HABARLAR

Jumle-jahan habarlary

Stratosferadan surata düşürdi

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Londona uçuşlaryny Hitroudan Gatwik howa menziline geçirýär

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Aşgabatdan Londonyň Hitrou howa menziline amala aşyrylýan uçuşlary Londonyň Gatwik howa menziline geçirmek meýilnamasyny yglan etdi. “AeroRoutes” portalynyň ýekşenbe güni habar bermegine görä, “Boeing 777-200LR” kysymly uçar 2024-nji ýylyň 3-nji aprelinden başlap bu ugur boýunça uçuşlary amala aşyrar. T5423 belgili uçuş Aşgabatdan 12:00-da ugrap Londonyň Gatwik howa menziline sagat 15:10-a barar we ertesi T5424 belgili yzyna uçuş Londondan 16:55-de uçup, Aşgabat Halkara howa menziline sagat 3:00 geler.

Bangladeşde diňe zenanlardan durýan ekipažly uçar uçuşy amala aşyrdy

Bangladeşde Halkara zenanlar güni mynasybetli, diňe zenan uçarmanlar tarapyndan dolandyrylýan uçar gatnawy amala aşyryldy. Bu barada «MIR 24» habar berýär. Uçar ýurduň paýtagty Dakkadan Saud Arabystanynyň Dammam şäherine uçdy.

Aşgabat – Hoşimin – Aşgabat ugry boýunça göni howa gatnawy ýola goýuldy

"Türkmenhowaýollary" agentliginiň amala aşyrýan halkara gatnawlarynyň sany artdy. Aşgabat – Hoşimin – Aşgabat ugry boýunça göni howa gatnawy ýola goýuldy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi. Aşgabatdan Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Hoşimin şäherine “Boeing 777-200 LR” kysymly häzirki zaman uçary ilkinji uçuşy amala aşyryp, ol täze ugur boýunça ýola goýlan howa gatnawlarynyň başyny başlady.

Kitaplar hazynasy

Dünýäniň iň uly kitaphanasy hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilen Kongres kitaphanasy ABŞ-nyň Waşington şäherinde ýerleşýär. 1800-nji ýylyň 24-nji aprelinde ilkinji okyjylaryna gapysyny giňden açan bu kitaphananyň binagäri Tomas Jeffersondyr. 3 sany binadan ybarat bolan kitaphanada millionlarça kitap, film, wideo, ses ýazgylary, suratlar, gazetler, kartalar we golýazmalar bar. 1350 kilometr kitap tekjesi bolan kitaphanada 3000-den gowrak işgär zähmet çekýär. Kongres kitaphanasynda 470-e golaý dilde 33 milliondan gowrak kitap ýerleşdirilendir.

Türkmenistanda syýahatçylyk boýunça halkara forum geçiriler

Şu ýylyň 27-28-nji martynda “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahaty guramak meýilleşdirilýär. 1-nji martdaky Hökümet mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa bu halkara forumy geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Hasabatda aýdylmagyna görä, bu foruma ugurdaş halkara düzümleriň, ýurduň iri syýahatçylyk guramalarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmaklaryna garaşylýar. Wekillere Arkadag şäheri, täsin taryhy-medeni ýadygärlikler, muzeýler, umuman, ýurduň syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen tanyşmaklary üçin şertler dörediler.

Aşgabatdan Stambula hepdede 11 gezek uçuṣ amala aṣyrylar

Şu ýylyň aprel aýynyň 1-den başlap Stambul – Aşgabat we Aşgabat –  Stambul ugry boýunça ýene-de 2 sany uçuş saparlarynyň goşulandygyny Size habar bermek isleýäris. Indi tomusky täze tertibe laýyklykda bu ugur biýunça hepde de jemi 11 sany gatnaw amala aşyrylar. Bu barada “@eshretli_travel” habar berÿar. Uçarlar hepdäniň her güni:

Ispaniýada golaý aralyga howa gatnawlary ýatyrylar

Ispaniýanyň parlamenti ýolagçy otly gatnawynyň wagty 2,5 sagatdan geçmeýän gysga aralyga amala aşyrylýan içerki howa gatnawlaryny ýatyrmak bilen bagly kanunyň taslamasyny taýýarlaýar. Bu barada euro-pulse.ru saýty habar berýär. Ýatyryljak howa gatnaw ugurlarynyň sanawy heniz yglan edilmedi, ýöne Madridden Barselona, Alikantä, Malaga, Pamplona, Santýago de Kompostela hem-de Walensiýa guralýan uçuşlaryň, şeýle hem Barselona bilen Walensiýanyň arasyndaky gatnawyň ýatyrylmagy örän mümkin hasaplanylýar.

Türkmenistanda internet sahypalarynyň sanyny köpeltmek boýunça işler amala aşyrylýar

1-nji martda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamlarynda 2024-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Döwlet maksatnamalaryndan we sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berildi. Şunuň bilen baglylykda, elektron neşirleriň sanyny artdyrmak, pudaga degişli elektron saýtlary häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän maglumatlar bilen üpjün etmek, işgärleriň hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy aýdyldy.

Raýat awiasiýasynda türkmen-türk hyzmatdaşlygyny ilerleýär

3-nji Antalýa diplomatik forumyna gatnaşmak maksady bilen Türkiýede iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşygy boldy.  Duşuşygyň öňüsyrasynda Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Türkiýäniň Baştutany iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.