HABARLAR

Täsinlikler äleminde

Üýtgeşik desga Kataryň Doha şäherinde FİFA dünýä çempionatyna bagyşlanyp «2022» görnüşli bina guruldy. Şu ýylky dünýä çempionatynyň oýunlarynyň geçiriljek «Halifa» halkara stadionynyň garşysynda ýerleşýän, Doha sport şäherinde gurlan «Iconic 2022» binasy döredijisi tarapyndan «dünýäde bir ýyla meňzeýän ilkinji bina» hökmünde häsiýetlendirilýär. Bu bina binagär Ybraýym Mohamed Jadiah tarapyndan dizaýn edilip, dört bölümden ybarat. Binada supermarket, sport merkezi, saglyk kluby, kafe we restoran ýerleşdirilendir.

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara gatnawlar üçin onlaýn bilet satuwyna başlady

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara gatnawlar üçin onlaýn bilet satmak işini täzeden ýola goýdy. Bu barada “orient.tm” neşiri awiakompaniýa salgylanyp habar berýär. “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň resmi web sahypasynda “Halkara gatnawlar” bölümi peýda boldy. Şu ýerden bilet satyn alyp, tölegini bank kartlary arkaly türkmen manadynda tölemek bolar

Bulary bilmek gyzykly

Açyk hat Eýfel diňiniň gurluşygy dowam edýän döwründe Gi de Mopassan, Aleksandr Dýuma-ogly, Şarl Guno ýaly meşhur fransuz edebiýat we sungat işgärleriniň 300-si açyk hat ýazypdyrlar. Olar hatda Eýfel diňini tüsseçykar ýaly şäheriň üstüne abanyp, beýleki binalaryň öňüni örtüp durjak zat hökmünde häsiýetlendiripdirler.

Täsinlikler äleminde

Üýtgeşik köpri «Rakotzbruk» köprüsi dünýäniň iň bir täsin ýerleriniň biridir. Ol IX asyra degişli bolup, özüniň gurluşyk takyklygy bilen meşhurdyr. Köpri we onuň suwdaky şöhlelenmesi birleşip, islendik tarapyndan seretseň-de, doly we ajaýyp daş tegelegini emele getirýär. Bu täsinlik başgaça «Şeýtan köprüsi» diýlip hem tanalýar. Görnüşinden gurluşykçylar köpriniň peýdasyna däl-de, onuň gözelligine üns beripdirler. Köpriniň iki ujunda, Germaniýanyň köp künjeginde duş gelýän tebigy bazalt daşlaryndan gurlan sütünlerine meňzedilen, inçe gaýalar gurlupdyr. Maý we sentýabr aýlary bu ýere syýahat etmegiň iň gowy we täsirli möwsümi hasaplanylýar.

Täsinlikler äleminde

Dost-doganlyk seýilgähi Özbegistanyň Daşkent şäherinde ýerleşýän «Aşgabat» seýilgähi ýurda gelýän köp jahankeşdeleriň ünsüni özüne çekýär. Türkmen we özbek halklarynyň dost-doganlygyny dabaralandyrýan bu seýilgäh Türkmenistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda 2018-nji ýylyň aprelinde açylypdy. Seýilgähiň özboluşly täsin dizaýny biziň ýurdumyza bagyşlanansoň, gözel Türkmenistanyň keşbini janlandyrýar. Seýilgähde ýerleşdirilen sekizburçlugyň, ahalteke atlarynyň şekilleri, ajaýyp suw çüwdürimi, milli bezegli, ak reňkli täsin binalar muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Seýilgähde Türkmenistanda ösýän baglardan başga-da, Krym sosnasy, hindi lilaky, dub ýaly agaçlar hem bar. Seýilgähiň gözel tebigaty we tutuşlygyna täsin keşbi köpleri haýran galdyrýar.

Täze eýýam: ýurdumyz — syýahatçylygyň döwrebap merkezi

Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmeginiň netijesinde onuň jemi içerki önüminiň düzüminde täze pudaklaryň sany barha artýar. Ykdysadyýetde hereket edýän pudaklaryň döwrebap, täze görnüşleri emele gelýär. Şeýle ugurlaryň biri hem gözel Diýarymyzda halkara syýahatçylyk pudagy bilen baglanyşykly işlerdir.

Täsinlikler äleminde

Baglyga beslenen desga Singapur şäher döwletinde 280 metrlik täsin gür baglyga bürenen desga açyldy. Bu belent desganyň içi we daşy köpsanly baglyga bürenenligi bilen tapawutlanýar. Onda baglaryň we ösümlikleriň 80 müň düýbi oturdylypdyr. Desganyň içki bezeginde köpsanly öý ösümlikleriniň oturdylmagy bilen birlikde, onuň dürli belentlikdäki 4 gatyny hem durşuna baglar tutýar. Mundan daşary hem, desganyň çür depesinde dürli miweli baglaryň hem tokaýlygy kemala getirilipdir. Bu bagda bolsa miweli baglaryň we bakja ekinleriň 150-den gowrak görnüşi ösdürilýär. Özboluşly bagyň datly nygmatlaryny desganyň naharhanasy myhmanlaryna hödür edýär.

Bulary bilmek gyzykly

Eýfeliň gizlin otagy Görlüp oturylsa, Pariždäki meşhur diňde öý hem bar eken. Ussat binagär Gýustaw Eýfel meşhur diňiň ýokarky böleginde gizlin öý hem gurupdyr. Içinde öý goşlary-da bolan bu uly bolmadyk jaýyň oňaýlylygy adaty fransuz öýlerinden sähelçe-de kem däl. Gýustaw Eýfel myhman otagly, hammamly we iki sany ýatylýan otagly gizlin öýde şäheriň gözel görnüşini synlap, dynç alypdyr, myhmanlary kabul edipdir. Häzirki wagtda bu öý muzeýe öwrülip, onda Eýfeliň we onuň dosty Tomas Edisonyň edil gürleşip oturan şekildäki mum heýkelleri ýerleşdirilipdir.

Daşkent — Aşgabadyň doganlaşan şäheri

Täsin künjek Daşkent telediňi Merkezi Aziýada iň belent desgalaryň biridir. Beýikligi 375 metre barabar bolan desga 1985-nji ýylda gurlup ulanmaga berlipdir. Belent desga diňe bir teleradio maksady bilen gurulman, ol şäheriň ajaýyp medeni künjekleriniň hem biridir. Desganyň 94 metr belentliginde syn ediş meýdançasy ýerleşip, ol ýerden şäheriň ajaýyp görnüşini synlap bolýar. Syn ediş meýdançasyndan ýokarda Gündogar we Ýewropa tagamlaryny hödürleýän restoranlaryň ikisi ýerleşýär. Bu restoranlarda naharlanmak bilen, şäheriň ähli töweregini oturan ýeriňde görüp bolýar. Ýagny, bu restoranlar äpet aýlanyş çarhynyň üstünde ýerleşip, bir sagatda bir öwrüm edýär. Telediňiň töweregi hem durşuna seýilgäh bilen gurşalyp, dürli medeni merkezlere baýdyr. Şeýle hem, telediňiň ýerleşýän ýerinde palawyň dürli görnüşleriniň bişirilýän merkezi bar. Bu ýerde äpet gazanlarda taýýarlanýan datly tagamyň lezzetini duýmaga gelýänleriň sany barha artýar.

Sütükli haýwanlaryň ýurduna syýahat ýa-da ýüzýän adadaky başdangeçirmeler

Žül WERN,fransuz ýazyjysy (Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanlarynda).