugurlary-da öz içine alýar. Muňa mysal hökmünde gurluşyk-binagärlik pudagynda hem sanly tehnologiýalaryň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýandygyny görkezmek bolýar. Dünýä nusgalyk Arkadag şäheriniň gurluşygynda «akylly» şäher konsepsiýasyndan ugur alnandygy aýratyn bellenilmäge

Ýerasty baýlyklaryň senagat ähmiýeti

Senagatyň köptaraplaýyn ösdürilmegi daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmäge mümkinçilik döredýär. Ýerli mineral çig mal serişdelerini rejeli we toplumlaýyn ulanmaga uly ähmiýet berilýär. Çünki biziň ýurdumyzda metal we metal däl, dag-magdan, gidromineral we beýleki gazylyp alynýan baýlyk känleri bar. Olaryň arasynda geljegi uly, gymmatly, seýrek duş gelýän we dagynyk elementleriň çig mal serişdeleri hem aýratyn orun tutýar. Dagynyk elementler öz arasynda dürli toparlara bölünýär. Ýöne bu toparlama örän şertli, sebäbi elementleriň köpüsi dürli toparlara degişli bolup bilýär. «Seýrek duş gelýän elementler» diýlip, taryhy nukdaýnazardan düzülen we köplenç täze tehnikada ýa-da az mukdarda ulanylýan hem-de özleşdirilýän elementlere düşünilýär. Tehniki taýdan ösüş derejesiniň we ulanylyşynyň artmagy bilen, käbir seýrek elementler indi adatylara degişli edilýär. Dagynyklar hususy ýataklary bolmadyk we köplenç reňkli metallaryň ýa-da beýleki seýrek elementleriň magdanlarynda örän az mukdarda garyndy görnüşinde tapylýar. Şonuň üçin seýrek we dagynyk elementleri ýüze çykarmak hem-de öwrenmek, mineral çig malyň beýleki görnüşleri bilen deňeşdirilende, örän çylşyrymly we barlagyň takyk usulyny

«Gämiçiniň jany bir»

ýa-da topraga we tohuma şäriklik Türkmençilikde ata-babadan gelýän «Ekeniňi orarsyň...» diýlen söz bar. Bu jümle gysgadan düşnükli hem bolsa, onuň manysy we ulanylyş örüsi juda giň. Hemme zat: hasyl, rysgal-döwlet, ýagşylyk, hormat-sylag, mähremlik — bularyň hemmesi ynsana öz sarp edişine, uzadyşyna, görkezişine, yhlasyna görä tapylýar. Şu durmuşda nämä mynasyp bolsaň, diňe şol zatlar özüňe nesip edýär.

Arzuwlaryň hasyl bolan zamanasy

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň iňlis dili we edebiýaty, olary okatmagyň usulyýeti kafedrasynda Milli Liderimiziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde eden taryhy çykyşyndan gelip çykýan wezipeler giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Mugallymlar Gahryman Arkadagymyzyň taryhy çykyşynda Magtymguly Pyragynyň ömür-döredijiligini, edebi mirasyny ýurdumyzda we daşary ýurtlarda öwrenmek hem-de giňden wagyz etmek ugrunda alnyp barylýan işleriň örän möhüm ähmiýete eýedigi baradaky aýdanlaryna aýratyn uly üns berdiler. Bu işe kafedranyň mugallymlary hem uly goşant goşýarlar. Olar öz ynsanperwer garaýyşlary bilen her bir ynsana, bütin adamzada söýginiň, ählumumy sazlaşygyň dogry ýoluny salgy berýän beýik şahyryň ömrüne we döredijiligine degişli gymmatly maglumatlary toplaýarlar, ylmy işleri bilen bilen gazetlerde, internet saýtlarynda çykyş edýärler. Çykyşlarda Magtymguly Pyragynyň wesýetlerine wepaly halkymyzyň agzybirligi, tutanýerliligi, maksada okgunlylygy, ata Watanyna bolan beýik söýgüsi bilen ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýetilýän belent sepgitler barada hem jikme-jik aýdyldy. Türkmenistanda beýik şahyrymyzyň arzuwlan zamanasynyň berkarar bola

Ylym — innowasion ösüşiň binýady

Ýurdumyzda ylmyň hakyky manysyndaky ösüşi türkmen halkynyň Milli Lideri, alym Arkadagymyzyň ylym-bilim ulgamynda başyny başlan beýik başlangyçlary, şeýle hem bu işleri mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň giň gerimli döwlet syýasaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Häzir ulgamdaky özgertmeler özüniň ajaýyp miwelerini eçilýär. Hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş beren «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda-da ylym-bilim ulgamynyň ösüşleri, halypa alymlaryň, ýaşlaryň bu ugry ösdürmäge goşýan goşandy barada gymmatly maglumatlar öz beýanyny tapýar. Türkmenistanda innowasion senagat, bäsdeşlige ukyply innowasion ykdysadyýet kemala gelýär. Döwlet durmuşynyň ileri tutulýan wezipelerine, şol sanda ylmy ösdürmek bilen bagly işlere möhüm ähmiýet berilýär, dünýäniň öňdebaryjy tejribesi nazara alnyp, ylym ulgamynda düýpli işler amala aşyrylýar. Türkmen halkynyň şöhratly taryhyny, dünýä siwilizasiýasynyň, medeniýetiniň ösüşlerine goşan goşandyny beýik akyldarlarymyzyň edebi, ylmy mirasyny öwrenmek we dünýä ýaýmak babatda hem möhüm ähmiýetli işler durmuşa geçirilýär.

Ylym — ösüşleriň binýady

Häzirki ajaýyp döwrümizde ylym-bilimiň kämilleşmegine aýratyn üns berlip, bu ugurda netijeli işler alnyp barylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň baý durmuş tejribesine esaslanyp, ýaşlarymyzyň ruhy-ahlak, medeni aň-bilim, beden taýdan ösüşine, döwrebap bilim-terbiýesine, şeýle hem jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmaklary üçin ähli şertler döredilýär. Şonuň üçin ylmyň dürli ugurlaryndan kämil hünärmenleri taýýarlamakda işler üstünlikli amala aşyrylýar. Munuň üçin ylmyň ugurlaryna, sanly tehnologiýalara aýratyn ähmiýet berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylymly-bilimli, sagdyn, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmaga başarnykly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge, ykdysadyýetimiziň pudaklarynda netijeli zähmet çekmäge ukyply hünärmenleri taýýarlamaga möhüm ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen, ýurdumyzyň milli bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, okuw maksatnamalary milli ýörelgelere laýyklykda kämilleşdirilýär. Täze tehnologiýalar, sanly ulgam giňden ornaşdyrylýar.

Atlary iýmitlendirmegiň täze tehnologiýalary

Dünýä meşhur ahalteke atlarynyň gözelligine, ýyndamlygyna, ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde ösüp ýetişen ösümliklerden taýýarlanylan ot-iýmleri kabul etmeginiň hasabyna eýe bolandygy hemmelere mälimdir. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň ýerli tebigy we toprak-howa şertlerinde ösüp ýetişen ösümlikleri, olaryň miweleri, däneleri hem-de olardan galýan önümçilik galyndylary bilen bilelikde ulanmak arkaly täze tehnologiýalar esasynda iým garyndysyny öndürmegi maksat edindik. Häzirki zaman iým garyndysy diňe bir atyň energiýa we ýokumly maddalara bolan talabyny üpjün etmän, eýsem, onuň umumy immun ulgamynyň kadaly ýagdaýda bolmagyny hem üpjün etmelidir. Şu nukdaýnazardan, biziň öndüren iým garyndymyzyň düzümine adaty däl goşundylaryň, ýagny bakja ekinleri bolan – kädiniň we garpyzyň ununyň girizilmegi atyň immun ulgamynyň kadalaşmagyna peýdaly täsirini ýetirýär. Şeýle hem bu goşundylaryň girizilmegi atyň bedeniniň witaminler bilen üpjünçiliginiň has-da gowulanmagyny, kesellere durnuklylygynyň ýokarlanmagyny üpjün etmeli. täze iým garyndysynyň ähmiýeti dogrusynda geçirilen ylmy-barlag işleri onuň artykmaç hem-de ýetmezçilik taraplaryny ýüze çykarmaga mümkinçilikleri döretdi.

Dil bilene ýollar açyk

Adam näçe köp dili bildigisaýyn, şonça-da medeniýetli bolýar, gözýetimi giňeýär. Sebäbi dilleriň üsti bilen halklaryň ruhy hazynasyna aralaşýarsyň. Diller halklary dostlaşdyrýar, bir-birine ýakynlaşdyrýar. Dil öwrenmäge isleg bolanda, bu arzuwyňy amala aşyrmak hiç haçan giç däldir. Esasy zat dil öwrenmäge islegiň bolmagydyr. Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýaş nesle eýýäm çagalar baglarynda dilleriň birnäçesi öwredilýär. Mekdebimizde ýokary synp okuwçylarynyň arasynda geçiren «Dünýä dilleri» atly edebi söhbetdeşligimizde diňe bir bular hakynda däl, eýsem, hormatly Prezidentimiziň aladalary bilen ýaşlara dünýä dilleriniň birnäçesiniň häzirkizaman usullary, kämil okuw kitaplary, elektron kitaplardyr sözlükler, okuw gollanmalary esasynda çuňňur öwredilýändigi hakynda gyzykly çykyşlar guraldy. Bu çärede Magtymguly Pyragynyň we beýleki nusgawy şahyrlarymyzyň eserlerinden parçalaryň türkmen, iňlis, rus dillerinde ýatdan okalmagy oňa gatnaşýan mugallymlarda we ata-enelerde ýakymly täsirleri galdyrdy.

Pederleriň ýoly – nusgalyk mekdep

Adamzadyň ýaşaýyş-durmuşyny ylym-bilimsiz göz öňine getirmek asla mümkin däl. Ylym-bilim adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň geljegini, geçmişini, kuwwatyny, ykdysady ösüşini kesgitleýän esasy görkezijileriň biri ylym-bilim pudagy bolup durýar. Ylymyň we bilimiň mazmuny we hili, onuň elýeterliligi aýratyn şahsyýetiň isleglerine laýyk gelmegi köp babatda häzirkizaman jemgyýetiniň intellektual mümkinçilikleriniň ýagdaýyny kesgitleýär. Bu ulgama maglumat we innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň esasynda ony çalt depginler bilen ösdürmek milli derejede ileri tutulýan möhüm ugur bolup durýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän bilim özgertmeleri häzirki wagtda türkmen ýaşlarynyň kämil derejede bilimli bolup ýetişmeklerini üpjün edýär. Ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän alada öz miwesini hem berýär. Watanymyza, halkymyza, ata-babalarymyzyň ajaýyp ýörelgelerine, milli däp-dessurlarymyza wepaly, ruhubelent, bilim almaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli ýaşlar kemala gelýär. Soňky ýyllarda halkara ders bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolýan talyplarymyzyň, mekdep okuwçylarymyzyň sany has-da artýar.