HABARLAR

Halypa hakdaky ýatlamalar

Türkmenistanyň halk bagşysy Magtymguly Garlyýew dessan we tirme aýdymlaryny aýtmagyň ýokary ussatlygyny görkezen halypalaryň biridir. Ömrüni aýdym-saza bagyş edip ýaşan döwründe: «Märekäniň göwnüne ýarap bilsem, dünýäde başga armanym ýok, il-günüme döneýin!» diýip, toýlarda ýüregi bilen hyzmat eden, il arasynda Çuwal bagşy ady bilen tanalýan ezber bagşy hemişe ýagşylykda ýatlanýar. Il-halkymyzy ajaýyp eserleri bilen begendirip gelýän Gahryman Arkadagymyz hem «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabynda: «Magtymguly Garlyýew häzir Çuwal bagşynyň (çuwal — bagşynyň tiresiniň ady) ýoly» diýilýän täze ugry döredipdir. Ýerli halypaçylyk däplerini kämilleşdirmekde-de ussat dessançynyň hyzmaty uludyr» diýip, buýsanç bilen ýazýar. Halkymyzyň aýdym-saz sungatynda  öçmejek yz galdyran meşhur bagşy Magtymguly Garlyýew barada şu aýdylanlar hem onuň zähmetine, sungatyna, ussatlygyna, belent adamkärçiligine berlen ýokary bahadyr. * * *

Bereket bir dänede

Halkymyz rysgal-berekediň çeşmesi bolan bugdaýa, ondan önýän çörege mukaddeslik hökmünde gadyr-sarpa goýýar. Olary isrip etmeýär, aýawly saklaýar. Bu barada şeýle bir tymsal ýörgünli. Öňem iki dogan goňşy bolup ýaşapdyr. Olaryň ekin meýdanlary hem, alýan gazançlary hem deň bolupdyr. Emma doganlaryň ulusy kiçisine garanyňda, baý, gurply ýaşaýarmyş. Günlerde bir gün kiçisi uly doganyndan:

Watan waspy aýdymlarda, sazlarda

Şu günler türkmen ilinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyny baýram etmäge giňden taýýarlyk görülýär. Ynha, uly ruhubelentlik bilen şanly toýa barylýan günlerde-de Türkmenabat şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň geçirilen ýeri bolan şäherimizdäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdança ýygnanan köpsanly sungat muşdaklary ýaş aýdymçylaryň ýerine ýetiren her bir aýdymyny el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Bäsleşige gatnaşyjylar ýerine ýetirijilik ussatlygy babatda hem, ukyp-başarnygy babatda hem biri-birinden peslärli däl. Emma ökdäniň ökdesi bolýar. Eminler toparynyň gelen netijesine görä, Halaç etrabyndan ýaş aýdymçy Saparmyrat Tekäýew hem-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby Serdar Jumaýew bäsleşigiň welaýat tapgyrynyň ýeňijileri diýlip yglan edildi. Halypa-şägirtlik mekdebini geçip, kämillik ýoluna düşen ýaş estrada aýdymçylary ýürek buýsanjyny şeýle beýan edýärler. Saparmyrat TEKÄÝEW,

Kitap — döwürleriň aýnasy

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly syýasatynda Watanymyzyň geljekki eýeleri bolan ýaş nesillerimiziň sagdyn, berk bedenli, ruhubelent, bilim-terbiýeli, halkymyzyň şöhratly geçmişine, däp-dessuryna sarpaly adamlar bolup ýetişmekleri baradaky mesele esasy üns berilýän ugurlaryň biri bolup durýar. Ýurdumyzda ýaşlaryň bilimli, terbiýeli, ýokary düşünjeli, giň gözýetimli bolup ýetişmeklerinde kitaplaryň we kitaphanalaryň orny örän ýokarydyr. Biziň kitaphanamyzda hem bu meselä örän oýlanyşykly çemeleşilýär. Işjeň okyjylaryň, aýratyn hem ýaşlaryň gatnaşmaklarynda çeper okaýyşlary, maslahatlary yzygiderli geçirip durýarys. Ýaşlaryň sowatlylygyny ýokarlandyrmaklygy maksat edinýän çärelerimizi bilim ulgamynyň wekilleri bilen bilelikde gurap, olarda milli däp-dessurlarymyzy, mirasymyzy, gymmatlyklarymyzy gorap saklamakda we dünýä ýaýmakda kitaplaryň eýeleýän orny hakynda giňişleýin gürrüň edilýär. Bu babatda ýaşlar bilen sowal-jogap alyşýarys. Aýratynam Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň gymmatly kitaplarynyň ähmiýetini düşündirýäris.

Milli gymmatlyklarymyz dünýä ýaýylýar

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe baý mirasymyzy, milli we medeni gymmatlyklarymyzy gorap saklamakda, dünýä ýaýmakda uly işler amala aşyrylýar. Milli medeniýetimiziň, taryhy gymmatlyklarymyzyň, ata-babalarymyzdan gelýän ýol-ýörelgelerimiziň düýpli öwrenilmegi we kämilleşdirilmegi, maddy däl medeni gymmatlyklarymyzyň halkara derejede ykrar edilmegi ugrunda alnyp barylýan yzygiderli işler guwanjymyzy, buýsanjymyzy artdyrýar. Şolaryň esasynda halkymyzyň medeni gymmatlyklarynyň birnäçesiniň ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilmegi aýratyn bellärliklidir. Bilşimiz ýaly, ÝUNESKO Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen guramasy bolup, ol medeni ýadygärlikleriň we tebigy landşaftlaryň goralyp saklanylmagy boýunça alnyp barylýan halkara hereketlerde möhüm ähmiýeti eýeleýär. Dünýäniň abraýly halkara guramalary, şol sanda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyk Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň daşary syýasatynda aýratyn orny eýeleýär. «Gadymy Merw» we «Köneürgenç» döwlet taryhy-medeni goraghanalarynyň, Köne we Täze Nusaý galalarynyň, «Görogly» dessançylyk sungatynyň, milli «Küştdepdi» aýdym we tans dessurynyň,

Wengriýada türkmen owazlary ýaňlandy

Ýakynda Wengriýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Budapeşt şäherinde badalga berlen bu medeni çäre iki dostlukly ýurduň arasynda medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklary hem-de döwletara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedigini ähli aýdyňlygy bilen görkezdi. Medeniýet günleriniň açylyş dabarasyna ýokary derejeli myhmanlar bilen bir hatarda, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň baş sekretary Sultan Raýew, daşary ýurtlaryň Wengriýadaky ilçileri, bu ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmenistanly talyplar hem gatnaşdylar. Budapeşt şäheriniň merkezinde ýerleşýän kaşaň Miras öýüniň giň eýwanynda guralan sergi myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. Olar bu ýerde türkmen milli lybaslaryny, gelin-gyzlarymyzyň bezeg şaý-seplerini, şekillendiriş sungatynyň eserlerini synladylar, şeýle-de el işleri, Türkmenistanyň baý taryhy we medeni mirasy baradaky eserler bilen tanyşdylar. Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň müdiri Wepa Nurmuhammedowyň dutarda ýerine ýetirmeginde ýaňlanan türkmen halk aýdymlary myhmanlaryň ünsüni has-da özüne çekdi.

Akyldara döwran bu gün

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda okan ýyllarymda-da milli aýdym-sazlarymyzyň döreýiş taryhyna aýratyn üns berýärdim. Häzirki wagtda bu ýokary okuw mekdebinde mugallym bolup işlemek bilen, ýene-de halypalarymyzyň zehininden çykan ajaýyp aýdym-saz sungatymyzyň ussatlarynyň döreden we joşup-joşup ýerine ýetiren aýdymlaryny, çalan meşhur sazlaryny höwes bilen diňleýärin. Ussatlarymyzyň çalan sazlarydyr aýdan aýdymlaryny diňläp, talyplarymyzyň milli aýdym-sazlarymyz hakynda giňişleýin düşünje almaklary üçin alada edýäris. Konserwatoriýanyň mugallymlary bolup halypalardan eşiden täsin söhbetlerimizi, gyzykly maglumatlarymyzy bolsa okuw maksatnamamyzyň çäklerinde talyplarymyza ýetirip durýarys. Aýdym-saz sungaty adamlaryň göwnüni ganatlandyryp, özüne we geljege bolan ynamyny artdyrýar. Bu, elbetde, ussat halypalaryň döreden aýdym-saz sungatynyň beýikligidir.

Göwünleri awlap bildiň, Arkadag!

Sözleri: Gözel ŞagulyýewanyňkySazy: Batyr Täçowyňky Oýna, Şahyr, oýna, ganatyňy ger,Bahar güllerine çümen ýaýlada,Ýel kibi ýüwürip, ýaýnamaga gel,Şahyr göwünlere joşgun paýlada.

Myhmançylykda

Belli döredijilik adamlarynyň durmuşy köpleri gyzyklandyrýar. Maňa-da tomaşaçylaryň söýgüsini gazanmagy başaran belli aktýor we režissýor Baba Annanow bilen goňşy ýaşamak miýesser etdi. Goňşularyň arasynda-da her hilisi bolýar: käsi dymma, käsi gyňyrrak, käsi-de alçak. Babanyň ýaşy menden ulurak bolsa-da, biziň jynymyz jyňkyryşýardy. Onuň öýi köplenç myhmanlydy, gelýän myhmanlaryň köpüsi-de döredijilik adamlarydy. Şeýle ýagdaýda ol: «Sen myhmanlar bilen gowy dil tapyşýaň» diýip, meni köplenç çagyrardy. 1980-nji ýyllaryň ahyrynda men ony ýaşlygymyň ýakymly günlerini özünde saklaýan Darganata etrabynyň Çarwadar obasyna myhmançylyga alyp gitdim. Güýzüň ilkinji aýynda «Niredesiň Çarwadar» diýip, ýola düşdük. Baba bilen ilki Gazojagyň «Gazçykaryş» birleşiginde işläp ýören inim Amangeldiniň öýünde myhman bolduk. Amangeldiniň diňe özi däl, goňşy-golam, dost-ýar, edara işgärleri sag bolsunlar, gadyr baryny etdiler. Babanyňam baran ýeri alaýaz. Tanamaýan ýok. Her kim onuň bilen gürleşjek. Asyl, meniň bilen kän işlerem ýok. Lebap şäherçesiniň golaýynda Amyderýanyň üstünden geçýän asma köprä baryp gördük, «Düýeboýun» suw howdanyna gezelenç etdik, garaz, obadaşlarym yhlas etdiler. Baba hyzmat etjek bolup, obadaşlarym söwüş edip, bagşy ça

Nesilden-nesle geçip gelýän sungat

Aýdym-saz sungatyny nesilden-nesle dowam etdirip gelýänler az däl. «Ata kesbi ogla halal» diýlişi ýaly, bagşyçylyk sungatyny öz perzentlerine geçirenleriň biri-de Öre şyhdyr. Ol diňe bir öz perzentlerine däl, eýsem, olardan başga-da birnäçe şägirtleri ýetişdiren halypalaryň biri hökmünde bellidir. Öre şyh Daşoguz welaýatynyň häzirki Akdepe etrabynyň Köpükli obasynda Käbe şyhyň maşgalasynda 1893-nji ýylda dünýä inýär. Maşgalada ol dördünji çagady. Käbe şyhyň özi bagşy-sazanda bolmandyr. Ýöne ol, ogly Örede çagalykdan başlap aýdym-saza bolan höwesini, üýtgeşik ýatkeşligiň barlygyny duýup, ony goldapdyr. Öre obalarynda toý bolsa dagy, bagşynyň gapdalyndan turman diňlär eken. Ol bir eşiden aýdymyny, dessanyny ýatda saklamagy başarypdyr. Şonuň üçin kakasy ogluna dutar alyp berip, bagşa şägirtlige beripdir. Öre şyhyň esasy halypasy Sapar süýrentgi bolupdyr. Il arasynda oňa «Gaýnawly bagşy» hem diýlipdir.