HABARLAR

Änew — tür­ki dün­ýä­si­niň me­de­ni paý­tag­ty

Türk­me­nis­tan­da şan­ly wa­ka my­na­sy­bet­li da­ba­ra­la­ra ba­dal­ga be­ril­di 26-njy martda Ak bug­daý et­ra­bynyň «Now­ruz ýaý­la­syn­da­ky» «Türk­me­niň ak öýi» bi­na­syn­da Änew şä­he­ri­niň 2024-nji ýyl­da «Tür­ki dün­ýä­si­niň me­de­ni paý­tag­ty» diý­lip yg­lan edil­me­gi my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­jek çä­re­le­re ba­dal­ga ber­mek da­ba­ra­sy bol­dy.

Türkmenistanda şanly waka mynasybetli dabaralara badalga berildi

26-njy martda Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” “Türkmeniň ak öýi” binasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasy boldy. “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” atly maksatnama türki halklaryň medeni mümkinçiliklerini açyp görkezmäge we olaryň mirasy bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir. Munuň özi her ýylda türki dilli ýurtlaryň dürli şäherleriniň döredijilik taryhyna ünsi çekmegi, şonuň esasynda-da baý medeni çäreleriň geçirilmegini göz öňünde tutýar we türki halklaryň taryhyň dowamynda emele gelen gatnaşyklaryna, medeniýet ulgamynda dowam etdirilýän hyzmatdaşlyga esaslanýar.

Änew — türki dünýäsiniň medeni paýtagty

Türk­me­nis­tan­da şan­ly wa­ka my­na­sy­bet­li da­ba­ra­la­ra ba­dal­ga be­ril­di Ahal we­la­ýa­ty, 26-njy mart (TDH). Şu gün Ak bug­daý et­ra­bynyň “Now­ruz ýaý­la­syn­da­ky” “Türk­me­niň ak öýi” bi­na­syn­da Änew şä­he­ri­niň 2024-nji ýyl­da “Tür­ki dün­ýä­si­niň me­de­ni paý­tag­ty” diý­lip yg­lan edil­me­gi my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­jek çä­re­le­re ba­dal­ga ber­mek da­ba­ra­sy bol­dy.

BMG-nyň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynda Magtymguly Pragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi

25-nji martda BMG-nyň hyzmatdaşlygy bilen Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasy tarapyndan BMG-nyň Nýu-Yorkdaky baş edarasynda görnükli türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan ýörite çäre geçirildi. Bilim, ylmy we medeni gurama (UNESKO) we halkara türk medeniýeti guramasy (TURKSOY). Dabaraly çärä BMG-nyň baş edarasyndaky ESUNESKO-nyň wekilhanasynyň ýolbaşçylary, Halkara türk medeniýeti guramasy, ECOSOC-nyň başlygy, BMG-a agza ýurtlaryň hemişelik wekilleri, diplomatik wekilhanalaryň işgärleri we BMG ulgamynyň edaralary gatnaşdy.

Änew — tür­ki dün­ýä­si­niň me­de­ni paý­tag­ty

Türk­me­nis­tan­da şan­ly wa­ka my­na­sy­bet­li da­ba­ra­la­ra ba­dal­ga be­ril­di Ahal we­la­ýa­ty, 26-njy mart (TDH). Şu gün Ak bug­daý et­ra­bynyň “Now­ruz ýaý­la­syn­da­ky” “Türk­me­niň ak öýi” bi­na­syn­da Änew şä­he­ri­niň 2024-nji ýyl­da “Tür­ki dün­ýä­si­niň me­de­ni paý­tag­ty” diý­lip yg­lan edil­me­gi my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­jek çä­re­le­re ba­dal­ga ber­mek da­ba­ra­sy bol­dy.

Ajaýyp toý sowgady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýany bolan şanly wakalar, hoş habarlar göwünlere ganat baglap, uly ruhubelentlik döredýär. 23-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiziň «Änew—müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabyny ýazyp tamamlandygy barada habar bermegi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şatlyk-buýsanjyny has-da artdyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň many-mazmunly täze kitaby şöhratly taryhymyzda mynasyp orny eýeläp, müňlerçe ýyllaryň dowamynda dünýäniň görnükli alymlary tarapyndan öwrenilen, netijede, gadymy siwilizasiýalaryň biri hökmünde dünýäde ykrar edilen Änew medeniýetine bagyşlanýar. Geçmişe bolan sarpany, taryhymyza bolan buýsanjy artdyrýan bu kitap 2024-nji ýylda Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli gadymy Oguz ýaýlasynda badalga alan toý dabaralaryna ajaýyp sowgat boldy.

Dost-doganlygyň mekany

Düýn Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyny şatlyk-şowhun gurşap aldy. Ýaşyl begrese beslenen bu gözel künjekde Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek bilen bagly dabara ýaýbaňlandyryldy. Dabara gatnaşyjy türki dilli döwletleriň wekilleri we beýleki hormatly myhmanlar toý keşpli ýaýlada giň gerim berlen baý many-mazmunly tomaşalary synladylar. Umumadamzat medeni genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen halkymyzyň baý medeni mirasyny, daýhançylyk däplerini, oba zähmetkeşleriniň ýaz aladalaryny we çarwa durmuşyny açyp görkezýän tomaşalar, belent watançylyk duýgusyna beslenen milli aýdymlardyr sazlar, beýleki milli öwüşginli tomaşalar hemmelerde göwün göteriji duýgyny döretdi.

Myhmanlaryň ýürek buýsanjy

Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bilen bagly çärelere badalga bermek dabarasyna doganlyk ýurtlaryň aýdym-saz, halk döredijilik toparlarynyň wekilleri gatnaşyp, özleriniň ajaýyp çykyşlary bilen dabara özboluşly şowhun goşdular. Ýörite habarçymyz şol şatlykly pursatlarda myhmanlaryň birnäçesiniň ýürek buýsanjyny ýazga geçirdi.

Änew — gadymy medeniýetiň mekany

Türkmen topragynda togsan dolup, ýere ýyly girmegi bilen, tebigat gaýtadan janlandy. Bahar bagtly pursatlary goýnuna dolduryp, älem gözellikleriniň dürüni ykbalymyza bagyş edip, bosagamyzdan ätledi. Al-elwan güllere, lälezarlyga beslenen baharyň nurana günleri bagtly seneleri we wakalary bagyş edip, duýgy dünýämize tükeniksiz ylham berýär. Paýtagtymyz Aşgabatdan sekiz kilometr gündogarda, Ahal ýaýlasyna ýaýylyp gidýän gadymy Änew şäheri bu bahar günleri çar ýandan gelýän myhmanlary garşy aldy. Her bir halkyň özüniň öçmejek şöhratly taryhy, belende göterilen milli medeniýeti bolýar. Türkmen halkymyzyň hem hiç bir halkyňka meňzemeýän beýik taryhy, gaýtalanmajak medeniýeti bar. Üstünden Beýik ýüpek ýoly geçen gadymy Diýarymyzda taryhy-medeni ýadygärlikleriň ýüzlerçesiniň bolmagy-da bu topragyň şöhratly taryhyndan habar berýär. Änew medeniýetiniň açylmagy diňe bir Günorta Türkmenistanyň taryhy üçin däl, eýsem gadymy Gündogaryň oba hojalygynyň taryhy üçin hem möhüm ähmiýete eýe boldy. Änew medeniýetini öwrenmek XIX asyryň 80-nji ýyllarynda başlandy we birnäçe gezek täsin tapyndylary bilen haýran galdyrdy.

Beýik Ýüpek ýolunyň altyn halkasy

Adamzadyň medeniýet sallançagynyň ilki bat alan ýerleriniň biri bolan Änew şäheri diňe türkmen taryhynyň şöhratly geçmişini goýnunda saklaman, eýsem, külli türki dünýäsi üçin aýratyn ähmiýetlidir. Taryhy alyslara uzap gidýän bu şäheri 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek boýunça degişli çözgüdiň 2022-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň mejlisinde kabul edilmegi, soňra hormatly Prezidentimiziň bu mynasybetli dabaralary we çäreleri guramaçylykly geçirmek maksady bilen degişli resminama gol çekmegi taryhy waka boldy. 2023-nji ýylyň 10-njy dekabrynda doganlyk Azerbaýjanda geçirilen «Şuşa — Türki dünýäniň medeni paýtagty — 2023»-iň ýapylyş dabarasynyň çäginde TÜRKSOÝ-yň Hemişelik geňeşiniň utgaşdyryjysy diýen wezipe hem-de «Türki dünýäniň medeni paýtagtynyň» nyşany Türkmenistanyň wekiliýetine gowşuryldy. Şol wakanyň yzysüre onuň hormatyna Änew şäherinde şatlyga beslenen dabara geçirilipdi. Änew medeniýeti türkmen halkynyň geçmişinden habar berýän taryhy wakalaryň şaýady bolup, açyk asmanyň astyndaky muzeý hökmünde seleňläp duran taryhy ýadygärlikleriň