HABARLAR

Me­de­ni­ýe­tiň gül­le­ýän oja­gy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW        Je­mal bag­şy siz! 

Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhas we döredijilik mirasy — umumadamzat gymmatlygy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, şu ýyl ýurdumyzda we daşary ýurtlarda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilýär. Munuň özi eserleri dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren beýik söz ussadynyň bahasyna ýetip bolmajak pähim-paýhas, döredijilik mirasyny öwrenmäge täze itergi berýär. Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmegi, şahyryň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, onuň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň hataryna goşulmagy türkmeniň meşhur nusgawy şahyrynyň gymmatly mirasynyň halkara derejede ykrar edilýändiginiň güwäsidir. Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, onuň şan-şöhratyny, halkara abraýyny artdyrmak, Magtymguly Pyragynyň ömür-döredijiligini öwrenmek, dünýäde wagyz etmek maksadyndan ugur alyp, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň beýik şahyra bagyşlap ýazan goşgusy bilen adybir atlandyrylan şu ýyl “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýär. Bu şygaryň many-mazmuny ildeşlerimiziň watançylyk ruhuny belende götermekden, ýaşlaryň m

Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhas we döredijilik mirasy — umumadamzat gymmatlygy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, şu ýyl ýurdumyzda we daşary ýurtlarda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilýär. Munuň özi eserleri dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren beýik söz ussadynyň bahasyna ýetip bolmajak pähim-paýhas, döredijilik mirasyny öwrenmäge täze itergi berýär. Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmegi, şahyryň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, onuň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň hataryna goşulmagy türkmeniň meşhur nusgawy şahyrynyň gymmatly mirasynyň halkara derejede ykrar edilýändiginiň güwäsidir. Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, onuň şan-şöhratyny, halkara abraýyny artdyrmak, Magtymguly Pyragynyň ömür-döredijiligini öwrenmek, dünýäde wagyz etmek maksadyndan ugur alyp, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň beýik şahyra bagyşlap ýazan goşgusy bilen adybir atlandyrylan şu ýyl “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýär. Bu şygaryň many-mazmuny ildeşlerimiziň watançylyk ruhuny belende götermekden, ýaşlaryň m

«Ýaňlan, Diýarym!»

Bagtyýar durmuşymyzyň belent waspy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda aýdym-saz sungatyna, milli medeniýetimize belent sarpa goýulýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde her ýylda uly ruhubelentlikde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi aýdym-saza höwesli, zehinli ýaşlaryň birnäçesini ýüze çykarýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň özboluşly sungat baýramydyr. Bu telebäsleşikde ýerine ýetirilýän aýdymlar ýurdumyzyň beýik ösüşleriniň, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň belent waspyna öwrülýär» diýip belleýşi ýaly, bu bäsleşigiň welaýat tapgyry hem uly sungat baýramyna öwrüldi.

Ajaýyp döwrüň waspçysy

Şahyr Bazar Şalyýewiň edebiýat meýdanynda özboluşly ýoly bar. Şahyryň geçen zähmet we döredijilik ýoly hem muny tassyklaýar. Ol Hojambaz etrabynyň Mekan obasynda dünýä inýär. Obasyndaky 5-nji orta mekdebi gowy bahalar bilen tamamlap, 1974-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetine okuwa girýär. Bazar Şalyýew okuwyny tamamlap, «Ahal durmuşy» gazetinde zähmet ýoluna başlaýar. Soňra «Türkmen gündogary» gazetinde habarçy, etrap «Watançy» gazetinde jogapkär kätip wezipelerinde işleýär. 2014-nji ýylda pensiýa çykýança, Hojambaz etrabyndaky 5-nji orta mekdepde türkmen dili we edebiýat mugallymy, şol mekdebiň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary wezipelerinde zähmet çekýär. Şahyr Bazar Şalyýewiň zähmet çeken ýerleri çeper döredijilik bilen meşgullanmagy üçin has-da oňaýly boldy. Türkmen diliniň jadylaýjy täsirlerini şygra siňdirip, okyjylaryň göwnünden orun almak abyrsyz zähmeti, yhlasdyr gaýraty talap edýär. Onuň durmuş wakalaryny çeper beýan edýän goşgularyny, rubagylaryny höwes bilen okaýarsyň.

Şöhratly menzillerde ýokary sepgitler

Milli senetçilik we dünýä tejribesi

Göze gelüwli, owadan zatlaryň deňinden biparh geçip bolmaýar. Ine, şu gün – 7-nji awgustda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň guramagynda geçirilen «Türkmen milli senetçiligini ösdürmegiň meseleleri we dünýä tejribesi» atly maslahatda milli el işleriniň sergisiniň deňinden hem biparh geçip bilmedik. Kalbynda ylham, mähir çogýan türkmen zenanynyň döredýän gudratyna haýran galýarsyň. Maslahata gatnaşan Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň «Çyzuw we materiallaryň garşylygy» kafedrasynyň mugallymy Arzygül Köşiliýewa:   

Ýaşlaryň joşgunly owazlary

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Daşoguz welaýat tapgyryna sebitiň şäherdir etraplarynda bolan deslapky gözden geçirilişlerde öňe saýlanan estrada aýdymçylarynyň 10-sy gatnaşdy. Daşoguz şäheriniň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki ajaýyp meýdançada ýagty yşyklar bilen öwşün atyp, toý lybasyna beslenen giň sahna höwesjeň ýaşlaryň, täze zehinleriň hoş owazyna gurşaldy. Bäsleşige örän taýýarlykly gelen ýaş zehinleriň ýerine ýetiren halk heňleri, beýik döwrümizi wasp edýän estrada aýdymlary sungat muşdaklaryna lezzet paýlap, olarda aýratyn täsir galdyrdy. Ajaýyp görnüşlere, şatlyk-şowhuna beslenip, hakyky aýdym-saz baýramçylygyna öwrülen bäsleşigiň her bir tolgundyryjy pursady «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň toýly günlerine bezeg berdi. Ol Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen milli medeniýetimiziň gülläp ösýändiginiň nobatdaky aýdyň mysaly boldy.

Zehin uçgunjyklaryny kämilleşdirýän mekdep

Sungata aşyk bolmaýan ýokdur. Onda-da çeperçilik sungatyna. Suratkeşdir heýkeltaraşlar, keramikaçydyr nakgaşçylar ynsana ruhy lezzet, gözellik eçilýärler. Olar dünýäniň ajaýyplyklaryny we täsinliklerini inçelik bilen duýýarlar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň çeperçilik sungatyna höwesli ýaş nesillerini göreniňde, olaryň sungata bolan söýgüsine guwanýarsyň, şekile geçirýän işlerine buýsanýarsyň. Çeperçilik sungatyny ösdürmek we kämilleşdirmek babatynda ýurdumyzda uly mümkinçilikler we şertler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde beýik işler durmuşa geçirilýär. Žurnalymyzyň döredijilik topary zehin uçgunlaryny kämilleşdirýän ojak bolan Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebinde myhmançylykda boldy. Onda biz bu mekdebiň alyp barýan işleri, geljekki meýilnamalary, mümkinçilikleridir aýratynlyklary bilen tanyşdyk. Bular dogrusynda bize Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň direktory Öwezgeldi Ýagmyrow şeýle gürrüň berdi:

Saýat Nowa

(Arutýun Saýadýan)(1712-1795) Arutýun Saýadýanyň edebi lakamy Saýat Nowa bolup, ol ermeni şahyrydyr. Saýat Nowa ermeni, gruzin, azerbaýjan, türk dillerinde goşgy ýazypdyr. Ilkinji goşgularyny heniz çaga wagtlary ýazypdyr. Öz goşgularyny çalan sazlaryna goşup, aýdym edip aýdypdyr. Saýat Nowa öz eserlerinde, esasan, umumadamzat gymmatlyklarynyň ileri tutulýan meselelerine ýüzlenipdir. Halklaryň dostlugy, doganlygy, bütin dünýäde parahatçylygy, ula hormat, kiçä söýgi, jomartlyk, watançylyk, ynsanperwerlik ýaly düşünjeler şahyryň şygyrlarynda çeper beýanyny tapypdyr. Şeýle hem ol öz döwrüniň ozanydyr, gözelligiň waspçysydyr. Onuň 200-den gowrak goşgulary biziň günlerimize gelip ýetipdir. Saýat Nowanyň türkmen diline terjime edilen kitaby 1976-njy ýylda çapdan çykýar. Ýurdumyzyň bagşylary Saýat Nowanyň sözlerine «Nurana Aý», «Ýokdur taýyň», «Sataşa-sataşa» ýaly birnäçe aýdymlaryny aýdýarlar. «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda Saýat Nowanyň (Arutýun Saýadýanyň) ýadygärliginiň goýulmagy Türkmenistanyň we Ermenistan Respublikasynyň dostlukly gatnaşyklaryny has-da berkider.