Beýik ösüşleriň ruhy güýji
Halkymyzyň gadymyýetden gözbaş alyp, asyrlaryň dowamynda sünnäläp döreden milli däp-dessurlaryna, edim-gylymlaryna, paýhas ýörelgelerine aýratyn hormat goýýan, sarpalaýan mähriban Arkadagymyz olary kämilleşdirmek, geljekki nesillere ýetirmek üçin beýik işleri alyp barýar. Täze, 2021-nji ýylyň bosagasynda hormatly Prezidentimiz wideoaragatnaşyk görnüşinde ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmäge, habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmäge bagyşlap geçiren iş maslahatynda döwletimiziň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň belleniljek ýylynda medeniýet ulgamynyň, hususan-da kitaphanalaryň, muzeýleriň, teatrlaryň öňünde durýan wezipeleriň ähmiýetine aýratyn ünsi çekdi. Gahryman Arkadagymyz kitaphanalarda, muzeýlerde we beýleki medeni ojaklarda şanly sene mynasybetli tanymal ýazyjy-şahyrlar, zähmet weteranlary bilen duşuşyklary, döredijilik we aýdym-sazly agşamlary yzygiderli guramagy tabşyrdy. «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymaty öňe süren Arkadag Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşymyza döwrebap, ýokary tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar. Onlaýn aragatnaşygy, internet saýtlary, elektron poçtalary muňa aýdyň subutnama bolup durýar. Her bir meseläni ünsünden sowmaýan Gahryman Arkadagymyz sanly ulgamlary ösdürmegi, hasam kämilleşdirmegi möhüm wezip